Goja esger henizem gullukda

Ol ak mermerli, dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýynyň 3-nji gatynda ýerleşýän öýleriniň açyk duran penjiresinden daşaryny synlap otyrdy. Binanyň daş-töweregindäki ýaşyl zolaga gelip gonýan, ol ýerdäki baglaryň şahasynda erkana saýraşýan guşlaryň sesi, öýüň törki otagyndaky ak sallançakda üwrelýän akja bäbegiň — çowlugynyň jägildisi hyýallary bilen gümra bolup oturan bu gojanyň gulagyna parahatçylygyň owazy bolup eşidilýärdi. Şol owaz hem ýaşula ýalynly ýyllarda galan ýaşlygyny, gowgaly günlerde gören görgülerini ýatladýardy. Olar şol owazy — durmuşyň hoş owazyny goramak üçin göreşipdiler... Söweş ýoly, frontdaş ýoldaşlary bilen bagly hakyda öçmez bolup ýazylan wakalar birin-birin göz öňüne gelýärdi. Birdenem, lukman gyzy Jereniň: «Kaka, çaý goýaýynmy, ajyja gök çaý içjekmi?» diýen sözleri bu goja esgeri — aşgabatly uruş weterany Rejep Gylyjowy pikirlerinden aýňaltdy...
                                                * * *
— Ýaňy 17 ýaşymy doldurypdym. «Uruş başlady» diýdiler. Şondan köp wagt geçmänkä, Wladiwostoga goşun gullugyna alyp gitdiler. Harby deňiz flotuna bardym. Ol ýerde bizi 6 aýlap türgenleşdirdiler. Soňra fronta alyp gitdiler...
1941-nji ýyldan tä 1945-nji ýyla çenli, uruş tamamlanýança söweşdim. Agyr ýaraly bolan döwürlerim hem boldy. 6 aýlap gospitalda ýatdym... Hudaýa ýüzde müň şükür! Ýekeje dilegim bardy. Ol hem dogan-garyndaşlarymy görüp, öz Watanymda, öz topragymda jan bermekdi...
Ýalynly ýyllar boldy. Faşistler tehnika, ýaraga daýanyp, biziňkiler bolsa adamlara daýanyp uruşdy. Bir gün dok, bir gün açdyk. Şeýle kyn günler hem başymyzdan geçdi. Hudaýa şükür, indi asuda, bolelin durmuşda ýaşaýarys. Häzirki ýaly eşretli günleri göreris diýen pikir ýadymyza-oýumyza-da gelmeýärdi. Ýaşasyn hormatly Prezidentimiz! Ýaşasyn Gahryman Arkadagymyz! Biz — weteranlar barada aýratyn alada edilýär. Döwrebap ýaşaýyş jaýyny-da berdiler. Her ýyl Ýeňiş güni bilen gutlap, sowgat-serpaýymyzy ýetirýärler. Ömürleri uzak bolsun! Dünýä hemişe asuda, abadan bolsun! — diýip, 1924-nji ýylda Aşgabatda, köp çagaly maşgalada dünýä inen, indi ýüz ýaşy alkymlap barýan Rejep aga gürrüň berýär.
Uruş weteranynyň edermenlikli söweş ýoly bar. 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda faşistik Germaniýa ähtiýalanlyk bilen çozanda, şol wagtlar 17 ýaşly ýetginjek Rejep Gylyjow «18 ýaşadym» diýýär-de, doganoglanynyň yzysüre urşa gidýär. 1942-nji ýylyň başynda ol fronta, artilleriýa goşunyna düşýär. Ilkinji gezek belarus tokaýynda söweşe girýär. Topçular bölüminiň topar serkerdesi wagty ol agyr ýaralanýar-da, ýarym ýyllap harby hassahanada ýatýar. Saglygyny dikelden esger ýene-de hatara goşulýar. Ol Dneprden söweşip geçmäge gatnaşýar. Şonda ştab naçalnigi Leonid Sabko uly suw päsgelçiliklerinden geçmek boýunça känbir tejribesi bolmadyk türkmenleriň şol söweşde edermenlik we batyrgaýlyk görkezendigini aýratyn belläpdir.
