Ruhy päkligiň öýleri gurlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji maýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda beýleki meseleler bilen bir hatarda ýene-de bir meselä garaldy, ol-da welaýat häkimleri ilatyň haýyşyny nazara alyp, welaýatlarda metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýy gurmak baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendiler. Arkadagly Serdarymyz teklipleri makullady.
Şunlukda, Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherinde, Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda we Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde täze metjitler hem-de olaryň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýlar gurlar.
Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda Mary welaýatynyň baş metjidi, 2015-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň baş metjidi, 2018-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda metjit, 2020-nji ýylda Lebap welaýatynyň hem-de Balkan welaýatynyň baş metjitleri açyldy. Täze metjitleriň gurluşygyny ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň gurluşykçylary öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak bilen bina etdiler. Binagärligiň iň gowy usullaryny özünde jemleýän metjitler diňe bir daşky we içki gözelligi bilen tapawutlanman, daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy, bag nahallary ekilen ýanaşyk ýerleri bilen hem özüne çekýär. Olaryň bezeginde milli binagärlik sungatynyň gadymydan bäri dowam edip gelýän aýratynlyklary hem giň beýanyny tapdy.
Taryhdan görnüşi ýaly, adamzat ylahy ynanja ýetýänçä, uzak ýoly geçdi, ahyry ruhy ösüşiň, kämilligiň netijesinde Hakyň birligine ynanjyň güýjüne akyl ýetirdi. Hakyň birligine uýmak, sogap işleriň bilen iman gazanmak, halallyk, ynsanperwerlik, ýagny ejize hemaýat etmek, birek-birege söýgi, agzybirlik — bular jemgyýetiň abadan durmuşynyň kepili bolmagynda galýar. Yslam dininiň özeninde-de, ine, şu beýik ideallar ýatýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da mukaddes Oraza aýynda paýtagtymyzdaky hem-de welaýat merkezlerindäki baş metjitlere, şeýle-de oba-şäherlerimizdäki metjitlere namaz okamak üçin baranlaryň has-da artandygy döwletimiz tarapyndan ilatyň dini däp-dessurlary berjaý etmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýändiginiň ýene-de bir ýola aýdyň ýüze çykmasy boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze eserinde yslam gymmatlyklarynyň türkmençilik bilen utgaşyklylygyna uly orun berilýär: «Maňa Käbä zyýaratym wagtynda teperrik gowşuryldy. Munuň özi keramatly ýerlerde görnükli din adamlary tarapyndan belent sarpanyň, çuňňur hormatyň nyşany hökmünde berilýän mukaddes peşgeşdir. Welaýatlaryň baş ymamlary, sylag-sarpaly ýaşulular bilen maslahatlaşylyp, dürli welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň hem oňa tagzym edip bilmekleri üçin, bu teperrigi ýurdumyzyň metjitlerinde goýmak kararyna gelindi. Şondan soňra bu teperrik Gypjakdaky ýurdumyzyň baş metjidinde, welaýatlarymyzdaky we paýtagtymyzdaky metjitlerde ýörite aýna gaplarda goýuldy.
Bu — Käbeden getirilen mukaddes paý! Adamlar teperrigi görmek üçin metjitlere barýarlar, has dogrusy, oňa zyýarat edýärler we ony ýüzlerine sylýarlar».
2016-njy ýylyň baharynda Gahryman Arkadagymyza Saud Arabystany Patyşalygyna sapary wagtynda mukaddes Käbä zyýarat edende, 2-nji maýdan 3-nji maýa geçilen gije Onuň Alyhezreti, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň aýratyn tabşyrygy boýunça musulman dünýäsiniň esasy mukaddesliginiň içinde namaz okamak üçin Allanyň öýüniň gapylary açyldy, şol gije magraj gijesidi, ýagny Muhammet pygamberiň arşa çykan senesi bilen gabat gelipdi. Bu yslamda iň sarpalanýan, ezizlenýän gijedir. Çünki magraj gijesinde yslamyň esasy parzlarynyň biri bolan namaz bäş wagt görnüşinde parz buýrulýar.
Şonda döwlet Baştutanymyza Käbäniň içki diwarlaryny we Toba gapysyny tämizlemek mertebesi miýesser edipdi.
Milli Liderimiziň ýazyşy ýaly, yslam dini halkymyzyň milli we medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Halkymyzda metjit mukaddeslik saýylýar. Metjitler Hakyň öýi hasaplanýar. Allanyň öýi bolan metjitler köňül tämizliginiň, ahlak kämilliginiň binasydyr.
Geçmişde pederlerimiz metjide barýan ýoluň her ädimini ybadat bilipdirler. Il içinde metjit gurmak uly sogap hasaplanypdyr. Çünki metjidiň içindäki aýratyn ruhy gurşaw ynsanyň ýüregini ýumşadyp, onuň köňlüni rehim-şepagat, mähremlik, pespällik duýgularyndan püre-pürleýär. Bu ruhy güýjüň hem-de emosional ýagdaýyň täsin sazlaşygydyr. Netijede, adamyň sahawatlylyk, ejize hemaýat etmek, adamlara, daş-töweregine, janly-jandarlara mähribanlyk duýgusy, jemgyýete we ýurduňa haýyrly adam bolmak islegi artýar.
Gahryman Arkadagymyz türkmeniň ruhy ynanjy barada söz açanda, beýik Magtymguly Pyragyny agzaw etmegi ýöne ýere däldir, çünki söz ussady öz döredijiliginde musulmançylygyň ynsanperwer ýörelgelerini töwerekleýin beýan edipdir. Şahyryň döredijiliginden yslamyň çagyryşlarydyr pikirleri eriş-argaç bolup geçýär.
Biz demokratik, dünýewi döwletde, adamyň hukuklarynyň ileri tutulýan jemgyýetinde ýaşaýarys. Milli ýol-ýörelgeler, gymmatlyklar sarpalanyp, ýurdumyzda adamyň ynanç erkinligi üpjün edilen. Her ýyl haj parzyny berjaý etmek isleýän ildeşlerimiziň ýüzlerçesi döwletiň goldawy bilen mukaddes Käbä zyýarata gidýärler. Mukaddes Oraza we Gurban baýramlary döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Şol günlerde ildeşlerimiz baýramçylygy arkaýyn bellär ýaly, ýörite Perman bilen iş günleri däl diýlip yglan edilýär.
...Uzaklardan seleňläp görünýän, töweregine ýalkym saçyp, asuda agşamlarymyzy nurlandyrýan belent başly, kümüşsöw gümmezli ak metjitleri synlap, ýurt asudalygyna guwanjyň, şüküriň artýar. Şeýle metjitler paýtagtymyza-da, welaýat merkezlerine-de bezeg berip otyr. Welaýatlarda täze metjitleri gurmak baradaky başlangyjyň goldaw tapmagy Arkadagly Serdarymyzyň bu asylly ýörelgäni mynasyp dowam etdirýändigini tassyklaýar. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda jemgyýetiň ruhy binýadynyň gaýym tutulýandygynyň, Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenen adamyň dine uýmak erkinliginiň kepillendirilmesiniň aýdyň subutnamasydyr.
Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».