Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy çagyrdy.
Paýtagtymyzyň häkimi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak mermerli Aşgabatda arassaçylyk, abadançylyk kadalarynyň berjaý edilişi, şunuň bilen baglylykda, jemagat hojalygynyň gulluklarynyň ýerine ýetirýän işleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem şäherde ýaz möwsüminde meýilleşdirilen bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek boýunça işleriň geçirilişi barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belledi we şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda ähli işleriň, şol sanda gurluşyk işleriniň bellenilen kadalara laýyk derejede öz möhletinde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimleriniň şäheri döwrebap derejede ösdürmek bilen bagly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamalydyklaryny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýollary döwrebaplaşdyrmak meselesiniň örän wajypdygyny belläp, bu babatda şäheriň häkimine degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz söwda nokatlarynda işleriň alnyp barlyşyna hem ünsi çekip, bu babatda ilata hyzmat edilişiniň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýazky bag ekmek möwsüminiň talabalaýyk geçirilmegine aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda şäher häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde alnyp barylýan işler barada, hususan-da, gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin ekişde ulanylýan tehnikalary hem-de gurallary doly güýjünde işletmek boýunça görülýän zerur çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim bugdaý meýdanlarynda ideg etmek işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek boýunça zerur çäreleriň alnyp barylýandygy barada aýtdy.
Hasabatyň çäklerinde welaýatda ýazlyk ýeralmadan, sogandan we beýleki gök ekinlerden ýokary hasyl almak üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg edilişi, beýleki gök-bakja ekinlerini bellenen möhletlerde ekmäge taýýarlyk görlüşi barada hem habar berildi.
Welaýatda ýaz möwsüminde meýilleşdirilen bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilişi barada hem hasabat berildi.
Şeýle hem häkim pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görlüşi, pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada aýtdy.
Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygyndaky möhüm gowaça ekişi möwsümini ählitaraplaýyn guramaçylykly we maksadalaýyk geçirmegiň örän wajypdygyna ünsi çekip, geljekki bereketli hasyly almakda bu işleriň uly täsir edýändigini belledi. Şoňa görä-de, gowaça ekişiniň bellenen möhletinde we bildirilýän talaplara laýyklykda geçirilmegini gazanmak boýunça birnäçe tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz bugdaýa ideg etmek işlerinde hem degişli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzy türkmen topragynda öndürilen azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmegiň öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendigini aýdyp, şunuň bilen baglylykda, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegini gazanmak barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz bag nahallaryny ekmek boýunça badalga berlen möwsümiň bu ugurda öňde goýlan belent maksatlary ýerine ýetirmekde örän ähmiýetlidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häkime birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän pile öndürmek möwsümi barada aýdyp, bu gymmatly çig malyň dokma pudagy üçin örän zerurdygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, welaýatyň çäklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işlerini ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin ekişde ulanylýan tehnikalary hem-de gurallary doly güýjünde işletmek boýunça çäreler görülýär.
Bugdaý meýdanlarynda ideg etmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilýär. Bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünleri bermegiň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreler görülýär.
Welaýatda ýazlyk ýeralmadan, sogandan we beýleki gök ekinlerden ýokary hasyl almak üçin bu ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleri geçirilýär, beýleki gök-bakja ekinlerini bellenen möhletlerde ekmäge taýýarlyk görülýär.
Ýaz möwsüminde meýilleşdirilen bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek işleri hem talabalaýyk alnyp barylýar.
Şeýle hem häkim pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görlüşi, pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyňdyr ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz döredilen hemme mümkinçiliklerden we howanyň amatly pursatlaryndan peýdalanyp, gowaça ekişini ähli agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bugdaýa ideg etmek boýunça möwsümleýin çäreleri ýokary hilli hem-de agrotehniki talaplara laýyklykda geçirmegi üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýaz möwsümi üçin meýilleşdirilen bag nahallarynyň gysga wagtda oturdylmagyny üpjün etmegi hem-de ekilen baglara talabalaýyk ideg edilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek, kärendeçi-ýüpekçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi boýunça bellenen işler bilen baglylykda hem degişli tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilýän işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşyklaryny ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlamagyň wajypdygyny aýtdy.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu ýylyň 30-njy martynda gowaça ekişine girişmek boýunça zerur taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Häkim bugdaý meýdanlarynda ideg etmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilişi barada aýdyp, bugdaýa ösüş suwuny tutmagyň, mineral dökünlerini bermegiň depginini güýçlendirmek üçin görülýän zerur çäreler barada habar berdi.
Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmadan, sogandan we beýleki gök ekinlerden ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin bu ekinlere ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk guramak hem-de beýleki gök-bakja ekinlerini bellenen möhletlerde ekmäge taýýarlyk görmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi.