Rejep Gylyjow söweşleriň birinde duşman tankyny uranyna kän wagt geçmänkä, agyr ýaralanýar. Ol harby hassahana nädip düşendigini bilmeýär, ýöne aýagyny aman saklan lukmanlary minnetdarlyk bilen ýatlaýar. Ol 4 aýdan soň ýene-de söweşjeň goşun hataryna gaýdyp gelýär. Uruş döwri kagyzdyr galam gyt bolsa-da, Watan goragçysy öýüne ýygy-ýygydan hat ýazmaga çalşar eken. Rejep aga agyr ýaralanandygyny ejesine aýtmandygyny, sebäbi ony alada goýaryn diýip pikir edendigini gürrüň berýär. Goňşularynyň ejesiniň sözlerinden ýazyp berýän hatlaryny alýan günlerini ol uly baýramçylyk günleri ýaly görendigini ýatlaýar.
Rejep aga söweş ýollarynda Polşany, Çehoslowakiýany, Awstriýany geçýär. Wena 150 kilometr galanda, Ýeňiş hakynda habar gelip gowuşýar...
Rejep Gylyjow birnäçe sylaglara, şol sanda «Watançylyk urşy», «Şöhrat» ordenlerine, dürli medallara mynasyp bolupdyr. Ol Beýik Ýeňiş gazanylandan iki ýyl soňra — 1947-nji ýylda öýüne dolanyp gelipdir. Şondan bir ýyl geçensoň, Aşgabatdaky oba hojalyk institutynda (häzirki Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde) okap ýörkä, 6-njy oktýabrda elhenç ýertitremäniň şaýady bolýar. Şol gün onuň umumy ýaşaýyş jaýynda bir otagda ýaşaýan frontdaş ýoldaşlarynyň ikisi wepat bolupdyr.
1954-nji ýylda Rejep Gylyjow Roza Atlyýewa bilen durmuş gurýar. Olaryň Batyr, Ýolly, Gulmyrat atly ogullary, Zöhre we Jeren diýen gyzlary dünýä inýär. Häzir perzentleriniň hersi bir kärde abraý bilen zähmet çekip ýör. Ýaşulynyň 9 agtygy, 15 çowlugy bar. Nesip edeninden, indi ol ýuwluga-da garaşýar. Rejep aga hemişe öz öňünde maksat goýup ýaşaýandygyny, uzak hem manyly ömürde nebereleriniň bagtyýarlygyna guwanyp ýörmegi uly bagt hasaplap, mydama şeýle gowy arzuwlary ýüreginde göterip gezýändigini aýdýar. Ol uzak ýaşamagyň syryny jan saglygy bilen birlikde, ýurt parahatçylygynda, döwletiň berkararlygynda, durmuşyň abadançylygynda, halkyň agzybirliginde görýändigini nygtap belledi. «Uruş gaty ýowuz bela. Gije-gündiz dilegimiz — parahat durmuş!» diýip, goja esger tolgunma bilen aýtdy.
Durmuşyň köp kynçylyklaryny gören ýaşuly bu günki bagtyýar döwrümizde ýaşlary belent adamkärçilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrunda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp gelýär. Ol Beýik Ýeňşiň 69 we 70 ýyllygy mynasybetli Moskwadaky Gyzyl meýdançada geçirilen dabaraly Harby ýörişlere hem gatnaşypdyr.
                                                * * *
«Parahat durmuşyň, bolçulykly ýaşaýşyň gadyryny biliň, balalarym! Gowy okaň, gowy işläň! Birje döwüm çörege zar bolan wagtymyzam bolupdy. Hiç zady isrip etmäň!» diýip, Rejep aga bu gün hem özüni baýramçylyk bilen gutlamaga gelen agtyk-çowluklaryna öwüt-nesihat edýärdi. Soňra bolsa 98 ýaşy arka atan bu parasatly goja babasy bilen ýadygärlik surata düşmek isleginiň bardygyny aýdan agtygyna ýüzlenip: «Ynha, bahym orta mekdebi tamamlarsyň. Watan goragy üçin harby gulluga alnarsyň. Hemişe Watany janyň-teniň bilen söýgün, oglum! Şol belent duýgyny duýup ýaşagyn! Esgerlik borjuňy ak ýürekden, birkemsiz berjaý etgin! Watana söýgi hemişe ýürekde ýaşamalydyr hem-de oňa edýän hyzmatlaryň bilen subut edilmelidir. Biziň her birimiz hemişe-de onuň sak goragçylary — merdana esgerleridiris. Men heniz-henizlerem özümi şu Watanyň esgeri hasaplaýaryn!..» diýdi.
Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».