Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby rus dilinde neşir edildi

Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Ol Arkadagymyza goýulýan uly hormatyň hem-de köpugurly döwlet, syýasy, ylmy we medeni işlerde bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dabara Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda çapdan çykan nobatdaky eseri ildeşlerimize Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki 30 ýyl üçin öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ruhy gollanma boldy.
Dabarada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin çykyş edip, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidigini, onuň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi, hormat goýmagy pugtalandyrmagyň, rowaçlygyň hem-de abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýlary döretmegiň möhüm şertidigini belledi.
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly edebi döredijiliginde türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu eserler halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýär. Täze edebi-filosofik eserde Gahryman Arkadagymyzyň ömür menzilleri baradaky ýatlamalarynyň, gymmatly pikirleriniň jemlenendigi bellenildi. Şeýle-de kitapda ýurdumyzyň taryhyna, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza we asylly däp-dessurlarymyza aýratyn orun berilýär. “Ömrümiň manysy” atly kitabyň rus diline terjime edilmegi bilen, dostlukly ýurduň jemgyýetçiligi Türkmenistany has gowy tanamaga mümkinçilik alar.
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German çykyşynda kitapda diňe bir Türkmenistanyň mirasy hakynda däl, eýsem, häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri barada-da gürrüň berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, täze neşiriň okyjylara Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki alyp barýan işlerinde haýsy ýörelgelere eýerýändigine, maksatlaryna hem-de wezipelerine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýändigine üns çekildi.
Dabara gatnaşyjylar Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eseriniň türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, milli medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary hem-de durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan saldamly goşandyna düşünmäge ýardam edýändigini aýratyn bellediler. Geçmiş häzirki döwre gulluk edýär hem-de şu günüň we geljegiň gymmatlyklaryna has doly, aýdyň düşünmäge ýardam berýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, görnükli syýasatçy we alym Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň geçen ýoluna, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyna, ýurdumyzyň häzirki gününe baha bermekde hut şu garaýyşlardan ugur alýar. Kitap “Ýaşaýyş medeniýeti”, “Ynanç hakynda söz”, “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge”, “Gadymyýete nazar”, “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” atly bölümlerden ybaratdyr.
Dabara gatnaşyjylar täze eseriň ýokary çeperçilik aýratynlyklaryny bellediler. Kitap mowzuklaryň köpdürlüligi, diliniň baýlygy we düşnükliligi, görnükli taryhy şahslaryň, filosoflaryň parasatly jümleleriniň getirilmegi bilen tapawutlanýar. Bularyň ählisi türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge ýardam berýän eseriň gymmatyny we ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle-de kitapda halkyň döreden rowaýatlarynda şöhratly pederlerimiziň wesýetleriniň bardygy barada aýdylýar. Halkymyzyň nakyllarydyr atalar sözleri, parasatly jümleleri jemgyýetimizde asylly ýörelgeleri, ýagşy başlangyçlary berkarar etmek üçin gural bolup hyzmat edýär. Şolaryň ussatlyk bilen ulanylmagy bolsa, eseriň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.
Arkadagymyzyň filosofik garaýyşlary ene-ata bolan söýginiň hem-de minnetdarlygyň, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygyň üsti bilen açylýar. Bu garaýyşlar köp babatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşda ýolgörkezijisi boldy. Täze neşiriň, ilkinji nobatda, ýaş nesil üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Bu kitabyň pederleriň mirasyna aýawly garaýan türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine ýardam berjekdigi bellenildi. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu eser ylmy-barlag işlerini alyp barýanlar üçin hem aýratyn gymmatlydyr.
Täze neşiriň rus dilinde çapdan çykmagy ýyl-ýyldan pugtalandyrylýan türkmen-rus hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka bolup, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan saldamly goşandynyň ykrarnamasyna öwrüldi.