Aşgabatda “Türkmen teatr sungaty” festiwaly açyldy

Aşgabat, 21-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda medeni syýasatyň durmuşa geçirilmegine, milli ruhy mirasyň giňden wagyz edilmegine hem-de baýlaşdyrylmagyna uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilýän “Türkmen teatr sungaty” atly festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sahna sungatynyň forumy ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň teatr toparlaryny bir ýere jemledi.
“Türkmen teatr sungaty” festiwalynyň geçirilmegi milli medeniýeti kämilleşdirmäge, onuň döredijilik ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir, çünki teatr watançylyk, gözellik we ahlak taýdan terbiýe bermegiň möhüm wezipesini ýerine ýetirýär, halkara medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär. Diýarymyzyň sahna sungatynyň wekilleriniň duşuşygy tejribe alyşmagy hem göz öňünde tutýar, ol teatrlaryň ýaş artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň, sahna medeniýetiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.
Festiwalyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda boldy.
Forum başlamazyndan ozal, oňa gatnaşyjylar Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň taryhy binasyndan ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň öňündäki meýdança tarap dabaraly ýöriş bilen geçip, sahna sungatynyň däpleriniň dowamatlylygyny özboluşly beýan etdiler. Baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada teatr gözden geçirilişine gatnaşyjy toparlary tomaşaçylar gutladylar. Şunda artistler ýörite taýýarlanan, teatrlaryň döredijilik aýratynlyklaryny beýan edýän özboluşly sahna çykyşlaryny görkezdiler.
Baýramçylyk dabarasy bu ýerde sahnalaşdyrylan teatr sungatynyň nyşany hasaplanýan Melpomena ybadathanasynyň girelgesiniň ýanynda dowam edýär, şol ýerde baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylary milli we dünýä dramaturgiýasynyň nusgawy eserleriniň gahrymanlary garşylaýar. Myhmanlary ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň artistleri türkmen halkynyň taryhynda uly orun eýelän Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň we Magtymgulynyň keşplerinde garşy alýarlar.
Watanymyzyň teatr sungatynyň şöhratly taryhyna we şu gününe syýahat teatryň eýwanynda dowam edýär, şol ýerde guralan sergide meşhur türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň eserleri hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň, teatr suratkeşleriniň işleri görkezildi. Sergi gymmatlyklarynyň hatarynda türkmen kino we teatr sungatynyň ajaýyp wekilleriniň portretleri, kinofilmleriň böleklerinden hem-de spektakllaryň sahna bezeglerinden köp sanly görnüşler bar. Baýramçylyk sergisinde teatr egin-eşikleri, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, sahna bezeginiň görnüşleri görkezildi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna we milli medeniýetimize, sungatymyza bagyşlanyp, owadan suratlar bilen bezelen önümlere, şeýle-de meşhur bagşy-sazandalaryň çykyşlarynyň, spektakllaryň ýazgylary bolan sesli hem-de şekilli gymmatlyklara aýratyn orun berildi. Teatryň sahnasynda aýdym-sazly edebi kompozisiýa arkaly taryhy akymyň üznüksizdigi, ata Watanymyzyň şöhratly geçmişini, bagtyýar şu gününi we nurana geljegini baglanyşdyrýan ruhy däpleriň dowamat-dowamdygy baradaky çykyşlar görkezildi.
Artistler üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde milli medeni mirasymyzy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan işleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp etdiler. Bu sahna eseriniň özboluşlylygy, şol sanda aýdym-sazly horeografik kompozisiýadaky äpet globus Diýarymyzyň teatr sungatynyň halkara ulgamdaky ähmiýetli ornuny, döwletleriň hem-de halklaryň medeni-ynsanperwer ugurda özara baýlaşmagyna goşandyny, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilişini görkezdi. Dabaranyň bu özboluşly sahna çykyşy tutuş dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we bagtyýarlygyň bähbidine guralan teatr festiwalyny geçirmegiň esasynda goýlan maksadyň ynsanperwer ugruny äşgär etdi.
