Bolliwud we beýlekiler

Hindi kinematografiýasy barada gürrüň açylanda, ilkinji nobatda, «Bolliwud» ýadymyza düşýär. Sebäbi bu at ilkinji surata düşürilen filmler bilen baglanyşyklylykda tomaşaçylaryň aňynda galypdy. Hindistanda «Bolliwuddan» başga-da iri kinostudiýalar bar.
Hindistanda ýylyň-ýylyna surata düşürilýän filmleriň 20-30 göterimi degişli bolan «Bolliwudyň» ýer ýüzündäki tomaşaçylarynyň sany, takmynan, 3 milliard töweregi diýlip hasaplanylýar. «Bolliwudyň» ýerleşýän ýeri bolan «Film sitiniň» çäginde 14 sany studiýa bar. Şeýle-de «Bolliwudyň» surata düşürilýän 44 sany ýörite açyk meýdançasy bar.
«Tolliwud» we «Kolliwud» kinostudiýalary «Bolliwudyň» esasy bäsdeşleri hasaplanylýar. Şeýle-de Hindistanda «Mooliwud», «Sandalwud» we «Olliwud» ýaly has ownuk kinostudiýalar bar.
Hindistanyň kino baýraklarynyň iň abraýlysy Dadasaheb Falke adyndaky baýrakdyr. Bu baýragyň ýeňijilerine «Altyn lotos», «Kümüş lotos» baýraklary we pul baýraklary gowşurylýar.
Hindistanyň Halkara kino Akademiýasynyň baýragy ilkinji gezek 2000-nji ýylda Londonda gowşurylypdy. Şondan bäri onuň geçirilýän ýeri her ýylda üýtgedilip durulýar. Bu baýrak üç topara bölünýär: döredijilik ugry, ýörite baýraklar, tehniki görnüşler. Olarda «Ýaramaz häsiýetli gahrymanyň keşbini iň gowy ýerine ýetirendigi üçin», «Gülküli keşbi iň gowy ýerine ýetirendigi üçin», «Iň gowy aýdym» (Erkek we zenan), «Iň gowy kyssa», «Ýylyň estrada artisti» ýaly beýleki kinofestiwallara mahsus bolmadyk baýraklar hem gowşurylýar.
«Filmfare Awards» baýragy hem kinoçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Muny bu baýragyň hindileriň arasynda «Oskara» deňelýändigi bilen hem düşündirip bolar.
«Nandi Awards» baýragy telugu dilinde kinoda, teatrda we telewideniýede ýetilen iň gowy sepgitler üçin her ýylda gowşurylýar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Maýsa JUMANYÝAZOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.