Türkmenistanda dostlukly döwletiň Baştutany hatyralandy

Aşgabat — Gökdepe etraby, 20nji maý (TDH). Şu gün Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.
Ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, hajy Arkadagymyz ir bilen Köşidäki metjide geldi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň, din wekilleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde we asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk däpdessurlarymyzy wagyz etmekde uly işleri bitirýändiklerini kanagatlanma bilen belle-di. Şeýlede Arkadagymyz her welaýatyň bir etrabynda metjit gurmak boýunça edilýän işler bilen gyzyklandy.
Hormatly ýaşulular häzirki döwürde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, ýurdumyzyň abadançylygy, şeýlede türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza hemde Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra BAEniň merhum Prezidentiniň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagy dileg edilip, keramatly Gurhandan süreler okaldy.
Dogadileglerden soňra, hajy Arkadagymyz ýurdumyzda ýagşy dessurlaryň mundan beýläkde döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegi, ýaş nesilleriň şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän tagallalaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzda milli däpdessurlaryň ösdürilmegi, nesilleriň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly kemala gelmegi üçin aýratyn ähmiýetlidir.
Hajy Arkadagymyz bu ýerdäki gürrüňdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň din wekilleriniň alyp barýan işleriniň edepterbiýe babatda nusgalyk bolmalydygyny, şol bir wagtyň özünde milli lybas-laryň halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgelerine we onuň ýagşy dessurlaryna kybap gelmegi bilen bag-lanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz edilen dogadilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny di-leg edip, bu ýerden ugrady.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, hajy Arkadagymyz Gökdepe metjidine geldi we bu ýerde geçirilýän sadaka gatnaşmak üçin gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen gürrüňdeş bolup, özüniň BAEniň merhum Prezidentiniň aradan çykmagy zerarly geçirilen hatyra çärelerine gatnaşandygy-ny we ýurdumyzda Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününi geçirmek barada razylyk alandygyny aýdyp, şu gün merhumy hatyralap, sadakalaryň berilýändigini belledi.
Dostlukly ýurduň ilçisi BAEniň merhum Prezidentine bildirilýän hatyra üçin tüýs ýürekden hoşal-lygyny beýan edip, bu çözgüdiň belent ynsanperwerligiň nyşanydygyny aýratyn nygtady.
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi BAEniň merhum Prezidentini ýatlap doga okady we Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilen hatyra çärelerinde edi-len dogadilegleriň, berlen sadakalaryň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny, merhumyň ja-ýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny dileg etdi.
Türkmenistanyň müftüsi asylly ýörelgeleriň rowaçlanmagy ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla ed-ýändikleri üçin hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde hal-kymyzyň döreden milli gymmatlyklaryny we ýagşy däpdessurlaryny wagyz etmek boýunça dur-muşa geçirilýän çäreler barada gürrüň edildi. Şeýlede Gahryman Arkadagymyz BAEniň merhum Prezidentiniň türkmen halky üçin bitiren hyzmatlaryny ýatlap, berilýän sadakalaryň kabul bolma-gyny dileg etdi.
...Sadakanyň öňüsyrasynda milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy baradaky habary gynanç duýgusy bilen kabul edendiklerini hemde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň ara-dan çykmagy zerarly geçirilen hatyra çärelerine gatnaşandygyny belledi. Bu ýurduň döwlet ýol-başçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň we tutuş türkmen halkynyň adyndan gynanç bildirildi, medet beriji sözler ýetirildi.
Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy diňe bir bu ýurduň halky üçin däl, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem uly ýitgi boldy. Ol ýaşan manyly ömründe haýyrly we ynsanperwer işleri bitirdi, tutuş yslam dünýäsinde öçmejek yz goýdy diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başly-gy nygtady.
Doganymyz Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň Garaşsyz Watanymyz üçin hem bitiren işleri-ni, beren hemaýatgoldawlaryny çuňňur kanagatlanma bilen ýatlaýarys diýip, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidentiniň paýtagtymyzdaky metjidiň, Döwletliler köş-güniň, «Ene mähri» hemde Halkara iç keselleri merkezleriniň gurulmagynda, Arçman şypahanasy-nyň döwrebap ýagdaýa getirilmeginde, Maryda çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda aýratyn uly tagallasy bar. Ol paýtagtymyz-daky Döwletliler köşgüne yzygiderli haýyrsahawat goldawlaryny berýärdi. Halkymyz hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, dostdoganlygyň aýdyň nyşany bolan bu işleri hemişe ýagşylykda ýatlaýar.
