Bagt kanuny, bakylygyň baýdagy

Döwlet senasyndaky: «Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur, //Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde» diýen sözler halkyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana mizemez söýgüsi bolup ýaňlanýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki belent abraýyna buýsanjy bolup ýaňlanýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljegine synmajak ynamy bolup ýaňlanýar.
Dünýäde iki ýüz çemesi döwlet bar. Olaryň hersiniň öz baýdagy bar. Ol baýdaklar şol halklaryň döwletliligini, maksat-myradyny aýan edýärler. Adamzat döräp, Ýer ýüzünde müňlerçe, belki, ondan-da köp baýdak dörändir. Olaryň örän köpüsi taryh bolup yzda galypdyr.
Türkmeniň döwletlilik baýdagy! Ol asyrlar, müňýyllyklar aşyp, ýene belentde pasyrdaýar. Dünýäde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan atly beýik döwletiň bardygyny dyngysyz ýatladyp pasyrdaýar. Ýaşaýyş bolup, agzybirlik bolup, bitewülik bolup, erkanalyk bolup pasyrdaýar. Biziň ilden dünýä illerine parahatçylyk sazyny ýetirip pasyrdaýar. Türkmen topragynyň baýlyk-berekedi hakyndaky, milletiň geçmişden şu güne, şu günden geljege uzaýan ýoly hakyndaky aýdym bolup pasyrdaýar...
Bu baýdak Oguz han atamyzdan bäri türkmen ykbalyny, türkmen ahwalyny, türkmen arzuw-islegini Zeminden asmana ýetirip gelýär. Şunça wagt ara düşüp, şunça uzak hem çylşyrymly ýol geçilip, onuň ýene Gün deňine göterilmesi nämäniň alamaty? Milletiň tutan işiniň hemişe hak bolandygynyň alamaty! Şonuň üçin bu milleti Haktagalanyň hemişe goldap gelendiginiň alamaty! Dünýäde hasapsyz zat ýok.
Toýlary toýlara ulaşýan ýurdumyzda ýene uly toý. Onda-da goşa toý! Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni! Iki mukaddesligiň toýunyň bile gelmeginden çuňňur many tapyp bolar: bularyň ikisi-de döwlet nyşanlary we bularyň ikisi-de bir many-mazmunda, bir uly maksatda birleşýär! Bularyň ikisi-de şanly geçmişimizden güýç alyp döredi. Bularyň ikisi-de döwrümiziň belentligini, agzybirligimizi, abraý-mertebämizi jahana ýaýýar. Bularyň ikisi-de geljegimiziň nuranalygyny alamatlandyrýar.
Esasy Kanunymyz öz ykbalymyzy kesgitlemek baradaky mizemez hukugymyzdyr. Watanymyzyň şu güni we geljegi üçin jogapkärçiligimizdir. Ata-babalarymyzyň agzybir, parahat, oňşukly ýaşamak baradaky wesýetlerine ygrarlydygymyzdyr. Milli gymmatlyklarymyzy, milli bähbitlerimizi gorap saklamak, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmak ugrundaky beýik maksatlarymyzdyr. Her bir adamyň, her bir raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmek, jemgyýetde asudalygy, agzybirligi üpjün etmek, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmek babatdaky tagallalarymyzdyr.
Esasy Kanunymyzda: “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen beýik parasady bilen birleşýär. Arkadagly Serdarymyzyň: “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen beýik parasady bilen birleşýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmäge uly güýç berildi. Milletiň ruhy-ahlak ýörelgelerini dikeltmek, ösdürmek işine aýratyn üns çekildi. Munuň özi jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzyň düýpli täzelenmegine getirdi. Şoňa görä, döwletimiziň kanunçylyk esasy kämilleşdirildi. Täze konstitusion kadalar işlenilip taýýarlanyldy. Durmuşymyz barha öňe gitdi, dünýäniň iň gowy tejribeleri çuňňur öwrenildi. Ata-baba tejribeler barha aýdyň ýüze çykaryldy. Netijede, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip gelindi. Türkmen parlamentiniň işi yzygiderli kämilleşdirildi. Işiň iki palataly görnüşine geçilmegi netijesinde onuň ygtyýarlyklary, san taýdan düzümi ep-esli giňeldildi.
