Dost, seýran edeli...

(Bathyz gündeliginden)
Rowaýatlarda aýdylyşy ýaly, dünýäniň döreýşi ýaz bilen başlanypdyr. Baharda dünýäni asylky bolşunda görýän ýalylygymyz, meger, şonuň üçindir. Göwnüňe bolmasa bu pasylda çasly akýan çeşmedir çaýlaryň sesi, dünýäniň uçup görülýän heziliniň eýeleri bolan guşlaryň owazy has dury, has şirin çykýan ýaly. Ýaşyl maýsaly meýdanlarda at salýan şemalyň-da gyşdaky yzgytsyzlygyndan nam-nyşan ýok. Ol ýetişibildiginden ýazyň ysyny dumly-duşa paýlaýar. Ondan her kim özüne geregini alýar. Gülden-güle gonup ýören kebelekler, arylar bolsa baharyň diňe özleri üçin gül açandygyna ynanýana, ony özgelerden gabanýana ogşaýarlar. Ýogsa olar, heý-de, şeýdip gülleriň daşynda perwaz urarmydylar?
Bathyz diýlende, köpleriň ýadyna bahar pasly düşýän bolsa gerek. Edil şonuň ýaly-da, bahar pasly barada gürrüň açylsa, meniň ýadyma Bathyz düşýär. Onda-da tüýs «Ýazyny ýazlaýan Bathyz» diýilýäni. Gökje otlaryň arasyny elek-soky eden Bathyz şemalynyň paýlaýan ysyndan bir gezek gananyň tutuş ömrüne süňňünde bahary göterip gezjekdigine ynanýan. Siz muny bu ýerlere seýil edenlerden sorap görüň ýa-da «Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn» edip, Bathyza myhman boluň! Özüňiz munuň gözlüje şaýadyna öwrülersiňiz. Siz ýolbelediňizden «Bathyza ýetdikmi?» diýip soramaly-da bolmarsyňyz. Onuň özi siziň öňüňizden çykar. Belentli-pesli sähra sizi gül bilen garşylar. Gökde ganat ýaýyp ýören guşlar size asmandan, dyzboýy bolan güller Zeminden sereder. Adaja öwüsýän şemal dünýäniň asylky ysyny getirer. Siz şonda asman-zemin arasynda ruhuňyz bilen ikiçäk galandygyňyza düşünersiňiz. Ýekeligiň ynsana ýagşy ýerinde tebigatyň ýazyna garylarsyňyz.
Gül bilen garşylan sähra sizi gül bilenem ugradar. Aslynda-ha, ynsan haçan-da, tebigata has golaý wagtynda özüniň asylky bolşuna ýakynlaşýarmyş. Şu dogry bolmaly. Şol wagt bolmasa-da, soň-soňlar şol sähralarda özüňiziň bir bölegiňizi goýup gaýdandygyňyza düşünersiňiz. Şonuň üçin-de käte-käte özüňizi tapmak üçin Bathyza gidesiňiz geler durar, gidesiňiz geler durar...
                                                * * *
Bathyza baharyň gelşem üýtgeşik. Ol ýüzüni agşama tutup geler. «Garry mama» sanajyny dözümlilik bilen kakyp, lemmer-lemmer gara bulutlary sürüp getirer-de, dünýäni suw-sil eder. Ýazlaga çykyp, gara öýlere çöwşi etmäge ýetişmedikler tärimden ýapyşar. Ýogsa ýaz şemaly gara öýi bir zarbada gapdala agdarjakdandyr. Şemala yranyp oturan gara öýüň bolşy ýazyň gelýänine begenip, hiňlenip durana ogşar. Iri-iri damjalar, her biri nohutdyr şänik ýaly jöwenek ýeriň ýüzünde dep kakýana döner. Şol pursat ýürek edip daşary çykagadan, günbatara tarap ýüzüňi tutsaň, asmanyň bagryny dilip-dilip gidýän ýyldyrymyň ýagtysyna süýnüp-sarkyp gelýän bahara gözüň düşer. Gijagşam dünýäniň ýüzi açylana döner... Şu ýerde geň galdyrýan bir pikiri agzap geçeliň: «Ýazyň gelenini gören bar, gideninden welin, hemme habarsyz...».
