...Oraza baýramy musulman halklaryň her birinde bellenilýär. Türkmen halky bu baýramy hemişe-de özüçe belläpdir we oňa özüçe öwüşgin beripdir. Ony dindarlar hem, dindar däller hem, bütin halk öz baýramy hasaplaýar. Şoňa görä, biziň halkymyzda onuň ýaýrawy, dabarasy, şatlygy dini çäklerden giňdir, ol biziň halkymyzda tüýs milli baýrama öwrülip gidipdir diýip bolar.
Her döwürde Oraza baýramy ýetip gelende, halk ony şol döwrüň şatlygy bilen garşylapdyr. Goý, ol ýönekeýje bir şatlyk bolaýsyn, mukaddes baýram adamlaryň göwnüne giňlik hem rahatlyk beripdir. Ähli toý-baýramlarymyz ýaly, bu baýram hemişe ynsanlara rahatlyk, göwnühoşluk eçilip gelýär.
Diňe Oraza baýramynyň däl, tutuş Remezan aýynyň ýurdumyzda garşylanylyşy üýtgeşik. Ulular bilen birlikde çagalar hem bu aýa sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar ýaremezan aýtmaga howlugýarlar. Topar tutuşyp gelýän oglan-gyzjagazlaryň owazy her öýüň gapysynda ýaňlanýar — olar «aýlaryň ýagşysynyň» başlanýandygyny her öýe buşlap, ýaremezan aýdýarlar we şeýdip halkymyzyň gadymy däpleri bilen terbiýelenýärler...
Ýurdumyzda Oraza baýramy namaz okap, agyz bekläp, dini däpleri berjaý edýänler üçin hem, beýlekiler üçin hem — hemmeler üçin deň derejede mukaddes baýram. Munuň özi halkymyzyň üýtgeşik häsiýetini, özüne mahsus bolşuny görkezýär. Ulumy ýa kiçimi, dindarmy ýa dälmi — bularyň ählisi mukaddeslikleriň gadyryny bilýär, biri-biri bilen deň derejede gürleşip, pikir alşyp, biri-birini sylap-sarpalap bilýär. Olaryň ählisi biri-biri bilen gatyşyp-garyşyp, toý-baýramlaryny bile sowýarlar. Biri-biri bilen goldaşyp, agzybirlikde, ynamly zähmet çekip, ýurdumyzyň taryhy özgertmelerine goşant goşup ýaşaýarlar.
Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Bu baýram günümizde berjaý etjek ilkinji işimiz (baýram) namaz okamakdyr». Şular ýaly hadyslara eýerip, dindarlar baýram günleri ir ertirden taýýarlanyp, guşluk wagtynda baýram namazyny okamak üçin metjitlere barýarlar. Baýram namazyny okap, il-günümiziň bagtyýar, ýurdumyzyň abadan bolmagy üçin dileg-dogalar edýärler. Namazdan soňra bolsa öz maşgalasy, dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary bilen baýramçylyk belleýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan.