Watana bagyşlanan ömür

Düýn Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň medeniýet öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanan «Atalaryň göreldesi — nesilleriň döwletlilik ýörelgesi» atly maslahat geçirildi. Ol çärä gatnaşyjylaryň Mälikguly Berdimuhamedowyň bu ýerde ýerleşýän ýadygärligine gül desselerini goýmaklary bilen başlandy.
Mälikguly aganyň geçen ömür ýoluny wasp edýän aýdym-sazlara ýugrulan dabaraly maslahata harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, işgärleridir harby gullukçylary, görnükli şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de esgerler gatnaşdylar. Dabaranyň başynda oňa gatnaşyjylar «Döwlet guşy» romanyndan Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýa tomaşa etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň öz mähriban kyblasynyň ýagty ýadygärligine bagyşlap döreden «Atamyň» atly goşgusyna düzülip, bu ýerde ilkinji gezek ýerine ýetirilen aýdym peder sarpasynyň belent senasy bolup ýaňlandy.
Milli Liderimiziň «Ata pendi — perzent borjy» diýen sözlerinden ugur alyp, maslahatda çykyş edenler dana pederleriň nesiller üçin elmydama ruhy daýançdygyny, sowulmaz saýadygyny, olaryň barlygynda perzentleriň dagdan arkaly ýalydygyny nygtadylar. Atalaryň özlerinden soň nesillere goýan ýol-ýörelgeleri, ruhy mirasy, nurana ady zürýatlary üçin öçmejek nur, ýagty şamçyrag diýip, çykyş edenler bellediler. Hususan-da, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy, içeri işler edaralarynyň weterany Nurmuhammet Muhammedow öz çykyşynda şeýle belledi: «Mälikguly aganyň Watanymyz üçin, halkymyzyň asuda durmuşy üçin halal, ak ýürekli çeken zähmeti, onuň watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, adamkärçiligi, adalatlylygy, giň dünýägaraýşy, syýasy taýdan sowatlylygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň her bir işgäri — Watan goragçylary, serkerdeler, esgerler, şeýle hem olaryň düzümindäki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin nusga, merdanalyk, halypalyk mekdebidir».
Maslahatyň dowamynda Mälikguly aganyň sözlerine döredilen «Köp ekeliň dänäni», «Uruş bolmasyn» atly aýdymlar ýaňlanyp, oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Soňra maslahatyň hormatly myhmanlary, içeri işler edaralarynyň weteranlary, Içeri işler ministrliginiň işgärleri harby bölümiň muzeýine hem-de Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň muzeýine aýlanyp, Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly bilen baglanyşykly muzeý eksponatlarynyň sergisini synladylar. Bulardan başga-da, harby bölümde Mälikguly aganyň gulluk ýyllarynda ulanan moto we awtoulaglarynyň ýörite sergisi guraldy.
Harby bölümde içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň ruhuna bagyşlanyp sadaka berildi.
Baky AMANÝAZOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri. Surata düşüren Kemergeldi DOWLYÝEW.