Ertesi meýdana çykyp göräý! Baharyň geçip giden ýeri üp-üýtgeşikdir. Ho-ol ýumry-ýumşak gyşda dürteren öt-çöpüň meňzi ýuwlup, elinden çekilen ýaly bolandyr. Olar sähelçe günden ers-mers bolup, soň seniň aýagyňa çolaşar. Agşam çygyndan ýaňa, ýaňagy öljerip duran ot dyzyňa çenli öl-myžžyk eder. Şonda dowarlardan hezil edýäni ýok. Olar çyg düşen gök otdan garynlary yzyna aýlanýança alynýar. Şeýdip, dowarlar hem-ä ýagşy otarylýar, hemem suwdan gandyrylýar. Onsoň süriniň ýüzi guýa tarap öwrülibilşinden öwrülsin-dä.
Ýazlaga çykan hojalyklar ýaz aladasyna ulaşarlar. Bathyz çarwalary owlak-guzy möwsümi bilendir. «Mä-de-mä-ä» boluşýan dowarlaryň sesinden Bathyz belentlikleri ýaňlanar durar. Soň bütin ýyl bir eýleden, bir beýleden çawjap, gününi ötürýän şemal baýyrlaryň süňňüne siňen o sesleri ondan-oňa aýlar ýörer. Kakam guzusyndan aýrylan goýunlaryň soň-soň käte diňşirgenip durmasynyň asyl sebäbiniň-de sol ses bilen baglydygyny aýdýar.
Bahar tebigatyň iň bir «ýaňra» döwri bolsa gerek. Tebigata jan girmegi bilen janly-jandar tekgelenene, bat berlene dönýär. Ýaz ýagşynyň şybyrdysy, ygal-yslaňdan janlanana dönen ýaşyl meýdanyň paşyrdysy, guş-gumrularyň jürküldisi... dumly-duşa owaz bolup ýaýraýar. «Tebigy simfoniýa» diýilýänem şol bolsa gerek. Okaralaryny suwdan dolduran keýigokaralardyr çomuçlaryň şemalyň oýnuna galgaýan «ellerini» göge uzadyp durmasy bu owaza çapak çalýana meňzeýär.
                                                * * *
Ýaz hezilligi aprelde has-da artýar. Owlak-guzular tokarlanýar, sürüleriň çygry giňäp, uzak örülere gidilip ugralýar. Guzy daşap, goýun seltäp ýadan çarwalaryň arkasyna şemal çalýar. Ýazlagçylar bolsa goýundyr geçi süýdünden taýynlanan mesgedir saryýagdan, gurtdur sargandan, peýnirden ýüküni tutandyrlar. Dowarlar gyrkylyp, çarwalar ýaz aladalarynyň ýene birinden dynandyrlar. Aprelde ýagşyň her damjasy topraga derman bolup siňýär. Çarwalar aprel ýagşyna göz dikip garaşýarlar. Ol martyň ahyrynda dürteren-u-gögerip başlan iri ot-çöpüň boý almagy üçin zerur. Iri ot-çöp dowarlara tomus-u-güýzde, gyşda garnyny ýazmak üçin hemem Bathyz şemalyna sowrulýan samany uçurman saklamak üçinem zerur.
                                                * * *
Bahardan gürrüň açylsa, Bathyz ýadyma düşýär. Onda-da tüýs ýazyny ýazlaýan Bathyz. Sakgyç edinip hezil etmek üçin garla gözleýän oglanjygyň yzyna düşüp barýan alabaýyň torsuk ýaly güjüjegi, ýatan guzusyny taşlap bilmän sürüden galan goýnuň onuň bilen süriniň arasynda kökenek bolşy, akja kömelek tapyp, dünýäni ele salana ogşaýan çagalaryň heşellesi, Gün ýaşar-ýaşarda sürüdäki ýüzlerçe owlak-guzynyň bökjeklemesi Bathyz baharynyň bir ülşi bolup ýüregimde galypdyr. Ýadyňdan çykýan zatlar bar, ýadyňa has berk ornaşýan zatlar bar. Ýyllar Bathyz ýatlamalaryny her baharda ýuwup-ýylmap, has-da lowurdatmak bilen. Aýdyşlary ýaly, adamy ýadynda galan zatlar ýaşadýar...
Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».