Manyly ömrüň kämil kelamy

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlarydyr talyplary, ýazyjy-şahyrlar, sungat ussatlary, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artistleriniň, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Ömrümiň manysy» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlanan tanyşdyrylyş dabarasyna aýdymçy-sazandalaryň, tans toparlarynyň çykyşlary aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabaranyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň girelge zalynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän kitaplarynyň, milli gymmatlyklarymyzyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.
Aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Arkadagymyzyň çuň zehininden, baý durmuş tejribesinden dörän täze kitabynyň many-mazmun aýratynlygy, ýaş nesilleri belent adamkärçilik, zähmetsöýerlik, watanperwerlik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti, halkymyzyň ömri manyly ýaşamak, ýagşylyk etmek, haýyr-sahawatly işler bilen meşgul bolmak, özüňden ýagşy at galdyrmak ýaly asylly ýol-ýörelgelerini ýaşlara öwretmekdäki gymmaty barada giňişleýin gürrüň etdiler hem-de şeýle ajaýyp eserleriň höwrüniň köp bolmagyny arzuwladylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylara söz berýäris:
Çynar RUSTEMOWA,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany:
— «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän şu şanly ýylda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmaýan gymmatly serpaý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasyny, baý durmuş tejribesini, giň dünýägaraýşyny özünde jemleýän bu kitap çuňňur filosofik many-mazmunly, taryhy, medeni we geografik ensiklopediýadyr. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýeten belent derejeleri, ýurdumyzyň iňňän gadymy taryhy, ony öz beýik işleri bilen şöhratlandyran şahsyýetler, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, jemgyýetiň ahlak hem durmuş ýörelgeleri barada söhbet edilýär, möhüm ähmiýetli meseleler gozgalýar. Şol bir wagtda bu gymmatly eser asyrlaryň dowamynda ençeme gymmatlyklary döreden halkymyzyň özboluşly medeniýeti, baý milli mirasy bilen içgin tanyşdyrýar. Hormatly Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabyny okaýarkaň, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň biziň bilşimizden has baýdygyna, giňdigine, çuňňurdygyna we dowamat-dowamdygyna göz ýetirýärsiň. Çünki kitapda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan däp-dessurlar, urp-adatlar, kadalar, mukaddes ýörelgeler jikme-jik beýan edilýär.
Täze kitabyň «Ömrümiň manysy» diýlip atlandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti, uly manysy bar, çünki Gahryman Arkadagymyz manyly durmuş ýolunda ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen jemgyýetine sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň baý milli mirasyny dünýä ýaýmak babatda ägirt uly işleri alyp bardy. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ençeme taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri Bütindünýä mirasynyň genji-hazynasyna girizildi.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly gymmatly eserinde Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekýär. Munuň geljekde hem köpasyrlyk milli mirasymyzy toplamak, öwrenmek, ösdürmek we dünýä ýaýmak işleri bilen utgaşykly alnyp barylmalydygyny nygtaýar.
Behişdi ahalteke atlary, olaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän uly orny baradaky söhbet hormatly Arkadagymyzyň täze eseriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu ajaýyp durmuş kitabynda türkmen gelin-gyzlarynyň has gadymy el hünärleriniň biri bolan keşdeçilik sungatynyň asyrlaryň dowamynda olar üçin edep-terbiýäniň, hünär öwrenmegiň, sungata aralaşmagyň mekdebi bolup gelendigi uly buýsanç bilen bellenilýär.
Biz Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara ýetmekde ýaşuly hem ýaş nesillere ruhy goldaw boljakdygyna berk ynanýarys.
Orazguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy:
— Durmuşda bize we geljekki nesillere ýolgörkeziji şamçyrag boljak «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň neşir edilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de şeýle gymmatly eseri serpaý alan halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylham daragtyňyz mundan-da belent, miwesi bol, pudaklary barly bolsun, hormatly Arkadagymyz!
Gahryman Arkadagymyz täze kitabynyň girişini şeýle sözler bilen başlaýar: «Bu gün Türkmenistan döwleti Ýer togalagynda, türkmen halky bolsa dünýä halklarynyň arasynda özüniň mynasyp ornuna eýe boldy. Döwletimiziň hem, halkymyzyň hem mertebesi belende galdy». Ine, şu belent taryhy wezipäni amala aşyran Gahryman Arkadagymyzdyr. Şonuň ýaly-da, hormatly Arkadagymyz öňe tarap ösüşleriň dogry hem ýeňişli ak ýoluny Arkadagly Serdarymyza gowşuryp, türkmeniň dowamat-dowamlylyk taglymatynyň mazmunyna täze many, belentligine täze mertebe gatdy. Kitabyň girişindäki: «Aslynda, meniň pikirimçe, hakyky ynsan boljak bolsaň, mydama öz-özüňden hasabat sorap durmaly» diýen sözleri bolsa hormatly Arkadagymyzyň öz öňünde nähili belent maksatlary goýandygyny hem-de olara abraý bilen amal edendigini görkezýär.
Hormatly Arkadagymyzyň bu kitabynda halkymyzyň taryhy hem inçeden yzarlanýar, geçmişiň, şu günüň, geljegiň baglanyşygy ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Ýazyjy hökmünde hormatly Arkadagymyzyň täze kitabynyň hem mazmun, çeperçilik taýdan nusgalykdygyny aýratyn nygtamagy öz borjum hasaplaýaryn. Bu ajaýyp kitapdan özüm üçin gymmatly maglumatlary susup aldym. Maňa has täsir eden zat bolsa ägirtler hakynda söz açanda, awtoryň ol şahsyýetlere aýratyn sarpa, üýtgeşik hormat bilen bakýandygynyň onuň her sözünde duýlup durmagy boldy. Öz gahrymanyň bilen birlik, onuň bilen birleşip bilmek ukyby her bir ýazyja başardýan zat däl. Gahryman Arkadagymyzyň belent mertebeli şahslara goýýan hormaty her birimiz üçin nusgalykdyr.