Hasabatyň çäklerinde ýaz möwsüminde bag nahallaryny oturtmak we olara ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda pile öndürmek möwsümine degişli taýýarlyk görülýär, hususan-da, pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Häkim Oba milli maksatnamasyna we ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşynyň depginleri barada-da hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsüm bolan gowaça ekişiniň başlanjak wagtynyň Daşoguz welaýatynda hem ýakynlaşyp gelýändigini aýdyp, ekişe badalga berilmegine hemmetaraplaýyn we guramaçylykly taýýarlyk görülmelidigine häkimiň ünsüni çekdi. Ekişde ulanyljak tehnikalar hem-de beýleki oba hojalyk gurallary doly güýjünde işledilmelidir. Kärendeçi-pagtaçylar tohumlar bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz bugdaýa ideg etmek boýunça çäreleriň ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, ak ekinlere ösüş suwuny tutmak hem-de maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilmeginiň möhümdigini nygtady we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz azyk bolçulygyny üpjün etmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleri bellemek bilen, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns berilmelidigini nygtady hem-de ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek işlerini güýçlendirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýazky bag ekmek möwsümi barada aýdyp, meýilleşdirilen bag nahallarynyň bellenen möhletinde ekilmegini hem-de olara talabalaýyk ideg edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek baradaky meseläniň üstünde durup geçip, bu ugurda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde hemme meseleleriň öz wagtynda çözülmegini üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilýän işleri öz wagtynda amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtap, desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlanmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda welaýatyň häkimine birnäçe degişli görkezmeleri berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işler barada, hususan-da, gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin ekişde ulanylýan tehnikalary hem-de gurallary doly güýjünde işletmek boýunça görülýän zerur çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem bugdaýa ideg etmek işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek boýunça zerur çäreleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.
Hasabatyň çäklerinde welaýatda ýazlyk ýeralmadan, sogandan we beýleki gök ekinlerden ýokary hasyl almak üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg edilişi, beýleki gök-bakja ekinlerini bellenen möhletlerde ekmäge taýýarlyk görlüşi barada hem habar berildi.
Häkim sebitde ýaz möwsüminde meýilleşdirilen bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek işleri hem-de pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görlüşi, pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada aýtdy. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, sebitde medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de ýollaryň we inženerçilik desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygyndaky möhüm hem-de jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, geljekde “ak altynyň” bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şu maksat bilen, gowaça ekişiniň bellenen möhletinde we bildirilýän talaplara laýyklykda geçirilmegini gazanmak boýunça häkime birnäçe görkezmeler berildi.
Döwlet Baştutanymyz bugdaýa ideg etmek işlerinde hem degişli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendigini belläp, bu babatda, hususan-da, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylynyň ýetişdirilmegini üpjün etmek barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz bag nahallaryny ekmek boýunça badalga berlen möwsümiň bu ugurda öňde goýlan belent maksatlary ýerine ýetirmekde örän ähmiýetlidigini aýdyp, bu babatda häkime birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän pile öndürmek möwsümi barada aýdyp, bu gymmatly çig malyň dokma senagaty üçin örän zerurdygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligiň güýçlendirilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, welaýatyň çäklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýan gowaça ekişiniň barşy barada hasabat berdi.
Ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin möwsümde ulanylýan tehnikalary hem-de gurallary doly güýjünde işletmek boýunça çäreler görülýär.
Bugdaýa ideg etmek işleri agrotehniki kadalara laýyk geçirilýär. Bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünleri bermegiň depginini güýçlendirmek üçin zerur işler alnyp barylýar.
Welaýatda ýazlyk ýeralmadan, sogandan we beýleki gök ekinlerden ýokary hasyl almak üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär, beýleki gök-bakja ekinlerini bellenen möhletlerde ekmäge taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiziň badalga bermeginde ýaz möwsüminde başlanan bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek boýunça işler hem talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem häkim pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görlüşi, pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylykda şu günler alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz döredilen hemme mümkinçiliklerden peýdalanyp, gowaça ekişini ähli agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz bugdaýa ideg etmek boýunça dowam edýän çäreleri ýokary hilli hem-de agrotehniki talaplara laýyklykda geçirmegi üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýaz möwsümi üçin meýilleşdirilen bag nahallarynyň gysga wagtda ekilmegini üpjün etmegi hem-de ekilen baglara talabalaýyk ideg edilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek, kärendeçi-ýüpekçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi boýunça bellenen işler bilen baglylykda hem degişli tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilýän işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşyklaryny ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlamagyň wajypdygyny aýtdy we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Şu günler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyz boýunça şu güne çenli jemi 19 müň 561 gektar meýdanda gowaça ekişiniň geçirilendigi barada hasabat berdi. Ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek boýunça zerur işler edilýär. Daşoguz welaýatynda şu ýylyň 30-njy martynda gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işleriň dowam edýändigi barada hasabat berildi.
Şeýle hem ilatymyzy özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berlip, bu ugurda häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilen 30 müň gektar ýazlyk ýeralma we 10 müň gektar sogana agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini geçirmek işleriniň dowam edýändigi bellenildi.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, şu ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýp nahalyny ekmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Häzir ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan ýazky möwsümde meýilleşdirilen bag nahallaryny ekmek we olara ideg boýunça işler dowam etdirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döwlet derejesinde döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylyp, şu ýyl Diýarymyzda jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Häzir ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpek gurçugynyň tohumlaryny taýýarlamak hem-de pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin tehnikalary hem-de gurallary bökdençsiz işletmek boýunça mundan beýläk-de hemme çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri talabalaýyk geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg edilmegini hem-de beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde badalga berlen ýazky bag ekmek möwsüminiň örän möhümdigine ünsi çekip, ekilýän bag nahallarynyň we olara ideg edilmeginiň bildirilýän talaplara laýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzda pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görülmegi bilen baglylykda, welaýatlarda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe degişli görkezmeler berildi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda wise-premýer we häkimler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanda açyklyk hem-de aýanlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen hem-de iň ýokary döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň mundan beýläk-de abadançylygyna, halkymyzyň bähbidine we bagtyýarlygyna gönükdirilen jogapkärli işlerinde hemişe uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglary we arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän şu ýylda sebitlerde meýilleşdirilen ähli çäreleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidigini nygtamak bilen, öňde goýlan möhüm wezipeleri oňyn çözmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.