Hökümet agzalarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de paýtagtymyzyň ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlarynyňdyr talyplarynyň ýygnanan teatrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmen teatr sungaty” atly festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz ajaýyp bahar paslynda geçirilýän bu sungat baýramynyň milli teatr sungatymyzyň, köp müňýyllyk taryhly medeniýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goldaw berjekdigine pugta ynam bildirdi.
“Sahnalaşdyrylýan eserler bu günki gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen öňe — beýik geljege barýandygyny alamatlandyrýar, jemgyýetçilik durmuşyna täze öwüşgin çaýýar, belent maksatlara ruhlandyrýar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar. Olar geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri bolup hyzmat edýär. Köpasyrlyk milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny açyp görkezýär, türkmen sungatynyň dünýä teatr sungatynyň ösüşindäki ornuny aýdyň kesgitleýär” diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy bu ýere ýygnananlar tarapyndan joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra görkezilen wideoşekiller ýurdumyzda teatr sungatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleri beýan etdi. Häzir Türkmenistanda döwlet teatrlarynyň 10-sy, şol sanda paýtagtymyzda 6 we welaýatlarda 4 teatr hereket edýär. Iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ajaýyp binalar teatr toparlaryna tehniki taýdan islendik çylşyrymly sahna eserlerini goýmaga mümkinçilik berýär. Milli teatrlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly mesele döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.
Teatrlaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, sahnalaşdyrylan iri çykyşlary guramaga niýetlenen täze binalaryň gurluşygy dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde drama teatrynyň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny ýatlamak ýerliklidir. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan medeniýet ulgamynyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Şu ýyl “Teatr we teatr işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.
Häzirki zaman türkmen teatrynyň özboluşlylygy milli dramaturgiýa berilýän üns, gahrymanyň tomaşaça teatr dilinde ýüzlenmäge çalyşmagy bilen häsiýetlendirilip, umumadamzat derejesindäki meseleleri gozgaýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň halkara giňişlikde ykrar edilen parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, şol sanda goňşy ýurtlar we dünýäniň beýleki hyzmatdaş döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, “Dostluk” ordeni bilen sylaglanandygyny nygtamak gerek. Döwlet Baştutanymyz bu sylaga Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşandy üçin mynasyp boldy.
Bu sylag däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň, Diýarymyzda durmuşa geçirilýän hem-de dünýäde onuň abraýyny belende galdyran parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen-rus gatnaşyklarynyň mizemezdigi barada aýdylanda, bu dostlukly ýurt bilen ähli ugurlarda, şol sanda medeni ulgamda hem hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellemek gerek. Aşgabatda “Türkmen teatr sungaty” festiwalyna badalga berlen günde paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň alyp barýan işlerini ýatlamak ýerlikli bolar. Bu teatrda milli we dünýä edebiýatynyň, şol sanda rus edebiýatynyň nusgawy eserleri, çagalara niýetlenilen ertekiler sahnalaşdyrylýar. Teatryň agzybir, zehinli artistleri keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip, ýokary baha mynasyp bolýarlar. Şoňa görä-de, bu teatryň sahnasynda görkezilýän oýunlar hemişe köp adamly. Olar ýurdumyzda geçirilýän iri çärelere-de yzygiderli gatnaşýarlar. Hemişe bolşy ýaly, olar “Türkmen teatr sungaty” festiwalynyň dowamynda-da tomaşaçylary öz çykyşlary bilen begendirmegi maksat edinýärler.
Ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnalaşdyran çykyşlarynyň hatarynda görnüşi we çeperçiligi taýdan dürli-dürli oýunlar bar, şol sahna eserlerini döredijileri sahnada türkmenistanlylaryň şu günki nesliniň başdan geçirýän duýgularyny we tolgunmalaryny beýan etmek, halkymyzyň şöhratly geçmişini, bagtyýar şu gününi, nurana geljegini baglanyşdyrýan mizemez ruhy bitewüligi görkezmek bilen bagly maksat birleşdirýär. Türkmenistanda milli teatr sungaty kemala geldi, dünýäde türkmen medeniýetini wagyz etmäge hem-de şan-şöhratyny artdyrmaga uly goşant goşan režissýorlaryň, artistleriň tutuş nesli ýetişdi. Diýarymyzyň teatr toparlarynyň iri halkara festiwallarda gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen paýtagtynyň ençeme gezek halkara teatr festiwallarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini aýtmak gerek. Şeýle çäreler dürli halklaryň we ýurtlaryň arasynda döredijilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, teatr sungatynda dünýä täzelikleriniň öwrenilmegine, giňden tejribe alşylmagyna ýardam berýär. Bu barada daşary ýurtly kärdeşleri türkmen artistlerine sanly ulgam arkaly beýan eden gutlaglarynda bellediler, olar birnäçe gezek Aşgabatda geçirilen döredijilik forumlaryna gatnaşdylar. Aýry-aýry teatr toparlary gutlag hökmünde özboluşly gysgajyk sahna eserlerini görkezdiler. Azerbaýjanyň Döwlet akademiki milli drama teatrynyň çeper ýolbaşçysy öz gutlagynda döredijilik üstünliklerini arzuw etdi. Azerbaýjanyň Döwlet akademiki sazly teatrynyň artistleri türkmen kärdeşlerini döredijilik sowgady bilen begendirdiler. Olara Azerbaýjanyň Döwlet ýaş tomaşaçylar teatry hem goşuldy.
Aşgabat festiwalyna gatnaşyjylara Ermenistan Respublikasynyň K.S.Stanislawskiý adyndaky Rus drama teatrynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň K.Kuanyşbaýew adyndaky Döwlet akademiki sazly drama teatrynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Gyrgyz Respublikasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Döwlet milli rus drama teatrynyň, Russiýanyň Akademiki ýaşlar teatrynyň, Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäheriniň Primorsk ülke ýaşlar drama teatrynyň, Täjigistan Respublikasynyň Döwlet gurjak teatrynyň ýolbaşçylary, Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň artistleri Aşgabada gutlaglaryny iberdiler.
Meşhur türkmen kino we sahna sungatynyň wekillerine bagyşlanan aýdym dabara gatnaşyjylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Ýurdumyzyň nusgawy kino sungatynyň naýbaşy filmlerinden wideoşekiller aýdymyň ruhlandyryjy täsirini has-da artdyrdy, olarda türkmen medeniýetine uly goşant goşan, milli sungatymyzyň şan-şöhratyny Watanymyzyň çäklerinden uzaklarda-da belende göteren zehinli režissýorlaryň we artistleriň keşpleri janlandyrylýar.
Paýtagtymyzyň teatrlarynyň ýolbaşçylary, halypalar daşary ýurtly kärdeşlerine hem-de bu ýere ýygnananlaryň ählisine gutlag bilen ýüzlendiler. Dabaranyň ahyrynda belli aýdymçylar, teatr artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen watançylyk aýdymy ýokary ruhubelentlikde ýaňlandy. Sahna sungatynyň wekilleri döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň medeniýetine berilýän hemişelik üns, netijeli zähmet çekmek hem-de hünär taýdan kämilleşmek ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şunda “Türkmen teatr sungaty” festiwalynyň ýaşlary watansöýüjilik hem-de sagdyn ruhda terbiýelemekde, döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmekde ähmiýetini belläp, özleriniň dürli görnüşli teatr eserlerini tomaşaçylara hödürlemäge taýýardyklaryny aýtdylar, festiwalyň çäklerinde paýtagtymyzyň esasy teatrlarynda 25-nji maýa çenli sahna oýunlary görkeziler.
Teatrlaryň döredijilik toparlarynyň Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyza çäksiz söýgä ýugrulan çuň many-mazmunly, watansöýüjilige ýugrulan eserlerine ýüzlenmekleri nobatdaky forumyň tapawutly aýratynlygydyr. Eýýäm şu gün Türkmen döwlet gurjak teatrynda “Gyzyl alma” atly sahna oýny teatr festiwalyna badalga berdi.
