Orazaňyz kabul bolsun!

Şu gün ahlak arassalygyny, şükranalygy, sabyr-kanagatlylygy terbiýeleýän, ruhy tämizligiň aýynyň — Oraza aýynyň ilkinji güni. Bu aý adamzadyň sagdyn we arassa ruhy-ahlak gözelliklerini hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýar.
Oraza aýy Gündogaryň ençeme halklarynyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan taryhy-medeni kökleriniň umumylygyny kesgitleýän, adamzady birek-birege ýakynlaşdyrýan ajaýyp dessurlaryň berjaý edilýän aýydyr. Dünýä halklarynyň umumadamzat ähmiýetli ruhy gymmatlyklaryny we ýörelgelerini özünde jemleýändigi, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini, ýokary ahlak häsiýetlerini, dünýägaraýşyny şöhlelendirýändigi üçin bu dessurlar her birimize has ýakyndyr.
Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyna aýawly çemeleşmek, onuň belent ruhy-ahlak ýörelgelerini we däplerini baýlaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu mukaddes aýyň agzybirlikde, hoş niýetler bilen garşylanmagy häzirki wagtda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik we ösüş ýoly bilen üstünlikli gadam urýandygynyň alamatydyr.
Oraza aýy — sogaplara baý aýlaryň biri. Ene-mamalarymyz bu mukaddes aý başlananda we ahyrlanda, dürli tagamlary bişirip, ys çykarýarlar. Çagalar öýme-öý aýlanyp, Oraza aýynyň gelýändigini buşlap, ýaremezan aýdýarlar. Milli däplerimize laýyklykda, ýagşy niýetler bilen täze çaga doglan, gelin edinilen öýlere barlyp gaýdylýar. Täze eşikler geýilýär.
«Günüň serweri — juma, aýyň serweri — Remezan,//Ýylyň serweri — goýun, gijäniň serweri — gadyr» diýlişi ýaly, Remezan aýyna aýratyn sarpa goýlup, bu aýda doglan çagalara Oraz, Orazgeldi, Remezan, «Oraza aýynda myradyma ýetdim» diýlip, Orazmyrat ýaly atlar dakylýar.
Magtymguly Pyragynyň:
Ýigrimi dört sagat on iki aýda,
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn ―
diýip, wasp edişi ýaly, Oraza aýy ynsanlara mukaddes Gurhanyň inderilen aýydyr. Remezan aýynda oraza tutmak ynsanyň ruhy taýdan päklenip, ahlak taýdan kämilleşmegine ýardam edýär. Ýaradanyň razylygyny gazanmak üçin tutulýan orazanyň beden saglygyna-da peýdalydygyny bolsa Muhammet pygamberiň «Oraza tutuň, saglyk taparsyňyz» diýen sözleri hem tassyklaýar. Oraza ynsanlaryň galkany — ähli ýamanlyklardan goraýjy hasaplanýar. Remezan gijelerinde musulmanlaryň jemagat bolup okaýan tarawa namazy-da agzybirligiň, jebisligiň, hoşniýetliligiň nyşanydyr.
Müň aýdan has haýyrly hasaplanýan Gadyr gijesi hem bu aýyň içindedir. Gadyr gijesi bu ýyl 27-nji aprelden 28-nji aprele geçilýän gijä, Oraza baýramy bolsa 2-nji maýa gabat gelýär.
Oraza aýynda etjek ybadatlaryňyz, doga-dilegleriňiz, orazalaryňyz, berjek agzaçar sadakalaryňyz kabul bolsun, eziz watandaşlar!
Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».