Gahryman Arkadagymyz, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyndaky çykyşynda biziň parlamentimiziň diňe bir häkimiýetiň kanun çykaryjy şahasy bolmak bilen çäklenmeýändigini, onuň türkmen halkynyň köki-damary bolan, asyrlaryň synagyndan geçen taryhy däp-dessurlaryny dowam etdirijidigini nygtady. Şunuň bilen baglanyşykly örän möhüm bir ýagdaý barada aýtmak isleýäris. Hawa, Garaşsyzlyk ýyllarynda parlamentarizmi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna üns berlip gelindi. Şolaryň birine aýratyn ünsi çekmek isleýäris. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň biziň ösüş ýolumyzyň bütin ulgamynda bolşy ýaly, kanunçylyk binýadymyzy berkitmek, beýgeltmek işinde hem, ozaly bilen, çuňňur köklere, onda-da milli köklere aýratyn üns berip gelendigi baradaky ýalkymly hakykatdyr. Biziň milli kanunçylyk ulgamymyz hut şu köklere daýanyp ösdi, häzirki derejesine ýetdi. Dünýäde doly ykrar edildi we dünýä bilen gatnaşyklarda, dünýäde rahat durmuşy, adalatly ýörelgeleri berkarar etmekde onuň öz orny bar. Milli Liderimiziň kitaplarynda hem şu meselä gaýta-gaýta ýüzlenilýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyndaky çykyşynda hem Gahryman Arkadagymyz bu barada ýatlady. “Hawa, türkmen parlamenti Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaşdyr. Ýöne biziň parlamentarizmimiziň many-mazmuny we häsiýeti asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar” diýdi.
Elbetde, milli parlamentimiz, ösüşi hem abadançylygy ileri tutýan çuňňur demokratik ýörelgelerimiz baradaky kanunçylyk tertibi Esasy Kanunymyzyň kadalary bilen berkidilendir. Biziň telim müňýyllyk tejribämizi, zehinimiziň ýitiligini, paýhasymyzyň durulygyny, duýgy-düşünjelerimizi, maksat-myratlarymyzy öz keşbinde jemlän baýdagymyz hem erkana pasyrdap, şular barada owaz edýändir. Esasy Kanunymyzyň mazmunyndan milli demokratik ýörelgelerimiz barha we barha aýdyň açylýandyr. Şonuň üçin ol biziň Konstitusiýamyzdyr! Döwlet baýdagymyzyň keşbinden biziň milli demokratik häsiýetlerimiz, ynsanperwerlik, watançylyk ýörelgelerimiz görnüp durandyr. Şonuň üçin ol biziň baýdagymyzdyr.
Biz Bagt Kanunymyza — Konstitusiýamyza guwanýarys.
Biz berkarar döwletimize buýsanjymyz bolup pasyrdaýan ýaşyl baýdagymyza guwanýarys.
Biz Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bitirilen taryhy işlere guwanýarys.
Biz Arkadagly Serdarymyzyň daşynda berkden-berk jebisleşendigimiz bilen güýçlüdigimize düşünýäris. Hormatly Prezidentimize beýik özgertmeleri mynasyp dowam etdiriji hökmünde her demde rowaçlyklary arzuw edýäris.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, ýaşyl tuguň astynda özüniň iň täze taryhyny döredýär, abadançylygyň hem ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.
Bu mukaddes ýoldur, beýik ykbaldyr! Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana mundan beýlägem şan-şöhrat getirjek nurana ýoldur, ajap ykbaldyr!
Dünýäniň öňünde baýdagyň mydama belent bolsun, eziz Türkmenistanymyz!
Ömrüňiz uzak bolsun, Gahryman hem mähriban Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz!
Akmyrat HOJANYÝAZ.
“Türkmenistan”.