Taryhyň ençeme wakalarynyň şaýady bolan gadymy Kerki şäheriniň täze keşbine gelşik berýän binalaryň sany ýene-de artdy. Türkmenabat şäherindäki «Türkmendemirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary bu ýerde Kerki etrap kazyýetiniň täze edara binasyny gurup, ulanmaga tabşyrdylar.
Daş-töweregi baglyk bu bina ýörite bölünip berlen bir gektar meýdanyň merkezinde ýerleşýär. Iki gatdan ybarat bolan binanyň içindäki ähli otaglar we mejlisler zaly kompýuterler hem-de beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilipdir. Binanyň içine giren ýeriňde Gahryman Arkadagymyzyň: «Diňe işini gowy bilýän, kanunyň goragynda ygtybarly duran, halal we arassa adamlar kazy diýen belent ada mynasyp bolmalydyr» diýen sözleri görnükli edilip ýazylypdyr. Onda zähmet çekjek kazyýet işgärleri «Galkynyş» otagyna baryp, hukuk ulgamyna degişli ähli edebiýatlar we gollanmalar, hormatly Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplary bilen tanşyp bilerler. Binanyň birinji gatynda sport zaly hem göz öňünde tutulypdyr.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler şeýle döwrebap binany gurduryp, öz halkyna peşgeş berýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.