Milli telewideniýäniň işgärlerine sowgat

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça öňňin — 7-nji maýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işgärlerine täze ýolagçy awtobuslary sowgat berildi. Arkadagly Serdarymyzyň sowgady ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalary, taryhy pursatlary giňden wagyz etmekde uly işleri alyp barýan döredijilik işgärlerini mundan beýläk-de uly joşgun bilen işlemäge ruhlandyrdy.
Milli telewideniýäniň we radioýaýlymlaryň işgärleri üçin niýetlenen ýolagçy awtobuslary türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessuryna laýyklykda kabul edildi. Täze awtobuslara aklygyň, päkizeligiň we rowaç durmuşyň nyşany bolan ak un sepildi we oňa dili senaly mährem zenanlaryň elinden çykan alajalar daňyldy. Ýolagçy awtobuslarynyň enjamlaşdyrylyşy, amatlylyk derejesi häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär. Döredijilik işgärleri bu sowgady şatlyk-şowhun bilen kabul edip, Arkadagly Serdarymyzyň edýän aladasynyň özleri üçin uly mertebedigini aýratyn nygtadylar.
Täze gelen awtobuslarda döredijilik bilen meşgullanýan, ilhalar gepleşikleri taýýarlaýan döredijilik işgärlerini gatnadylyp başlandy. Ruhy göterilen döredijilik işgärleri bu pursatlary aýdym-sazly dabaralar bilen garşyladylar. Olar özleriniň netijeli işi we göwnejaý dynç almaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň abadan durmuşy, öndürijilikli işi we häzirki zamanyň ösen şertlerinden peýdalanyp bilmekleri üçin edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.
Arkadagly Serdarymyzyň sowgadyndan hoşal bolan döredijilik işgärleri, tele we radio žurnalistler döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli yhlasyny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdylar we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
(Ýörite habarçymyz).