Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Balkan welaýatynyň kärhanalarynyň zähmet toparlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe mynasyp sowgatly geldiler. Muňa düýn Türkmenbaşy etrabynyň merkezinden geçýän Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň üstünden awtoulaglaryň gatnawy üçin gurlan täze köpriniň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem güwä geçýär. Bu dabara Balkan welaýat, Türkmenbaşy etrap we şäher häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, demirýolçulardyr awtotransport işgärleri, sungat ussatlarydyr köp sanly ýerli ýaşaýjylar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Täze köpri Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzda ulag-logistika ulgamyny dünýä derejesine çykarmak ýaly möhüm işiň dowamat tapýandygynyň hem güwäsine öwrüldi.
Hazar deňziniň mawy giňişlikleridir Guba dagyň belent gerişleriniň aralygyndan geçýän demir ýoluň üstünden gurlan bu köpri künjegiň ajaýyp keşbini has hem nurana görnüşe getirdi. Bu ýerde Balkan welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň ýaýbaňlandyran çykyşlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklary, Gündogar bazarlarynyň görnüşi ussatlyk bilen janlandyryldy. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda Arkadagly Serdarymyzyň, berkarar döwletimiziň, merdana hem bagtyýar halkymyzyň, Esasy Kanunymyzyň, mukaddes ýaşyl Tugumyzyň, halal zähmetiň, tebigat gözellikleriniň waspy öz mynasyp beýanyny tapdy.
Balkan welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň Awtomobil ýollary gurmak we ulanmak boýunça gözegçilik edarasynyň buýurmasy esasynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň Köpri gurluşyk müdirligi tarapyndan bina edilen bu täze desga ähli babatda dünýä hil ülňülerine doly gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar. Desganyň gurluşygynda daşary ýurtlardan satyn alnan dürli görnüşli kuwwatly tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanyldy. Uzynlygy 60 metre, ini 32,5 metre, beýikligi bolsa 11 metre deň bolan köpri demir ýol we awtotransport ulaglarynyň biri-birlerine päsgelçilik döretmezden, bökdençsiz gatnawlaryny üpjün etmekde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Ikitaraplaýyn gatnawy, üpjün etmäge mümkinçiligi bolan köpriniň her tarapynyň ini 13,25 metre deň bolup, ol ýollaryň her biri birbada awtoulaglaryň üçüsiniň ýanaşyk hereket etmegine mümkinçilik berýär. Köpriniň iki gapdalyndaky her biriniň ini iki metre deň bolan ýanýollar bolsa pyýadalar üçin zerur amatlyklary döredýär. Desganyň üstünde oturdylan yşyklandyryş sütünleri onuň gijeki görnüşine aýratyn gözellik eçilýär. Täze köpri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän gämilere ýük ýüklemek we düşürmek işlerini amala aşyrýan, şonuň ýaly-da, kenarýaka şähere gelip-gidýän köp sanly awtoulag serişdeleriniň hereketleriniň bökdençsiz ýola goýulmagynda hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Şeýle möhüm ýol desgasynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ata-babalarymyzdan miras galan ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleri mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyza il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli amala aşyrýan beýik işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler. Ajaýyp köpriniň gurluşygynda göreldeli zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Soňra il içinde sylag-sarpanyň eýesi bolan ýaşulularyň ak patasy bilen toý bagy kesilip, köpriniň işine ak pata berildi. Bu desganyň üstünden ilkinji bolup, şu gün nika toýuny tutýan ýaşlaryň gelnalyjy kerweniniň, bäbekhanadan täze dünýä inen çagany alyp gelýän awtoulaglaryň geçmegi hem çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Şondan soň ýeňil we ýük awtoulaglarynyň hereketine giň gerim berildi.
— Ýol çekmek, köpri gurmak — ata-baba iň asylly däplerimiziň biri. Halkymyz ýola uly keramat hökmünde seredýär. Uzak ýola barýan ýolagça ýa-da döwletli işiň başyny başlan adama hem ak ýol arzuw edilýär. Ýol döwletleriň we halklaryň özara gatnaşyklaryny hem üpjün edýär. Adamlaryň agzybir, jebis ýaşamagy ýa-da öz öňlerinde goýan maksatlaryny hasyl etmegi, uzak menzillere tiz we asuda-abadan barmagy üçin ýoluň gadyr-gymmaty örän uludyr. Men şu günki ulanyşa tabşyrylan täze köpriniň gurluşygyna gatnaşyp, halal zähmetim bilen hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgadyna mynasyp bolandygym üçin özümi juda bagtly saýýaryn. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! — diýip, “Balkanýolgurluşyk” müdirliginiň ýol işçisi Hajynur Hajyýarow buýsanç bilen gürrüň berdi.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.