1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy adamzat taryhynda iň ýowuz uruşlaryň biri bolupdy. Şol gazaply urşuň ynsan kalbyna salan ýarasy hiç haçan biter öýdemok. «Watanym, ilim-günüm!» diýip, ot-ýalnyň içinden geçenler, şol ýyllarda tylyň agyr kynçylyklaryny gerdeninde çekenler üçin-ä urşy ýatlamak örän çökderdi welin, ol uruşdan soňky nesiller üçinem ýeňil däl.
Tanyş ýüz ýigitleriň hemmesi Watan goragyna gitdiler. Oba boşap galdy diýen ýaly. Kolhozy dolandyrmak gelin-gyzlaryň, ýaşulularyň, bili bekemedik çagalaryň gerdenine düşdi. Uruşdan maýyp bolup gelen esgerler we ýaşulular kolhoz önümçiligine ýolbaşçylyk edýärdiler. Uruş weteranlarynyň synasyndaky ýetmezleriniň urşuň salan ýarasydygyna aňym ýetip, ýüregim jigläp giderdi. «Watan» diýip, uzak-uzak ýurtlarda mazar bolup galan obadaşlarymyň sany-ha barmak büküp sanardan kändi .
* * *
Ejem pahyr:
— Dädeňiz bäş çaganyň eklenjini maňa galdyryp, işçi batalýonyna gulluga gitdi. Gündiz orak orup, gije degirmen aýlap, görülmedik gün ýokdur, oglum! Mana düşen çagalarym bugdaýy orlan meýdanyň gyrak-bujagynda dökülip galan hoşalary çöplärdiler. Olaryň getiren dänelerini gowurga edip bererdim.
Şol döwrüň adamlary örän arkalaşyklydy. Uruşdan bir aýagyny aldyryp gelen Nury aga Teke ogly kolhozyň ammarçysydy. Ol heniz çörek çeýnemäge-de ýetişmedik körpämiň adyny tutup: «Bu Aşyr janyň paýy» diýip, bir okara paýy artyk guýardy. Bendäň şol eden ýagşylyklaryny hiç unudyp bilemok. Öýümiň duly gözümiň öwrenişen el işlerinden boşap galdy. Soňkuja çitme garçynymy Hywa argyşa gidenlere berip goýberenimden dört ýyl soň, dädeňiz sag-aman dolanyp geldi — diýip, tolguna-tolguna gürrüň bererdi.
* * *
Ýowuz urşy gözüm bilen görmesem-de, adamlaryň ýüreginde, synasynda goýan yzlary bilen ençeme gezek ýüzbe-ýüz bolupdym.
Uruş ýyllarynyň ýetginjegi, obadaşym Balaş Gurbanowyň nan-duza üýtgeşik sarpa goýşuny synlamak maňa köp gezek miýesser edipdi. Pahyra duz-tagam datmak üçin saçak süýşürilende, saçakdan bir bölek nany emaý bilen döwüp alardy-da, üç mertebe maňlaýyna degrerdi, çöregi onsoň agzyna salardy.
Bir gün men Balaş daýynyň şol edähedini dokuzynjy onlugy ortalaberen Abdyrahman aga gürrüň berenimde, ol: «Wah, Balaş ikimiz şol uruş ýyllarynyň horlugyny gözümiz bilen görüp, egnimiz bilen çekdik-dä» diýip, gowgaly ýyllara degişli wakalar ýumagyny çözläp goýberdi.
— Ol döwür köpimiz ýarym ýetim oglanlardyk. Bir ýandan açlyk, bir ýandan keselçilik adamlaryň janyna howp salýardy. Alla sygynmakdan başga alajymyz ýokdy. Dädem Toýguly urşa gitdi. Biz Gazanjyk (häzirki Bereket) şäheriniň gündogarynda Ejeri diýen ýerde dört öýli bolup oturýardyk.
Bir gün atam bilen işimiz çykyp, eşekli şähere gitdik. Gelýärkäk, atam birden eşegini saklady-da: «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýdi-de, araba ýoluna dökülen jöweni görkezip, maňa ümledi. Biz iki bolup, guma garylyp ýatan jöweni çöpledik. Bir tahýa töweregi boldy.
Şonda atam pahyryň ujypsyzja zat üçin begenjinden aýdan şol sözüni ýatlanymda, häli-häzirlerem damagym dolýar.
Bir günem dözmezimiziň biri maňa: «Ataň bilen iýersiň» diýip, ýarty okara bişirilen ýarma berip goýberdi. Begenip gaýtdym. Bolmasa bolmaz ekeni. Ýolda büdräp ýykyldym. Şol wagt ýanymda iki sany deň-duş oglan hem bardy. Olar bilen üstüme dökülen ýarmany bileje ýygnap iýdik. Şeýdip, öýe boş bardym.
Dädem pahyr uruşdan bir goluny aldyryp gelenden soň, ýaşaýşymyz az-owlak ýagşylaşdy. Şonda-da obamyzyň gaýrasyndaky depä çykyp, Hywa argyşa giden kerweniň ýoluna göz dikip garaşardyg-a! — diýip, Abdyrahman aga esli wagt gepläp bilmän oturdy. Soňra bolsa:
— Agyr günleriň-ä çagalary, bagtly döwrüňem ýaşulusy bolduk. Il-günüň ýagşy günlerine guwanyp, şu eşretli, parahat durmuşy, Watany, halky, ata-enäni söýmek, duz-çörege tagzym etmek meniň bütin ömrüme ýol-ýörelgäm boldy.
Ozaly bilen kalbyňda Ýaradana alkyş bolsun. Şu eziz Watanymyzy söýmeli, mähriban Prezidentimizi alkyşlamaly. Asuda, bagtyýar durmuşyň gadyryny bilmeli. Meniň ýaşlara hemişelik sargydym şu — diýdi-de, öz «Wesýetnama» goşgular kitabyndan şu setirleri guwanç bilen okap berdi.
Golumyzda ýaşyl Baýdak — Tugumyz,
Parahatlyk biziň saýlan ýolumyz,
Bagtyýar ýaşaýar türkmen ilimiz,
Şu eziz Watany mukaddes biliň!
Hangylyç TAGANGYLYJOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy, mirasgär.