Saparyň dowamynda biz, razylyk berlen ýagdaýynda, ýurdumyzda doganym Şeýh Halifa bin Za-ýed Al Nahaýýanyň belli gününi bellemekçidigimizi aýtdyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ine, şu günem biz halkymyzyň mukaddes däplerine eýerip, Gökdepe metjidinde, Köşidäki metjitde we Döwletliler köşgünde Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasyny berýäris.
Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan görnükli, örän parasatly döwlet Baştutany hökmünde Ýer ýüzüne görelde boldy. Ol Birleşen Arap Emirlikleriniň pajarlap ösmegine saldamly goşant goşdy. Onuň sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda bitiren uly işleri bellenilmäge myna-sypdyr. Dünýä ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmeginde Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidenti aýratyn tagalla etdi. Türkmenistan üçin Birleşen Arap Emirlikleri ygtybarly hyzmatdaş, ýürekdeş dostdur diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi hemde ýola goýlan asylly däpleriň dowam etdirilip, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläkde yzygiderli ösdüriljekdigini nygtady.
Biz saparyň dowamynda dünýädäki ajaýyp metjitleriň biri bolan Şeýh Zaýed metjidine baryp, Birleşen Arap Emirliklerini esaslandyran Şeýh Zaýed bin Soltan Al Nahaýýanyň aramgähine zy-ýarat etdik, merhumyň hormatyna aýatdoga okadyk diýip, hajy Arkadagymyz aýtdy we ol ýerde türkmen tarapyna bu metjit barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän hemde dünýädäki metjitler barada gürrüň berýän kitaplaryň gowşurylandygyny belledi.
Elbetde, adam ömrüniň uzynlygy ýaşalan ýyllar bilen, onuň manymazmuny bolsa bitirilen işler bi-len ölçenilýär. Beýik işleri bitirenler hakydada hemişelik galýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Prezidenti Şeýh Halifa bin Za-ýed Al Nahaýýanyň eden ýagşylyklarynyň, haýyr işleriniň hem hiç wagt unudylmajakdygyna, onuň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljek nesilleriň kalbynda ebedilik galjakdygyna ynam bil-dirdi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp ber-megini haýyş etdi. Ýurdumyzyň müftüsi tebärek çykdy, soňra nahar çekildi.
Sadakanyň ahyrynda hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara we il-deşlerimize ýüzlenip: “Goý, bu günki okalan aýatlar, edilen dogadilegler Allatagalanyň dergähin-de kabul bolsun! Merhumyň jaýy jennet bolsun! Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Birleşen Arap Emirlikleriniň halkyna ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin! Merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!” diýdi.
Soňra hajy Arkadagymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
                                                        ***
Şu gün Köşidäki metjitde hem BAEniň merhum Prezidentini hatyralap, sadaka berildi. Oňa gat-naşanlar iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, umuman, sebitde parahat-çylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegi ugrunda aýratyn tagalla eden BAEniň merhum döwlet Baştutanynyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileg etdiler.
Häzirki döwürde ýurdumyzda asylly işleriň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns be-rilýär. Hususanda, haýyrsahawat çäreleri ýurdumyzyň hemde halkymyzyň durmuşynda wajyp or-ny eýeleýär. Bu bolsa gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan asylly ýörelgeleriň döwrebap de-rejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Köşidäki metjitde okalan juma namazynda ýurdumyzda alnyp barylýan asylly işleriň rowaç alma-gy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegi dileg edildi. Bu bolsa hajy Arka-dagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi-ne, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine goşant goşan şahsy-ýetlere uly hormat bildirýändigini görkezýär.
Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde merhumy ýatlap, günortanlyk na-hary berildi. Hormatly Arkadagymyzyň ýazan eserleri üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasa-byna geçirilen sadakalar we berlen günortanlyk nahary BAEniň merhum Prezidentine, umuman, dostlukly ýurda bildirilýän hormatyň aýdyň nyşany boldy. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň haýyrsahawat çärelerine gatnaşyp, olarda bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere bolan söýginiň berkidilmegi üçin zerur tagallalaryň edilýändigini görkezýär.
Şeýlelikde, Döwletliler köşgünde berlen günortanlyk naharyna gatnaşanlar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleriň geçirilýändigi üçin hajy Arkadagymyza hemde Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.