Garagum sährasynda bolluk bilen bitýän ösümlikleriň naýbaşylarynyň biri-de çomuçdyr. Çomuç ýylylygy söýýän ösümlik. Ol gyzgyn çägede ösüp, tylla Günüň nuruna, gyzgyn howanyň demine boý alýar. Çomuç halk lukmançylygynda giňden peýdalanylypdyr. Şonuň üçin ata-babalarymyz:
«Çomujy gumuň,
Gözbaşy emiň»
diýipdirler. Ene-mamalarymyz çomuçdan toşap taýýarlap, ony saryýag bilen garypdyrlar. Oňa könelerimiz «alaçaly ýag» diýipdirler.
Alaçaly ýagyň saklanylyşy hem örän täsin. Munuň üçin ilki bilen, erkejiň derisinden ýag guýulýan meşik taýýarlanypdyr. Oňa mesgeden taýýarlanan saryýagy guýup, üstüne çomujyň toşabyny guýupdyrlar. Soňra onuň agzyny mäkäm baglap, çägesöwräk ýerde guşaklyga çenli çukur gazyp, gömüp goýupdyrlar. Aradan bäş-alty aý wagt geçirip, onuň üstüni açypdyrlar. Şonda ýeriň demini alan alaçaly ýagyň tagamyna hiç bir nygmat deňleşip bilmändir. Bular hakynda il içinde:
«Çomujyň toşabyn saryýag bilen,
Alty aýlap ony meşige salan,
Soňra ak bugdaýyň çöregi bilen,
Iýen ýüwrüklikde ýaryşsa ozan»
diýen ýaly setirler döräpdir.
Mahlasy, türkmen topragynda bitýän ösümlikler, ot-çöpler derde derman, jana şypa. Bizi melhemler mekanynda, bagtyýar zamanada, erkana durmuşda ýaşadýan, okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Mamagül TAGANOWA,
TKA-nyň Gubadag etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.