Biz — ýazyjylar kitaby mukaddes çörek bilen deň görýäris. Çörek — ynsanyň maddy iýmiti, kitap bolsa ruhy iýmiti. Halkymyza şeýle ajaýyp ruhy nygmatlary peşgeş berýän hormatly Arkadagymyza soňsuz sagbolsun hem alkyş aýdýaryn.
Muhammet BABAÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, maýor:
— Adam ogly özüniň bütin ýaşaýşyny ömrüniň manysyny gözlemek bilen geçirýär. Haýyrly işleri, ýagşy göreldesi bilen, kär-hünär saýlap, nesil ýetişdirip, onuň manysyny artdyrmaga, daş-töwerekdäki adamlaryň hem durmuşyna many çaýmaga döwtalap bolup ýaşaýar. Bu ugurda gazanan iň gowy tejribelerini, öwrenen, bilen zatlaryny, göz ýetiren, açan hakykatlaryny özgeler bilen paýlaşmak isleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» diýlip, juda jaýdar atlandyrylan täze kitabyny okanyňda hem şu hakykata göz ýetirmek bolýar.
Täze kitapda asyrlaryň dowamynda türkmeniň ganyna, süňňüne, zandyna, emer-damaryna ornan asylly häsiýetler, milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz, abadan şu günümiz we ýagty geljegimiz şöhlelenýär, watançylyk, halal zähmet, ata-enä hormat, türkmeniň mukaddes desterhany, parz, sünnet, maşgala gymmatlyklary, ynanç ýaly düşünjeler hakynda ýürekdeş söhbet guralýar.
Möwlana Jelaleddin Rumynyň: «Döwletiň kuwwaty şol ýurtda ýaşaýan adamlaryň sany bilen däl-de, şol ýurtda ýaşaýan ruhy baý adamlaryň sany bilen kesgitlenýär» diýen bir dürdäne sözi bar. Eýsem, döwletiň kuwwatyny kesgitleýän ruhy baýlygy nädip gazanmaly? Ruhy baýlygy, ruhy doklugy, ruhy tämizligi öz taryhy kökleriňe, öz däbiňe, urp-adatlaryňa, taryhy şahslaryňa, edim-gylymlaryňa buýsanç döredýän kämil eserleriň üsti bilen gazanmaly. Başyňy gök diredýän şeýle buýsanjy Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserinden tapmak mümkin. Hormatly Arkadagymyz türkmeniň ahalteke bedewini, nepis halysyny, wepaly alabaýyny, gazma dutaryny, sungatyny öz eserleriniň üsti bilen dünýä çykardy. Halkymyz ol eserlerden öz ruhy baýlygyny tapdy.
Täze eseriň «Ömrümiň manysy» diýlip atlandyrylmagynyň özünde-de çuňňur mazmun bar. Çünki bu eserde Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömrüniň arzyly pursatlary, ýatlamalary, türkmençilik, millilik, ýaşlary milli däp-dessurlarymyza eýermäge, olara sarpa goýmaga çagyrmak baradaky pikir-garaýyşlary jemlenýär. Kitabyň gymmatyny artdyrýan esasy aýratynlyklarynyň biri bolsa onuň islendik ýaşdaky adam üçin düşnükliligi, öwüt berijiligi, dogry ýol-ýörelgä çagyryjylygy, umuman, terbiýeleýjilik ähmiýetidir.
Halkymyzda «Şir balasy şir bolar» diýen pähim bar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň pederleri ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýollaryna ser salanyňda, «Är ömri!» diýen buýsançly jümle hakydaňa dolýar. Gadymy pähimde jaýdar bellenilişi ýaly, atalar öz perzentlerinde ýaşaýarlar.
Kitapda aýdylyşy ýaly, halk içinde özüni gowulykda tanadan, il-gün üçin uly işleri bitiren adamlara «Hakyň halan adamy», «Taňry nazary düşen adam», «Allanyň sylan bendesi» diýilýär. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy Mälikguly aga hem özüni şeýle beýik adam hökmünde tanadan, ýagşy at, ýagşy yz goýup giden belent mertebeli ynsandy. «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynda Gahryman Arkadagymyz mähriban kyblasy Mälikguly aga, onuň görüm-göreldesi, diňe bir öz maşgalasyndaky adamlara däl, tutuş il-ulsumyza watansöýüjiligiň, adamkärçiligiň belent nusgasyny görkezendigi, öz ömründe iň möhüm çözgütleri kabul edeninde, hemişe kakasy bilen maslahatlaşandygy barada hem gürrüň berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby türkmeniň watançylyk kyssasydyr. Bu kitap bahasyna ýetip bolmajak durmuş ensiklopediýasydyr. Durmuş sapaklaryndan ýüki ýetik Mugallymyň akyl sandygydyr. Bu kitap türkmeniň bugdaý sözüdir. Ol Är ömrüniň beýanydyr. Diňe durmuş ummanynda gulaçlap, guwwas çykan beýik ynsan şeýle gymmatly eseri döredip biler. Diňe akyl-paýhasdan gory ýetik ynsanyň ýürek sözi şeýle täsirli çykyp biler.
Biz — Watan goragçylary Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabyndaky parasatly sargytlaryna, ündew-nesihatlaryna berk eýerjekdigimize, harby gullukçylary belent adamkärçilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hemişe olary ýol-ýörelge edinjekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň, şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döredijilik üstünlikleriniň rowaçlyklara rowan bolmagyny arzuw edýäris.
Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.