Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi

Indi birnäçe ýyldan bäri ahalteke atlarynyň muşdaklarynyň gatnaşmagynda behişdi bedewlerimiziň şanyna bagyşlanyp geçirilýän halkara maslahaty «Halkyň Arkadagly Zamanasy» ýylynda, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda hem örän uly üstünliklere beslendi         
Şu gün Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Oguzkent» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz çykyş edip, ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly üns berilýändigini bellemek bilen, bu ugurda edilen işler we geljekde edilmeli işler dogrusynda birnäçe takyk, anyk wezipeleriň üstünde durup geçdi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti, Arkadagly Serdarymyz öz taryhy çykyşynda: «Meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr» diýip belledi. Ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny halkara derejesinde dünýä ýaýmakda, olaryň seçgi-tohumçylyk işini kämilleşdirmekde häzirki wagta çenli ägirt uly işleriň geçirilendigi, ýagny, döwrebap toplumlaryň gurlandygy, assosiasiýanyň döredilendigi, dünýäniň otuzdan gowrak döwletinden 200-e golaý agzasynyň bardygy, dürli bäsleşikleriň geçirilýändigi barada mejlisiň dowamynda aýdylyp geçildi. Şeýle-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisinde daşary ýurtly at janköýerleri çykyş edip, olar öz gezeginde ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde edýän uly tagallalary üçin assosiasiýanyň Prezidentine, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen mejlisde ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy, assosiasiýanyň düzümine birnäçe agzalar kabul edildi hem-de 2023-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky, XIII mejlisini geçirmek hakyndaky Karara gol çekildi.
«Bereketli toprak».