Hormatly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary!

Türkmenistanda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy we täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler bu ugurda öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär.
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň haýyşnamalaryna laýyklykda, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, paýtagtymyzdaky ekologik abadançylyga ýardam berýän awtoulagsyz günleri geçirmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň 4-nji aprelinden 11-nji apreli aralygynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli paýtagtymyzda hereket edýän şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi awtoulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.
Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny bu ekologik çärä işjeň gatnaşmaga çagyrýarys. Paýtagtymyzyň abadançylygyna goşant goşmak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.