Bütindünýä saglyk güni şanly sport toýuna beslendi

Şu gün daň saz berenden gözel paýtagtymyzyň günorta-günbatarynda ýerleşýän, Aziýanyň merjeni hasaplanýan ak şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýan «Welosiped» binasynyň daş-töwereginiň mähellesi ýetik boldy. Çünki bu gün säher bilen, 7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, Arkadagly Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bagtyýar ildeşlerimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýola goýlan, ençeme ýyldan bäri asylly däbe öwrülen welosipedli ýöriş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrler, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. 
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi uly buýsançly waka öwrüldi. 
Hormatly Prezidentimiz: «Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu aýdanlaryndan ugur alyp, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaraly welosipedli ýörişler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem uly toý-dabara beslenip, bellenilip geçildi. Bu günki welosipedli ýörişe welaýatlaryň zähmetkeş halky hem uly höwes bilen işjeň gatnaşdy.