Günüň ikinji ýarymynda tomaşaçylar festiwalda hödürlenen ýene-de bir esere — “Ýürek söýgi küýseýär” diýen sahna oýnuna tomaşa edip, lezzet aldylar. Bu sahna eseri A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda goýuldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda wasp edilýän türkmen halkynyň belent watançylyk ruhy, hoşniýetliligi, zähmetsöýerligi beýan edilýär.
Agşamara tomaşaçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda goýlan “Nuhuň gämisi” atly sahna oýnuna tomaşa etmäge çagyryldy. Bu sahna oýnunyň edebi esasy Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda getirilýän rowaýat esasynda ýazyldy. Nuh baradaky gadymy rowaýat dünýä halklarynyň köpüsinde saklanyp galan edebi ýadygärlik bolup, onda ynsan nesliniň halas edilişi barada gürrüň berilýär. Ynsabyň arassa, kalbyň gözel, arzuwyň päk bolanda, “ynsan” diýen belent ada mynasyp bolarsyň. Ine, sahna oýnunda öňe sürülýän esasy pikir şeýledir. Sahna bezegi bu eseriň many-mazmunyny, gahrymanlaryň hereketleriniň sazlaşygyny has-da artdyrýar. Sungatyň ähli beýleki zatlardan ozal adamlary jebisleşdirýändigini hem-de mertebesini ýokary göterýändigini bu sahna oýunlarynyň üstünligi ýene-de bir gezek tassyklady.
22-nji maýda festiwalyň çäklerinde sahna oýunlarynyň 3-si görkeziler. Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly drama teatry “Ygrar ataşy” atly eserini tomaşaçylara hödürlär. Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda bolsa Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan “Baýram han Türkmen” atly sahna oýnunyň görkezilişi bolar, bu meşhur serkerdäniň hem-de şahyryň keşbi medeniýet işgärleriniň ençeme neslini döredijilik ylhamyna ruhlandyrýar.
Ýurdumyzyň Baş drama teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserinde beýan edilýän rowaýatyň äheňlerinde meşhur serkerde hem-de watançy Jelaleddin Türkmeniň ykbaly barada gürrüň berýän “Watan buýsanjy — Jelaleddin soltan” sahna oýny görkeziler. Bu eserde halkyň jebisligi, Watanyň üstüne howp abananda ony goramakda Jelaleddin Türkmeniň görkezen gahrymançylygy wasp edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda hem-de onuň äheňleri esasynda döredilen sahna eserinde türkmen halkynyň şöhratly taryhynda öçmejek yz galdyran Muhammet şanyň, Türkan hatynyň, Demir Mäligiň, Ynaljygyň, Mahynuruň, Aýçeçegiň we beýlekileriň ajaýyp keşpleri janlandyrylýar.
Teatr sungaty eserleriniň gözden geçirilişiniň çäklerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň “Türkmeniň ýoly” atly sahna eseri bilen tanşyp bilerler. Bu eserde Watanyny, ar-namysyny hem-de mertebesini, ruhy gymmatlyklaryny ähli zatdan ýokary goýan gadymy halkymyzyň geçen şöhratly durmuş ýoly barada gürrüň berilýär.
Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň “Ene”, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynyň “Mertler Watany beýgeldýär”, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň “Türkmen sahysy” atly sahna oýunlary hem Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde getirilýän rowaýatdyr hekaýatlaryň esasynda goýuldy.
Forumyň çäklerinde döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylarynyň we teatr işgärleriniň täze taryhy döwürde türkmen sahna sungatyny ösdürmegiň ugurlaryna, onuň dünýä meýillerine, häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornuna bagyşlanan iş maslahaty geçiriler, “Teatr — döwrüň ruhy aýnasy” mowzugy bilen ussatlyk sapagy guralar. 25-nji maýda bolsa Baş drama teatrynda “Türkmen teatr sungaty” atly festiwalyň jemi jemlener.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.