Welosiped: sport, saglyk, ekologiýa

Türkmenistanyň işjeň tagallalarynyň netijesinde dünýäde köpçülikleýin welosiped sürmegiň ähmiýeti artýar
Hoş habar

Zeminiň myhy hasaplanýan daglara baksak, belentlik hakyndaky pikirler hakyda dolar. Şol pursatda owazasy dünýä dolan Watanymyzyň at-abraýynyň barha belende galýandygyna buýsanç bilen oýlanýarsyň.
Bulutlar bilen bezelip, ýyldyzlar bilen jäheklenen asmana garasaň, ümmülmez giňişlik göz öňüňde peýda bolar. Bu pursatda Türkmenistanyň ekologiýa baradaky taslamalara işjeň gatnaşyp, bu babatdaky başlangyçlary Ýer ýüzüne ýaýran döwletdigine guwanýarsyň.
Daglardan we asmandan soň gezegi deňizlere bersek, olaryň çuňluk bilen häsiýetlendirilýändigini aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasyndan gözbaş alan tutumly işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy bilen bagly habar ýokarda aýdylanlaryň üstüni ýetirýär. «Ol nähili habar?» diýen sowalyň jogaby Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji martdaky mejlisinde berildi. Indi gönüden-göni taryhy çözgüde geçsek, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamany kabul etdi. Dünýä döwletleriniň 62-si Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilen bu Kararnamanyň döredijileri boldular. Şeýle-de Baş Assambleýanyň ýokarda agzalan mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlandy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welosipediň dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýandygyny belläp, beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmagyň hem aňsatdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtap geçişi ýaly, welosiped sporty sportuň ekologiýa taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär.
                                                    * * *
Welosport sportuň giňden ýaýran görnüşleriniň biri bolmak bilen, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerijiler weloýörişleri hemişelik hemra edindiler. Soňky ýyllarda Türkmenistanda her bir iri çäräniň, hususan-da, sport we saglyk bilen bagly baýramlaryň, şanly seneleriň welosipedli ýörişler bilen dabaralandyrylýandygyny aýtmak gerek. Munuň özi daşky gurşawy goramak bilen bagly başlangyçlara mynasyp goşant bolýar. Sportuň Olimpiýa görnüşleriniň düzümine welosportuň onlarça görnüşiniň girizilendigi bolsa onuň bütin dünýäde giňden ýaýrandygyny äşgär edýär. Bu günki günde ata Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak bilen ynsan saglygyny pugtalandyrmak, şeýlelikde, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek üçin yzygiderli alada edilýär. Bu işde welosportuň we welosipedli gezelençleriň uly ähmiýete eýedigi öz-özünden düşnüklidir.

Dünýä tejribesi
«Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama dünýä ýüzünde ulagyň iň amatly görnüşi hasaplanýan welosipede bolan gyzyklanmany has artdyrýar. Dünýäniň Hytaý, Hindistan ýaly iň köp ilatly döwletlerinde welosipedlere we welorikşalara näderejede ähmiýet berilýändigini gözüm bilen göremsoň, olaryň daşky gurşawy goramaga juda uly üns berýändigi özüne çekdi.
Ýewropa ýurtlaryna nazar aýlasaň, Niderlandlarda, Germaniýada we beýleki ençeme döwletlerde «ýük ýazdyrasyň» gelýär. Niderlandlarda iri kompaniýalaryň işe welosipedli gatnaýan işgärlerine daşky gurşawy goraýandygy üçin zähmet hakyny ýokarlandyrýandygy bilen bagly tejribesi indi dünýäniň aglaba döwletinde rowaçlyk tapdy. Germaniýada bolsa energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanýan ýaşaýjylara bu babatda gerekli enjamlary satyn almaga ýardam berilýändigi, olaryň ulanan energiýasyndan galan bölegini pula öwrüp, dükanlarda söwda edip bilýändigi hem indi täzelik däl. Dünýä belli nemes awtokonserni bolan «Mercedesiň» zawodlarynda işleýän hünärmenleriň awtomobil öndürseler-de, welosipedli hereket etmäge döwtalap bolýandyklary olaryň daşky gurşawy goramaga özüçe goşant goşýandygyny görkezýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Boston şäheriniň ýolbaşçylary asyryň başynda dünýäniň «Welosiped paýtagty» bolmagy maksat edinýändigini aýdyp, welosipedler üçin ýol gurmaga girişdiler. «Welosiped paýtagty» diýen ada dürli yklymlarda birnäçe döwletiň dalaş edip biljekdigini aýtmak gerek. Bu babatda Türkmenistanyň diňe bir sebitimizde däl, eýsem, tutuş yklymda hem welosiped sportuny wagyz edýän ýurtlaryň sanawynda kerweniň başyny çekýändigini buýsanç bilen nygtap bileris.
Ýokarda agzalan taryhy mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň hem Garaşsyz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça hödürlenendigini belledi. Şeýle-de 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Aşgabatda welosiped bilen bagly iki görkezijiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi ýatlandy. Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, «Welosiped» binasynyň açylmagy Türkmenistanda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň güwäsi boldy.

Aşyr aganyň welosipedi
Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Gumdag şäherinde ýaşanlaryň Aşyr agany tanamaýany ýokdur. Onuň gara buýra telpekli, uzyn donuny ýellendirip welosiped sürüp ýören keşbi göz öňümde galypdyr. Özem hemişe ýüzi ýylgyryp duran bu agajetli, inçesagt ýaşula uludan-kiçä hemme kişi hormat goýardy. Türkmenistanda welosipedli ýörişler ýoň bolup başlaly bäri önüp-ösen şäherime ýolum düşse, nazaryma Aşyr aganyň kaklyşaryna garaşýaryn. Göwnüme, ol bir ýerden welosipediniň jaňyna basyp, «Men bärde» diýip çykaýjak ýaly.
Bir günem duldegşir goňşymyz Amanberdi aga deňimizden welosipedli geçip gitdi. Dädem pahyryň özi ussa bolansoň, elinden geçirip, guratlap ýören motosiklini sorap, «Hany 56-yň?» diýen sowalyna ol: «Munuň 56-dan gowudygyny diňe Aşyr aga bilýän eken» diýip, jogap berdi. Şol sowal-jogapdan bäri kän bahary garşylap, kän gyşlary ugratdyk. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, welosipediň amatly ulagdygy hakyndaky hakykat ykrarnama eýe boldy. Diňe Bütindünýä welosiped gününiň tutuş dünýäde baýram edilýändiginiň özem bu aýdylanlary aňryýany bilen tassyklaýandyr.
Jeýhun bilen bahry-Hazar arasyndaky ümmülmez giňişlikde bolsa Aga Orunow, Jumadurdy Akyýew, Batyr Abdyllaýew, Hudaýberen Saparow ýaly sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwren watandaşlarymyz döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýan daşky gurşawy goramak, bedenterbiýe we sport hereketini ýaýbaňlandyrmak babatdaky möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde şahsy görelde görkezip, ýaşlary bu ýörelgä wepaly bolmaga çagyrýarlar. Olar Türkmenistanyň welosipedi wagyz etmek babatdaky başlangyçlarynyň dünýäniň ýürek sesidigine düşünýärler. Hut şonuň üçinem dünýäniň ösen döwletleri bilen deň gadam urýan ata Watanymyzda welosiped sürmek diňe sport däldir. Ol hem saglykdyr, hem ekologiýa goşantdyr, hem-de üstünligiň gözbaşydyr.
Hojaberdi APBAÝEW,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň baş redaktory.