Asylzadalyk

Her bir zadyň düýp-teýkary, gelip çykyşy, adamyň zandy, asylzadalygy baradaky pikir-garaýyşlar türkmen halkynyň ýol-ýörelgesine siňip gidendir. Has dogrusy, bular şol ýol-ýörelgäni düzmäge gatnaşýarlar. Asyllylyk — gözbaşyň arassalygy. Asyllylyk — kök-damaryň berkligi. Asyllylyk — halallyk, sogap, ýagşylyk bilen dolulyk. Bular bolsa ähli gowy häsiýetiň, dogry ýörelgäniň özenidir.
Bu mesele türkmen halkynyň köp müňýyllyk taryhynda juda gowy işlenilipdir. Her tarapyndan barlyp, bu hakynda bitewi milli ýörelgämizi ybarat etmäge gatnaşýan kämil düşünje-pelsepe akabasy döredilipdir. Türkmen nakyllarynda “Aslyny unudan atasyny unudar” diýilýär. Magtymguly: “Asylzada görsem, köňlüm eglener” diýýär. «Mert ýigit mert ärden öner» diýýär. Ýene-de: «Aslyna dartadyr ýüwrük-çamanlyk» diýýär. «Bir akan ýerinden akarmyş aryk» hem diýýär. Akyldar şahyrymyzdan, nusgawy edebiýatymyzyň beýleki wekillerinden, halk döredijiliginden ýene kän mysallary getirip bolardy...
Asylzada ata bilen ene! Şuny diýenimizde, biz bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň kyblagähleri Mälikguly agany, Ogulabat ejäni, şonuň bilen birlikde ýedi arkasyny, asyrlardan-asyrlara milletimizi beýgeldip gelen mert pederleri, gaýratly eneleri göz öňünde tutup aýdýarys.
Halkyň öňüne çykyp, görelde bolmak üçin, ýörelge bolmak üçin, döwlete Baştutan bolup, ony beýgeltmek üçin, döwri döwür etmek üçin akyl gerek, parasat gerek, bilim gerek, tejribe gerek. Bilim-tejribäni, akyl-parasaty ýerinde ulanmak, dogry alyp gitmek gerek. Bularyň baryna ýetmek üçin gözbaş arassa gerek, binýat berk gerek. Halallyk, sogap, ýagşylyk bilen dolulyk gerek. Diýmek, asylzadalyk gerek! Gahryman Arkadagymyz bilen Arkadagly Serdarymyz, ine, şeýle Ynsanlardyr! Asylzada Ynsanlardyr! Arassa gözbaşdan zehini suwaryp, berk binýada daýanyp, beýik kämile ýeten Ynsanlardyr!
Gahryman Arkadagymyz türkmen asylzadalygyna daýanyp, bilimleriň hem garaýyşlaryň, durmuş tejribesiniň päkize dünýäsini gazanandyr. Şu elýetmez gymmatlyklaryň eýesi bolup, bu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzy hem döwletimizi beýgeldýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasat nury siňen eziz Diýarymyz dünýäniň iň abadan, iň rahat ýurduna, taryhy ösüşleriň, özgerişleriň mekanyna öwrüldi. Şu parasat ýurdumyzy öňe alyp gitmekden hem başga, sebitleri, yklymlary — bu gowgaly dünýäni galkyndyryp bilýän, oňa iň dogry ýoly salgy berip bilýän güýje eýedir. Peder ýoluny dowam etdirmek bilen, Arkadagly Serdarymyzyň hem şeýle mukaddes güýje ynam bilen erk edýändigi şu topragyň perzentleriniň her birini buýsandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň Mälikguly aganyň ýagty ýadygärligine bagyşlap döreden «Atamyň» atly goşgusynda şeýle setirler bar:
Aýlaryň soltany — ol Remezanda,
Tamam boldy durmuş ýoly atamyň.
