Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert obasynyň ýaşaýjysy, tejribeli bagban Merdan Hudaýberdiýew ösdürip ýetişdirýän bananlary bilen diňe obadaşlaryny däl, eýsem, welaýatymyzyň ähli künjeginde ýaşaýan ildeşlerimizi begendirmegi başarýar. Biz golaýda bu tejribeli bagban bilen banan agajyny ýetişdirmegiň hem-de idetmegiň usullary barada söhbetdeş bolduk we onuň beren gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
— Merdan aga, sizde banan agajyny ösdürip ýetişdirmäge bolan höwesiň döremegine näme sebäp boldy?
— Erem bagynyň nygmaty ýaly tagamly banany ösdürip ýetişdirmegi köpden bäri arzuw edýärdim. 2018-nji ýylda Mary welaýatyna gitdim. Myhmançylyga baran ýerimde dürli ir-iýmişiň ýetişdirilişi barada gürrüň gozgaldy. Ynha, şonda men: «Lebap welaýatynda banan agajyny ösdürip bolarmyka?» diýip soradym. Şol wagt ýanymda oturanlaryň biri: «banan agajyny ekmek isleseň, biziň welaýatymyzda şonuň bilen içgin gyzyklanýan, ekiliş düzgünini düşündirýän, isleseň, nahalyny hem berýän tejribeli bagban bar» diýdi. Şeýdip, meni tarypy ýetirilen bagban bilen tanyşdyrdylar. Öz işiniň ussady bolan ol bagban sähel salymyň içinde banan agajynyň ekiliş we idediliş düzgünini düşündirdi, soňra bu miwäniň ýaş nahallarynyň birnäçesini berdi. Şeýdibem obamyza gelip, mellegimizde banan agajynyň ýaşajyk nahallaryny ekdim. Höwes etseň, amala aşmajak iş ýok eken. Munuň, hakykatdan hem, şeýledigine bu günki gün göz ýetirdim.
— Banan agajyndan bol hasyl almakda toplan tejribäňizi biziň bilen hem paýlaşaýyň?!
— Banan agajyny tomsuň ýiti yssysyndan goramaly. Damjalaýyn usulda suwarylanda, has gowy netije berýär. Onuň daş-töweregini haşal otlardan arassalap durmaly we has ýakynynda başga agaç ekmejek bolmaly. Şeýle bolanda, agaç erkin boý alýar. Ilkinji eken banan agaçlarymdan gije-gündiz habar tutup, hatda ösüşini hem ölçäp durdum. Çyglylyk ýagdaýyny hemişe gözegçilikde sakladym. Biziň sahy tebigatymyz, sahawatly topragymyz bar. Şeýle mes topragymyz barka diňe banan däl, eýsem, kiwi hem ösdürip boljakdygyna ynanyp, häzirki wagtda kiwiniň çigidini ekip, ony ösdürip başladym. Onuň tejribeden geçmegi üçin bolsa wagt gerek.
— Häzirki wagtda siziň näçe düýp banan agajyňyz bar we olar ýylda näçeräk hasyl berýär?
— Göräýmäge, ýönekeý ýaly bolup görünse-de, subtropik ösümligi hasaplanýan banany ösdürip ýetişdirmegiň öz syrlary, inçe usullary bar. Mellegimiň 15 inedördül metr ýerini banan agajyny ýetişdirýän ýyladyşhana tutýar. Häzirki wagtda täze ekilen we boý alyp başlan nahallarymy hasaplamasam, 11 düýp banan agajym bar. Her düýbi bolsa ýylda 40-45 kilograma golaý hasyl berýär. Geçen ýyl bananyň her düýbünden 35 kilograma çenli hasyl aldym. Banan agajy 8-9 metre ýetende, onuň ýokarky böleginde bananlar düzüm-düzüm bolup durýar. Hasyl berýän pursatlary agaçdan gözümi aýryp bilmän guwanyp oturýaryn. Häzirki wagtda birnäçe telekeçi bagbanlarymyz hem banan agajyny ösdürip ýetişdirmegiň ugruna çykdylar. Olaryň arasynda ýanyma gelip, maslahat soraýanlary-da bar. Telekeçilere öz öwrenenlerimi, degerli maslahatymy, elimden gelen kömegimi gaýgyrmaýaryn. Olara bananyň ösüntgilerini berip, ony dogry, talabalaýyk ekmäge hem kömek edýärin.
— Merdan aga, geljekde işiňiziň gerimini giňeltmekçimi?
— Hawa. Geljekde Türkmenabatdan Kerki tarapa gaýdýan ýoluň ugrunda ýerleşýän, il arasynda «Köse guýy» ady bilen tanalýan ýerde subtropik we beýleki ösümlikleriň bagyny döretmegi arzuw edýärin. Sebäbi şol ýerlerde adamlar köp düşleýärler. «Köse guýy» diýip, at alan süýji suwly guýynyň daş-töweregini hut öz obadaşymyz Begmyrat Weliýew dürli saýaly we miweli agaçlary ekip, bagy-bossanlyga öwürdi. Men hem bu ýeri täsin, owadan gülleri, baglary ekip, has-da gözelleşdirmek isleýärin. Goý, eken saýaly agaçlarymyň kölegesinden adamlar peýdalansynlar, miweli baglarymyň nygmatly miwesinden datsynlar! Biz — bagbanlar ösüp gelýän ýaşlara görelde bolmaly, olara bagbançylygyň inçe syrlaryny öwretmeli, türkmen tebigatyna, ene topraga bolan söýgüsini artdyrmaly.
— Sogaply işiň başyny tutupsyňyz. Bu işe maşgalaňyzda başga-da imrinýän barmy?
— Hudaýa şükür, iki oglum, bir gyzym bar. Maňa bu işde uly oglum Begenç we ýanýoldaşym Maýagözel ýakyndan ýardam edýär. Maşgalamyň goldamagy bilen, özümiň «Erem bagymy» döretdim. Geljekde-de Arkadagly Serdarymyzyň daýhanlarymyza berýän goldawlaryndan ýerlikli peýdalanyp, miweli baglary ösdürip ýetişdirmekde yhlasymy gaýgyrman zähmet çekerin.
— Merdan aga, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Size geljekde hem göwün söýen sogaply işiňizde üstünlik gazanmagyňyzy arzuw edýäris!
— Sag boluň!