«Ahal» yklym ýaryşyny ýeňiş bilen tamamlady

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminiň kümüş medalynyň eýesi we Kubok ýaryşynyň finalçysy «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary 19 ýyllyk arakesmeden soňra, AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşan ilkinji türkmen topary boldy. Ildeşlerimiz 7 — 27-nji aprel aralygynda ýaryşyň Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen toparçalaýyn tapgyryna gatnaşdylar.
AFK-nyň Çempionlar ligasy yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşydyr. Başgaça aýtsak, oňa Aziýanyň iň güýçli futbol toparlary gatnaşýar. Biziň toparlarymyzyň soňky ýyllardaky üstünlikleri olaryň şu ýaryşa gatnaşmagyny üpjün etdi. AFK-nyň Çempionlar ligasynyň döredilen möwsüminde — 2002-2003-nji ýyllarda Aşgabadyň «Nisa» futbol topary oňa ýurdumyzdan wekilçilik eden ilkinji topar hökmünde taryha giripdi. Aradaky 19 ýylyň dowamynda türkmen toparlary AFK-nyň Prezidentiniň kubogyna we AFK-nyň kubogyna gatnaşdylar. Şu ýyldan başlap bolsa olar ýene-de iň güýçlüleriň ýaryşyna goşuldylar.
Yklym ýaryşynda «Ahal» Eýranyň «Fulad», Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» we Kataryň «Al-Garafa» toparlary bilen birlikde «C» toparçanyň wekili boldy. Bu toparlaryň üçüsiniň hem AFK-nyň Çempionlar ligasynda baý tejribesiniň bardygyny aýtmak gerek. «Ahal» futbol topary ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan, hünärmenler tarapyndan iň kyn toparça hökmünde häsiýetlendirilen «C» toparçada 4 utuk toplamagy başardy. Bu bolsa ildeşlerimiziň alty duşuşykda bir gezek ýeňiş gazanyp, bir gezek hem deňme-deň oýnandygyny görkezýär. Elbetde, olar käbir duşuşyklarynda garşydaşlaryndan asgyn geldiler. Ýöne şol duşuşyklarda hem türkmen futbolçylarynyň güýç-gaýraty we futbol sowatlylygy daşary ýurt hünärmenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Käbir ýaş futbolçylarymyz bolsa Aziýanyň iň güýçli toparlarynyň geljekki maksatlaryna girmegi başardy.
Ýaryşdaky ilkinji duşuşygynda BAE-niň «Şabab Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan türkmen futbolçylary ahyrky duşuşygynda Kataryň «Al-Garafasyny» 4:2 hasabynda utdular. Ahyrky duşuşykdaky üstünlik türkmen toparlarynyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy.
Aslynda, toparlarymyzyň yklymyň birinji derejeli ýaryşyndaky ýörişi indi başlaýar. Şu ýyl toplanan tejribe toparlarymyzyň geljek ýyllarda has üstünlikli çykyş edip, ýaryşyň indiki tapgyrlaryna-da çykmagyna şert döreder. Çünki iň güýçlüler bilen ýaryşmak hemişe-de tejribäňi artdyrýar. Muny duşuşyklardan öň we soň geçirilen metbugat maslahatynda hem telim ýola nygtadylar.
«Ahalyň» futbolçylary AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky alty duşuşygynda garşydaş derwezelere alty top geçirdiler. Şolaryň dördüsini tejribeli ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow öz adyna ýazdyrdy. Galan iki topy bolsa Abdy Bäşimow bilen Mirza Beknazarow geçirdi.
Türkmen toparlarynyň yklym ýaryşyndaky ýoly iýun aýynda AFK-nyň kubogy bilen dowam eder. Bu ýaryşa ýurdumyzdan «Altyn Asyr» bilen «Köpetdag» wekilçilik eder.
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».