Gözellik jem bolup beýik ynsanda,
Şan-şöhratly geçdi saly atamyň.
Mälikguly agany biziň hemmämiz diňe ýagşylykda ýatlaýarys. Ol bu beýik hormaty halkymyzyň öňünde bitiren gaýtalanmajak uly hyzmatlary bilen gazandy. Merdi-merdanalygy, belent adamkärçiligi bilen gazandy. Bilimi hem tejribesi bilen gazandy. Aňyna hem kalbyna guýlan, gany bilen aýlanan, dünýäsini dolduran ajaýyp häsiýetler, tämiz duýgy-düşünjeler ony bütin ömrüne goldandyr. Diýmek, abraý-mertebäniň belent tagtyna ýetmekde Mälikguly agany hem, ozaly bilen, asylzadalygy goldandyr!
Ynsan ogly, bilimden-tejribeden ýüki näçe ýetik bolaýsyn, janyna-tenine siňen, ruhuna ornan şeýle gymmatlyklar bolmazdan, arzyly derejelere, uly menzillere ýetip bilmezdi. 
Binýady berk binalar ýüzýyllyklarboýy mizemän, sarsman, dünýäniň manysyny öwrenmegiň mukaddes kitaby bolup oturandyrlar! Köküni çuňa uran çynarlar başyny asmana göterip, saýa salyp, asyrlaryň ýagdaýyny asyrlara habar berýändirler! Şu ýerdenem Gahryman Arkadagymyzyň goşgusyndan mysal getirilen ýokardaky setirleriň çuňňur manysy açylýar: Mälikguly aganyň durmuş ýoly, Alla sylap, mukaddes Remezan aýynda tamam boldy. Adamy bezeýän ähli ajaýyplyklary — gözellikleri özünde jemländigi üçin bu beýik ynsanyň ömür ýoly şan-şöhrata beslendi!
Mälikguly aganyň özi hem goşgularynyň birinde: “Aslymy yzlasam, mertdir pederim” diýip, aslyndan gaýdýan asylly häsiýetini, bu baradaky mukaddes ynanjyny buýsanç bilen beýan edipdir. Geliň, bu goşgynyň şu setirlerine üns bereliň:
Aslymy yzlasam, mertdir pederim,
Şu toprak hakdadyr beýik eserim,
Şu Watany söýüp-söýüp öterin...
Soňra ol pikirini has aňyrlardan alyp gaýdýar:
Gadymýetde Oguz, Görogly bardyr,
Togrul beg, Alp Arslan — zor ogly bardyr,
Peder ykbalyna ýeňişler ýardyr...
Mälikguly aganyň: «Gideliň biz atalaryň ýolundan!», «Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertlik-merdanalyk dünýäň gözbaşy» ýaly setirlerinden hem şu manylar çogup durandyr: biziň aslymyz — merdana, watansöýüji ata-babalar. Biz şu beýik aslymyzy unutmaly däldiris, olaryň şan-şöhratdan doly durmuş ýoly biziňem ýolumyzdyr...
Ine, indi bolsa şu setire gaýtadan nazar salalyň: «Merdi-merdanalyk dünýäň gözbaşy». Diýmek, biziň aslymyz dünýäniň gözbaşyndan, Adam atadan we beýleki merdi-merdana ata-babalarymyzdandyr. Biz, ine, şol berklikden, şol mertlikden, şol päklikden gaýdýandyrys. Ýaşaýşyň gözbaşyndan gaýdýan mukaddes, päkize ýola — aslymyza wepadar bolmalydyrys, şol ýol bilen gitmelidiris, şol ýol bilen geljegimizi gurmalydyrys...
