Ýaz: pasla görä saglygyňyzy goraň!

Her paslyň öz aýratynlygy bolýar. Bahar paslynda adam süňňünde witaminler, minerallar azlyk edip başlaýar. Bu ýagdaý bolsa, öz gezeginde, dürli keselleriň, esasan-da, howanyň çyglylygy we durnuksyzlygy sebäpli, dem alyş ýollarynyň ýiti respirator keselleriniň döremegine getirip bilýär. Ol keselleriň ýüze çykmazlygy üçin pasla görä geýinmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, kadaly iýmitlenmek, köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklamak, agyz-burun örtügini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini dogry we doly berjaý etmek ýaly hökmany talaplar ýerine ýetirilmelidir.
Bahar howasynyň täsiri astynda, taplanmadyk bedeniň kesellerden goranyş ukyby peselýär. Şonuň üçin hem ýaşlykdan, janymyz sagatka, ähli pasyllarda arassa howada gezelenç etmek we bedenimizi dürli usullar bilen berkitmek, taplamak wajypdyr.
Dem alyş ýollarynyň kesellerinden goranmagyň iň aňsat hem netijeli usuly ellerimizi tiz-tizden ýyly suw bilen sabynlap ýuwmakdyr, sebäbi ýokanç keselleriň köpüsiniň galtaşmak arkaly geçýändigi mälimdir. Bakteriýalar, wiruslar, adatça, telefonlar, gapy tutawaçlary we beýleki hojalyk enjamlary arkaly, öz hereketini dowam etdirýärler. Şonuň üçin hem adamlaryň üýşýän jemgyýetçilik ýerlerinde bolnandan soň, elleri ýyly suw bilen, gowy edip sabynlap ýuwmak maslahat berilýär.
Bahar paslynda wirusly ýiti respirator kesellerden habardar bolmaly. Ýagyşly, şemally howa bolup, onuň çyglylygynyň üýtgäp durmagy adam bedeniniň immun ulgamyny pese düşürýär. Bu pasylda adam süňňi sähelçe sowuga-da duýgur bolup, onuň könelişen keselleriniň ýüze çykmagy mümkin. Şonuň üçin öz wagtynda keseliň ýitileşmeginiň öňüni alyş çärelerini berjaý etmek maslahat berilýär.
Gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli. Dem alyş ýollarynyň kesellerinden goranmagyň ýene bir usuly sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmakdyr. Ol dem alşy gowulandyryp, bedeniň işjeňligini kadalaşdyrýar, immun ulgamyny berkidýär.
Gök önümleri iýmezden öň, gowy edip ýuwmaly. Muny ünsden düşürmeli däl. Naharlanylanda, ter sogan ýa-da sarymsak iýmeli. Olardaky fitonsidler mikroblaryň köp görnüşinden goraýar. Olaryň suwuny burnuňa damdyrsaň, dem alyş ýollaryny açýar. Gyzyl burçly unaş hem ýiti respirator keselleriň öňüni almakda örän peýdalydyr.
Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan şypaly çaýy içmeli. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleriň öňüni almakda üzärligiň bejerijilik ähmiýeti hem uludyr.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.