Döwrebap jaýlarda abadan durmuş

Golaýda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, ol ýere göçüp baran ildeşlerimiziň durmuş, iş şertleri bilen tanyşdy, olar bilen söhbetdeş boldy. «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip belleýän döwlet Baştutanymyzyň Şa gadamynyň düşmegi döwletli ojaklara bahar joşgunyny, uly ruhubelentlik getirdi. Köp çagaly maşgalalarda körpejeler goşgy aýdyp, ýürek buýsançlaryny, alkyşlaryny beýan etdiler. Täze jaýdan paýly bolan ildeşlerimiziň käbiriniň ýürek sözlerini size ýetirýäris.
Ýazmyrat ÇÜLIÝEW,
Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň hojalyk bölüminiň ýanyndaky awtohojalygyň sürüji-işgäri, polisiýanyň uly seržanty:
— Hormatly Prezidentimiziň döwletli gadamynyň, Nowruz berekediniň biziň ojagymyza-da düş-megi örän buýsandyryjy waka boldy. Kottej görnüşli, 2 gatdan, 5 otagdan ybarat täze jaýa göçüp geldik. Şeýle döwrebap, giň jaýlaryň berilmegi ýurdumyzda Watan goragçylary, köp çagaly maş-galalar hakynda edilýän aladalaryň uludygyna şaýatlyk edýär.
Özüm 19 ýyl bäri gulluk edýärin. Maşgalamda 10 çagam — 5 ogul, 5 gyzym bar. Olaryň 7-si orta mekdebe, 2-si çagalar bagyna gatnaýar. Täze jaý toplumynyň golaýynda medeni-durmuş maksat-ly binalaryň bolmagy ýaşaýjylar üçin has amatly. Maşgalama 2018-nji ýylda «Ene mähri» diýen hormatly at hem dakyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Şa gadamynyň biziň ojagymyza düşüp, «Ýurt garşy alsyn!» diýmegi, durmuş iş ýagdaýlarymyz, hal-ahwalymyz bilen içgin gyzyklanmagy, Şa serpaýlaryny ýapmagy başymyzy göge ýetirdi. Hormatly Prezidentimize bize döredýän şertleri üçin köp sagbolsun aýdýarys, halkymyzyň bagtyýarlygy, döwletimiziň berkararlygy ugrundaky tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Täze jaýa göçüp gelen ildeşlerimizi, goňşularymyzy hem tüýs ýürek-den gutlaýarys.

Öwezgeldi GARAGULOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň kafedra müdiri, içerki gullugyň maýory:
— Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, täze jaý toplumy-myzyň açylyp ulanmaga berilmegi toýlara beslenýän bahar paslynda göwünlerimizi ýaza dönder-di. Bu jaýlar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Gurluşyk birleşiginiň buýurmasy esasynda, türkmen telekeçileri tarapyndan guruldy.
Ýerli gurluşykçylar toplumlaýyn gurlan jaýlarda ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklary göz öňünde tu-tupdyrlar. Giň, ýagty otaglarda köp çagaly maşgalalar üçin hem şertler bar. Biziň maşgalamyz köp çagaly — 8 çagam bar. 1 oglum, 7 gyzym täze jaýa göçüp gelenimizde örän begendiler.
5 otagly kottej jaýymyzda myhman, dynç alyş, çagalar otaglary, aşhana we beýleki otaglar bolup, olar döwrebap enjamlaşdyrylypdyr. Jaýyň ýaşaýyş meýdany 250 inedördül metre golaý bolup, ýyladyş, sowadyş ulgamlary döwrebap işleýär. Howlymyzda bag ýetişdirmäge ýer we beýleki amatlyklar hem bar.
Özüm 2007-nji ýyldan bäri, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzüminde gulluk edýärin. Mugallymçylyk kärimizde-de döwletimiziň goldawyny ýakyndan duýýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyny ak ýoldan aýdyň geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent maksatly tutumly işleri rowaç bolsun! Täze jaýa göçüp gelen ildeşlerimizi ýurt garşy alsyn!
Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW. «Türkmenistan».
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.