Aşgabatda geçiriljek iri forumlaryň esasy maksadydyr
Soňky ýyllarda halkara gatnaşyklara we daşary syýasat bilen bagly meselelere işjeň gatnaşmagy bilen, dünýäde parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. Şoňa görä-de, döwletleriň alyp barýan umumy işinde parlament diplomatiýasyna möhüm ähmiýet berilýär. Diplomatiýanyň bu görnüşiniň esasy maksady ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi goldamaga, halk üçin has gowy wekilçiligi amala aşyrmaga, hökümetara institutlaryň demokratik esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir. 12-13-nji maýda paýtagtymyzda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy hem hut şu ugurlarda toplanan tejribäni paýlaşmak, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynda parlamentara gepleşikleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda özboluşly pikir alyşma meýdançasyna öwrüler.
Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentleriniň palatalarynyň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň Baş sekretarynyň hem-de beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda geçiriljek Parlamentara forum oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda parlamentara hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikleri seljermek, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny teklip etmek, parlamentarileriň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky gepleşikleri güýçlendirmek, parlamentara gatnaşyklar, lukmançylyk we ekologiýa diplomatiýalary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda teklipleri işläp taýýarlamak ýaly anyk wezipeleri özünde jemleýär. Şundan ugur alnyp, onuň çäklerinde guraljak umumy mejlislerde, esasan, kanun çykaryjy edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk, lukmançylyk diplomatiýasy hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly 3 ugurda anyk mowzuklar boýunça pikir alyşmalara giň orun berler.
Forumyň gün tertibinde garaljak meseleler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna we bu babatda biziň ýurdumyz tarapyndan halkara derejede öňe sürlen başlangyçlara doly laýyk gelýär. Bu bolsa, öz gezeginde, şol başlangyçlary sebit derejesinde, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde has-da ilerletmäge, olary durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny hünärmenler derejesinde ýakyndan ara alyp maslahatlaşmaga amatly mümkinçilikleri açýar. Çünki çaklamalara görä, tutuş dünýäde möhüm syýasy çözgütleriň kabul edilmeginde parlamentleriň orny diňe ýokarlanmak bilen bolar.
Şu aýdanlarymyzy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň rus neşirleriniň birine beren interwýusynda getirilen mysallar arkaly hem delillendirip bileris. Tejribeli deputatyň pikiriçe, häzirki zaman dünýäsiniň ähli soraglary kimdir biriniň garaýşy däl-de, diňe gepleşikler esasynda çözülmeli. Döwletleriň adaty diplomatiýasynyň üstüni ýetirýän gural hökmünde parlamentara diplomatiýa bolsa şu ugurda deňeçerligi gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Şuny diýmek bilen, Russiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Parlamentara Bileleşige hem-de GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna girýän ýurtlarda hut şeýle meýilleriň hasaba alynýandygyny mysal getirýär. Ýeri gelende bellesek, Aşgabatda geçiriljek nobatdaky foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi-de ýokarda agzalan düzümleriň işine işjeň gatnaşýar. Bu bolsa kanun çykaryjylyk işiniň iň täze meýilleri babatda gazanylanlary düýpli seljermekde, onuň döwletara gatnaşyklara täsirini içgin öwrenmek üçin umumy tagallalary birleşdirmekde hem çäräniň ähmiýetini görnetin artdyrýar.
Häzirki zaman dünýäsinde gender deňligini gazanmak meselesiniň barha giň gerime eýe bolmagy bilen, zenanlar üçin deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün etmek tutuş dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, gender deňligini üpjün etmek boýunça gazanylan üstünlikleri seljermek, sebitiň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň dekabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döredildi. Ol durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak we olaryň başlangyçlaryny goldamak maksadyna gulluk edýän resmi däl birleşme bolup, geçen ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde bu dialogyň mejlisi ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görnüşde geçirildi.
Forumyň dowamynda zenanlaryň hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň beýan edilen netijeleri sebitiň döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy resminamalarynyň ýörelgelerine yzygiderli eýerýändiklerini, zenanlar üçin has amatly durmuş şertlerini döretmäge jogapkärli çemeleşýändiklerini görkezdi. Şundan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy bilen bilelikde bu ýurtlaryň zenanlarynyň dialogyny hem geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Foruma gatnaşyjy döwletleriň biragyzdan goldamagy esasynda ýokary derejede guraljak zenanlaryň dialogy sebitiň zenanlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary has-da ilerletmäge ýardam bermek nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýetli çärä öwrüler.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletlerinde zenanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň amala aşyrylmagynda uly tejribe toplandy. Hususan-da, zenanlaryň döwletiň we jemgyýetiň dolandyryşyna, kanun çykaryjy we hökümet düzümlerine, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, telekeçilik ulgamyna gatnaşmaklary üçin amatly şertleriň döredilmegine has köp üns berilýär. Şoňa görä-de, 13-nji maýda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň plenar mejlisinde jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny barada pikir alyşmalar guralyp, ähli ugurlarda gender deňliginiň üpjün edilişi, zenanlara durmuş goldawy babatda milli tejribelere degişli çykyşlar diňleniler. Munuň özi Merkezi Aziýada we Russiýada aýal-gyzlaryň arasynda gender deňligini öňe sürmek hem-de zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça tagallalary dowam etdirmek, durnukly ösüş, howpsuzlyk, kanun çykaryjylyk, ekologiýa, adam hukuklaryny goramak, deňhukuklylyk, lukmançylyk diplomatiýasy, ylym we bilim babatda özara tejribe alyşmak, sanly tehnologiýalar, telekeçilik, medeniýet, sungat, sport ýaly ulgamlarda alnyp barylýan işlerde zenanlaryň başlangyçlaryny goldamak babatda anyk wezipeleri kesgitlemäge ýardam eder. Dialoga gatnaşyjy zenanlaryň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň hemmetaraplaýyn sebitleýin hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidilmegine goşant goşmaga taýýarlygy bolsa onuň jemleri boýunça kabul ediljek Jarnamada öz beýanyny tapar.
Mahlasy, «Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde geçiriljek bu iri çäreler sebitde hyzmatdaşlygy goldamak, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda parlamentara dialogyň ornuna aýratyn ähmiýet bermek, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen derwaýys çözgütleriň kabul edilmeginde parlamentarilere hem-de zenanlara giň mümkinçilikleri döretmek bilen bagly ugurlarda täze, anyk gözýetimleri açar diýip ynamly aýtmak bolar.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».