Gahryman Arkadagymyz: «Perzent daragt bolsa, kökleri ata-enedir. Daragtyň saýasy-da, miwesi-de köklerine baglydyr» diýýär. «Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir. Çeşmäniň durulygy, arassalygy hem gözbaşyna baglydyr» diýýär.  Gahryman Arkadagymyzyň ata-ene hem perzent gatnaşyklary barada bu aýdanlary diňe birnäçe nesliň arasyndaky däl, tutuş nesilleriň arasyndaky, asyrlaryň we müňýyllyklaryň arasyndaky üznüksiz baglanyşygy, hiç wagt bozulman, dowam etdirilip, ösdürilip gelinýän bitewi ýol-ýörelgäni hem aňladýandyr diýesimiz gelýär.
Aýdylyşy ýaly, her döwrüň öz beýik şahsyýetleri bolýar. Mälikguly aganyň ykbalyna dürli döwürlerde, hatda juda çylşyrymly döwürlerde ýaşamak paýy düşüpdir. Ol döwürleriň içinden mert, gaýratly, watansöýüji ynsan hökmünde geçip gelipdir. Bilim-tejribesini, zehinini hem başarnygyny il-ýurdumyza bagyş edipdir. Watany söýmek, il-halka hyzmat etmek üçin aýry bir pursadyň ýokdugyny, adamyň ýaşaýan her dem pursadynyň ile-ýurda söýgi bilen, ile-ýurda hyzmat bilen doly bolmalydygyny durmuş ýolunda subut edipdir. Şeýdip ol ynsanlyk mertebesini saklamagyň göreldesini görkezipdir, ýörelgesini goýupdyr.
Mälikguly aga öz eserlerinde şeýle diýýär: «Barça ýürek Watan bilen baglydyr». «Watanyň öňünde dyza çökeliň!». «Ene» sözi meniň beýik eserim». «Eneler şat bolsun dünýäň ýüzünde//Uruşlar ýat bolsun dünýäň ýüzünde». «Ýakyn bolsun ynsanlaryň arasy//Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär»...
Mälikguly aganyň pähim-paýhas siňdirip ýazan goşgularyny bu gün nesiller aýdym edýärler. Bu sözler ynsansöýüjiligiň, watansöýüjiligiň, göwnaçyklygyň, ruhubelentligiň, mähribanlygyň hem wepadarlygyň ajaýyp eserleridir! Peder pendidir! Ýaşaýşyň senasydyr!
Gahryman Arkadagymyz: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly meniň üçin durmuş mekdebi boldy» diýýär.
Ynsany bezeýän iň gowy häsiýetleri özünde jemlän Mälikguly aganyň ömür ýoly hemmämiz üçin hem göreldedir. Gahryman Arkadagymyz ol mekdebi öz parasadyna ýugrup dowam etdirip, ösdürip, döwlet syýasatynyň süňňüne siňdirip, nesillere nusgalyk we dünýä nusgalyk ýol-ýörelgä öwrüp geldi. Ol mekdep Watany söýmegiň, goramagyň, beýgeltmegiň mekdebidir. Öz halkyň rahatlygy, eşreti, bagty üçin, adamzadyň abadan durmuşy üçin iň gowy işleri bitirmegiň mekdebidir. Döwlet Baştutanynyň wezipesine girişen ilkinji pursatlarynda öňe süren: “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly şygaryndan hem Gahryman Arkadagymyzyň şu beýik mekdebiniň many-mazmuny görnüp durandyr. Bu gün Arkadagly Serdarymyz: “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýmek bilen, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýär.
Munuň özi milletiň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň, duýgy-düşünjesiniň, ynanjynyň üznüksizliginden, bölünmezliginden, dowamat-dowamdygyndan habar berýär. Arkadagly Serdarymyzyň şeýle nurana sözi bar: “Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!”. Bu söz ata-ene, maşgala mukaddesligini belende götermek bilen, bütin halkyňy, onuň şöhratly taryhyny, ýol-ýörelgesini belende götermek baradaky parasatdyr.
Milletiň döwletliligine, dünýäniň abatlygyna hyzmat edýän asylzada ýol-ýörelgämiz dowamat-dowam bolsun!
Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».