Ahalteke bedewleri halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biridir. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan tutulýan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Tejen şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri, mirasgär Kakajan Haldurdyýew bilen söhbetdeş bolduk. Ol bize behişdi bedewlerimiziň bezeg şaý-sepleri, at esbaplary, atçylykda ulanylýan aňlatmalar barada şeýle gürrüň berdi:
— Ata-babalarymyz bedew atlaryny hem dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Söhbedimizi şundan başlaýaly! Bedewlerimiziň gymmatly şaý-sepler bilen bezelmegi ata-babalarymyzyň olara bolan çäksiz söýgüsinden nyşandyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, kämil milli mirasymyz bolan şaý-seplerden göwüsbent, alagaýyş, guşgözi, guşgun, bazbent esasy bezeglerdendir. Alagaýyş — atyň göwsünden aýlanyp dakylýan, ýüzi nagyşly gaýyş esbap. Uzyn zolak gaýşyň ýüzüne dakylan bölek-bölek kümüş şaýlar ony ala görkezensoň, ol esbaba «alagaýyş» diýlipdir. Bazbent — atyň göwüsbendiniň birleşýän ýerine dakylýan, güberçek bezeg şaýydyr. Ol iki gat kümüşden ýasalyp, ýüzüne-de kümüş çaýylýar. Ortasyna ullakan hakyk daşy oturdylyp, töweregine «üzülmez» nagşy haşamlanyp salynýar. Göwüsbent — bezeg üçin atyň göwsüne atanaklaýyn dakylýan, ýüzi kümüş guşgözüli ýasy gaýyş. Gaýşyň ýüzüne dürli görnüşdäki gyzyl çaýylan kümüş şaýlar berkidilýär. Onuň atyň göwsüniň üstünde ýerleşýän, gupba görnüşli güberçek bölegine bazbent şaýy oturdylýar. Guşuň gözüne meňzeş, uşajyk kümüş bezege bolsa «guşgözi» diýilýär. Guşgözi, esasan, guşgun, göwüsbent, alagaýyş ýaly, ýerligi gaýyşdan ýasalýan bezegleriň ýüzüne düzülýär. Atyň guýrugynyň aşagyndan geçirilip, ýüzi birnäçe setir kümüş guşgözüli, aşak sallanyp duran demir tokaly gaýşa «guşgun» diýilýär. Guşgun atyň eýerini öňe süýşmekden saklaýar.
Atlara niýetlenen haly önüm-esbaplar hakda-da köp zatlar aýtmak bolar. Olar athaly, eýerlik, içirgidir. Athaly atyň arkasyna ýapmak üçin ýörite dokalýar. Eýerlik atyň eýeriniň üstünden ýapmak üçin bezeg hökmünde dokalýan halydyr. Eýerlige «eýer üsti» hem diýilýär. Içirgi atyň eýeriniň aşagyndan ýapylýan haly önümidir. Köýnekçe diýen at esbaby hem bar. Ol bezeg üçin atyň üstüne atylýar. Köýnekçe üç görnüşde, ýagny haly ýaly çitilip, palas ýaly öýdelip, birsydyrgyn kakylyp hem dokalypdyr.
Halkymyzyň söz mirasy uly, gymmatly baýlyk. Şol baýlykda atçylyk bilen baglanyşykly sözler hem köp. Gulun bolanda süýt emýän taý bolýar. Çakan — kirpikleri sary, çalymtyl-mawy gözli at. Çapdar diýlip, aýaklarynyň köp ýeri ak, göwresi gyzylymtyl ata aýdylýar. Ýaly, guýrugy ak, çypar reňkli aty ata-babalarymyz «akýal» diýip atlandyrypdyrlar. Dönen — dört ýaşynyň içindäki at bolsa, dor at — gyzgylt mele reňkli atdyr.
Görnüşi ýaly, atçylyk sungaty giden bir umman. Mümkinçilikden peýdalanyp, bahar paslynyň ajaýyp toýlarynyň biri bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen mähriban halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Ýazga geçiren Annamyrat BERDIMYRADOW.
Babadaýhan etraby.