Hindistanyň merjen mekanlary

Täçmahal aramgähi. Hindi binagärliginiň hakyky merjeni bolan bu ajaýyp metjit Beýik Mogollar döwletiniň (Babur imperatorlygy) hökümdary Jahan şanyň aýaly Mümtazy Mahala bolan çäksiz söýgüsiniň hatyrasyna gurlupdyr. Ýamuna derýasynyň kenarynda ýerleşýän, aramgähiň diwarlary gymmatbahaly daşlardan we ak mermerden edilipdir. Onuň keşbi irden gülgüne, gündizine ak, aýly gijede bolsa altynsow öwüsýär. Täçmahal 1983-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
                                                        * * *
Waranasi şäheri. 3000 ýaşly Waranasi ybadathanalaryň şäheri hökmünde tanalýar. Çünki ol ýerde her ädimde ybadathanalara duş gelmek bolýar. Olaryň iň meşhury 1776-njy ýylda Şiwe hudaýlaryna bagyşlanyp gurlan Altyn ybadathanasydyr. Bu ybadathana Gang derýasynyň kenarynda ýerleşýär.
                                                        * * *
Altyn şäher. «Altyn şäher» diýlip atlandyrylýan bu gadymy şäheriň kerwen ýollarynda söwda gatnaşyklarynyň giň gerimde ösdürilmeginde ähmiýeti uly bolupdyr. Şäheriň özboluşly aýratynlyklarynyň biri-de gumuň reňkindäki binalarynyň köplügi we olaryň galyň diwarlarynyň aňyrsynda saklanyp galan gadymy galalarynyň bolmagydyr.
                                                        * * *
Harmandir Sahib ybadathanasy. Tyllaýy ybadathana hökmünde tanalýan Harmandir Sahib ybadathanasy Penjabyň Amritsar şäheriniň merkezinde bina edilipdir. Suwly howuz bilen gurşalan ybadathananyň dört girelgesi bar. Bu bolsa oňa ähli dinlere uýýanlaryň girip biljekdiginiň nyşanydyr. Ybadathananyň diwarlary oýma agaç nagyşlary we altyndyr kümüş bilen bezelendir.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Merjen JUMAGYLYJOWA,
«Edebiýat we sungat».