20-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Düýn S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde atşynaslara döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Onda hormatly adyň nyşanyny döşüne dakan ussatlaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny ildeşlerimize ýetirýäris.
Salyh RAHYMOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň seýsi:
— Türkmen topragy dünýäde ösen medeniýetiň sallançagy, türkmen halky bolsa jahana ençeme gymmatlyklary beren halkdyr. Milli baýlyklarymyzyň şu günlere ýetirilmeginde halypa-şägirtligiň, asylly däplerimiziň nesilden-nesle geçirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Men hem atşynaslaryň maşgalasynda ulalyp, kakam tarapdanam, daýylarymdanam bu sungatyň köp syrlaryny öwrendim. Atam Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Rahym Ataýew, kakam Türkmenistanyň halk atşynasy Nuraly Rahymow, agam Şiraly Rahymow, daýylarym Agamyradowlaryň ählisi, oglum Süleýman Rahymow hem bedewlere ömrüni baglan adamlar. Çagalykdan içinde ulalsaň, köpýyllyk tejribäň esasynda-da behişdi bedewleriň diline düşüniberýän ekeniň.
Şu ýylky bedew baýramy meniň üçin goşa şatlyga öwrüldi, döwlet sylagyna eýe boldum. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Öňümizde baýramçylyk at çapyşyklary hem bar. Olara üçýaşar Begzada, Gündogdy atly bedewleri seýisläp taýýarladym.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna buýsanja, ahalteke bedewlerine söýgi-sarpa beslenen dünýä nusgalyk ýolunyň dowamata ulaşýan döwrüdir. Goý, bedew batly ösüşlerimiz asyrlara uzasyn! Toýdan bolsun!
Yhlas POTRAÝEW,
Mary welaýatyndan hususy atşynas:
— Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda ahalteke atlarynyň baş sanyny we dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça hem möhüm işleriň dowam etdiriljekdigini belläpdi. Biz şu günki dabaralaryň, baýramçylyk çäreleriniň mysalynda munuň şeýledigine doly göz ýetirýäris. Bu toý — atşynaslaryň ýylboýy sabyrsyzlyk bilen garaşýan esasy baýramçylygy.
Özüm barada aýtsam, agalarym Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Ýazberdi Ojyýew, onuň yzyny ýöreden Jumaberdi, Suhan Ýazberdiýewler maňa halypalyk etdiler. Kiçiligimden olaryň yzyna eýerip, atlara ideg etdim.
Häzir bolsa Mary atçylyk sport toplumynda hususy atlary seýisleýärin. Olardan Dorguş, Gahryman, Garadeňiz, Nurana ýaly bedewlerim yzygiderli çapyşyklara gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar. 2016-njy, 2017-nji ýyllarda seýislän Pälwan atly bedewim baýramçylyk at çapyşyklarynda birinji gelip, baş baýraga — Şa serpaýyna mynasyp boldum.
Ýurdumyzda atşynaslara uly sarpa goýulýar, olaryň gadry bilinýär. Men hem 2020-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandym, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna agzalyga kabul edildim.
Bu assosiasiýanyň XII mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewleriň gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek we olaryň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakynda giňişleýin çykyş etdi. Bu işler peder ýolunyň mynasyp dowamaty bolup, ýüreklerde orun alýar.
Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».