Pendi sebitlerindäki orta asyr köprüleri

Köprüler söwda-ykdysady, syýasy hem-de medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda uly ähmi-ýete eýe. Şonuň üçin gadymy döwürlerde we orta asyrlarda dürli maksatly köprüler bina edilip-dir. Şeýle köprüleriň birnäçesi orta asyrlarda Pendi sebitlerinde Murgap derýasyna guýýan der-ýajyklaryň üstünden gurlupdyr.
Taryhy ýazuw çeşmeleri XV asyrda Guşgy derýasynyň üstünden köpri gurlandygyny habar ber-ýär. Onuň suw akar ýaly dokuz hanasy bolupdyr. Şol döwürlerde ol «Daşköpri» ýa-da «Tabanyň köprüsi» ady bilen hem tanalypdyr. Mälim bolşuna görä, Taban Teýmirleňiň 1383-nji ýylda wepat bolan serkerdesidir. Horasan eýelenenden soň Teýmirleň Horasanyň suwaryş desgalaryny dikelt-mek bilen baglanyşykly käbir işleri geçiripdir we şonda Tabanyň ogly Omara Murgapdan gözbaş alyp gaýdýan ýap gazmagy buýrupdyr. M.Ý.Masson köpriniň Tabanyň özi ýa-da onuň ogly Omar tarapyndan gurlandygyny, şoňa görä-de, «Tabanyň köprüsi» diýlip atlandyrylan bolmagynyň mümkindigini belleýär.
Käbir kitaplarda bu köpri «Daşköpri» diýlip atlandyrylyp, ony Soltan Hüseýiniň gurdurandygy aýdylýar. Alyhanow Awarskiý bolsa bu köpriniň araplaryň häkimlik eden ýyllaryndan galandygy-ny beýan edýär. Hafyz Abrunyň ýazmagyna görä, Taban köprüsiniň golaýynda gyzgalaňly bazar bolupdyr. Ol: «Ilat giň ekin meýdanlaryna däne ekýär, mallary köp, olary sanamak mümkin däl» diýip belleýär. XIX asyryň 80-nji ýyllarynda harby-syýasy maksatlar bilen Mara, Pendä we Sa-rahsa baran rus inženeri P.M.Lessar hem Daşköpri barada käbir maglumatlary galdyrypdyr. Meş-hur gündogarşynas W.W.Bartold hem öz döwründe şu köpriniň giçki döwrüň Ýewropa kartala-rynda (XIX asyr) «Pul-i hişt» ýa-da «Daşköpri» ady bilen tanalandygyny ýazýar. 1936-njy ýylda Guşgy derýajygyndan läbikli sil suwlarynyň köp gelmegi sebäpli, bu köpriniň üstüni gyrmança basyp, ony hatardan çykarypdyr.
Murgap derýasynyň Kaşan goşandynda orta asyrlarda gurlan iki sany köpriniň yzlary sil suwlary-nyň gelmegi bilen ýüze çykdy we ol alymlar tarapyndan öwrenildi. Ýerli ilatyň arasynda saklanyp galan rowaýata görä, bu köprülerden Aleksandr Makedonskiniň goşunlary hem geçipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda gurlan iki köpri hem kerwen ýollaryna hyzmat edipdir. Olaryň birinjisi Gulja obasynyň golaýynda, beýlekisi Hanguýy öri meýdanynyň çäginde ýerleşýär. Gulja obasy-nyň golaýyndaky köpri Merw — Merwerrut aralygynda gatnaýan kerwenlere hyzmat eden bolsa, Hanguýudaky köpri Merwerrut — Sarahs aralygynyň gatnawyna ýardam edipdir. 1960-njy ýylda Gulja obasynyň golaýyndaky köpriniň üstüniň açylmagy bilen, alymlar ony öwrenip başladylar. Taryhçy G.Adykow bu köprini öwrenip, ölçegini alyp, metbugatda suratyny çap etdiripdir. Ar-heolog köpriniň XI-XII asyrlarda gurlandygy baradaky netijä gelipdir. Desganyň üç hanasy bo-lup, onuň ikisiniň üsti doly açylýar. Köpriniň uzynlygy 20 — 21,5 metre, giňligi 6,5 metre bara-bardyr. Hanalar ajaýyp kerpiç gümmezler bilen örtülipdir. Olaryň çep kenardakysy 4,82 m, orta-kysy 5,66 m, sag kenardakysy 4,68 m aralyga eýedir. Täsin ýeri, köpriniň iki sütüniniň ululygy deň däldir. Çep kenardaky sütün 3,13 metre, sag kenaryň sütüni 2,75 metre barabardyr. Bu çöz-güt alymlary geň galdyrypdyr. Çökündiler bilen gömlen binýady hasaba almasaň, köpriniň beýik-ligi 4,5 metre ýetipdir. Aralyk diwaryň galyňlygy 3 metr bolup, ol, öz gezeginde, köpriniň ähli gurluşy üçin ygtybarly goldaw bolup hyzmat edipdir.
Hanguýudaky orta asyr köprüsi Kaşan derýajygynyň üstünden gurlupdyr. Onuň gurluşygynda ösen orta asyr gurluşyk däpleri ulanylypdyr. Şonuň üçin alymlar onuň gurlan wagtyny X — XII asyrlara degişli edýärler. Çep kenardaky kertde bişen kerpiçden edilen hananyň galyndylary, aka-banyň düýbünde bolsa sütüniň aşaky bölegi saklanyp galypdyr. Kerpiçleriň arasyndaky berkidiji suwag çalymtyl ak reňkde bolupdyr.
Orta asyr köprüleri ýurdumyzyň çäginde çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň gurlandygynyň şa-ýadydyr. Olar gurlanda, akyp gelýän güýçli akymyň badyny peseltmek üçin köpriniň öňünde, on-dan ep-esli daşlykda küşt tagtasynyň tertibinde mähnet daşlar goýlupdyr. Suwuň öňünde şeýle päsgelçilik döredilende, uly tizlik bilen akyp gelýän suw köprä ýetmänkä, daşlaryň arasynda bir-näçe gezek öwrüm edipdir. Şonuň netijesinde, güýçli akym badyny peseldipdir. Köprüler gurlan-da, suwuň badyny peseltmek üçin gurluşyk çözgütleriniň başga-da ençemesi ulanylypdyr. Mysal üçin, köpriniň durkuna zyýan ýetmez ýaly we berklik üçin onuň sütünleriniň her biriniň öň hem-de yz taraplarynda hökmany diýen ýaly, üçburç we ýarym tegelek görnüşinde goşmaça sütünjik-ler galdyrylypdyr.
Toýly HOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.