Atalar-ogullar beýik döwletdir

Atalaryň ýoly — altyn ýol, ony söýen Watany söýer
Beýik akyldar Magtymguly Pyragy: «Huda berse sagadatly bir perzent, Garrygan çagyňda ýaş eder seni» diýipdir. Perzent — ömrüň dowamy, dowamatyň. Diňe ömür dowam etmeýär, sagadatly, çyn perzent bilen seniň adyň-abraýyň, mertebäň dowam edýär. Ol döwletli-derejeli bolanda has düýp, has çuň mana eýe bolýar.
Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler ýoluny mynasyp dowam etdirjek Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň Prezidentlige saýlanmagy pederiň perzendine watansöýüjilik, il-güne wepalylyk terbiýesini näderejede çuňňur berip bilendigini, şeýle hem döwletli maşgalada ýetişen dowamat bilen döwletiňem galkynýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna ata bilen ogluň — iki nesliň egin-egne deňläp gelýän pursadyny tolgunman synlamak mümkin däldi. Çünki ol pursatlarda atanyň perzende buýsanjy, perzendiň ata hormaty bardy. Atanyň ynamyny ödän perzendiň maşgalanyň ynamyny ödejegi, maşgala ynamyny ödäniň ulus-iliň ynamyny ödejegi taryhyň görkezen çirksiz hakykatydyr. Hawa, geçmiş taryhymyza dahylly şöhratly hem mukaddes sahypalar muňa şaýat. Seljuk beg agtyklary Çagry bilen Togrulyň ýurt ykbalyny gerdenlerine göterip biljek ärler bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdi, olara mynasyp terbiýe beripdi. Şol terbiýe soň bu iki doganyň adyny jahana ýaýdy, olaryň adyllygyny, şöhratyny müňýyllyklaryň taryhyna ýazdy. Şonuň üçin-de wagt aňladyş kelamy bolan dowamaty ynsan ömri bilen baglanyşykly ulananda, türkmen halky oňa «mynasyp» sözüni goşup, «mynasyp dowamaty kemala getirmek» diýen pelsepewi jümleli mazmuny açýar-da, ony mukaddeslige göterýär. Sebäbi ol aýalmaly hem dowam etmeli gymmatlykdyr.
Geçen ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ençemesiniň wekilleriniň sowallaryna jogap bermek bilen, Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň žurnalistiniň maşgala düşünjesi baradaky sowalyna şeýle diýipdi: «Meniň üçin, umuman, türkmenler üçin maşgala gatnaşyklary çagalarymyza we agtyklarymyza miras galýan, gorap saklanmaga degişli mukaddeslikdir. Adamyň iň gowy häsiýetleriniň biri ene-atasyna bolan çäksiz söýgüsidir. Türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly, «Ataň bagtly bolsa — Allatagala bereket berer, eneň bagtly bolsa — pygamber ýalkar». Dogruçyl we hakyky adam bolmak, borçlaryňy yhlas bilen ýerine ýetirmek, adamlara hemaýat etmek, ähdiňe wepaly bolmak ýaly ilkinji wesýetleri hem-de nesihatlary, öz topragyňa, onuň taryhyna bolan söýgi, watansöýüjilik öz dowamatyňa görä hereket etmekdir. Meniň ynsan we syýasatçy hökmünde kemala gelmegime aýratyn täsirini ýetiren bu düşünjeleri hem öz dowamatyma siňdirmekdir». Diýmek, şahsyýetiň kemala gelmegine täsir edýän maşgala gymmatlyklaryny nobaty bilen dowamatyňa geçirmek, mukaddes ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmek, munuň özi ata-enä wepaly, maşgala, il-güne — Watana ygrarly hakyky nesli kemala getirmekdir. Dogry ýol terbiýeden, edep-ekramdan, ýagşy görüm-göreldeden başlanýar ahyryn.
Ynsanyň durmuşynda saýlan ýoly nähili bolsa, onuň ykbaly şoňa görä bolýar. Maşgalanyň terbiýesinde saýlan ýoly nähili bolsa, dowamat şoňa görä bolýar. Halkyň durmuşynda saýlan ýoly nähili bolsa, Watanyň ykbaly şoňa görä bolýar. Ynsan — Maşgala — Halk — Watan baglanyşygynyň süňňüniň maşgaladan gaýdýandygy hemmämize mälim hakykatdyr. Şoňa görä-de, bizde nesiller ýola ugrajak bolanda ýa-da tutumly işiň başyny başlanda, hökman ýaşulularyň ak patasyny alýar. Bu — dowamata ak ýol arzuw etmegiň, ynam bildirmegiň nyşany. Hormatly Serdar Berdimuhamedowa Prezidentlik wezipesine girişmegi bilen baglanyşykly dabaralaryň dowamynda hormatly ýaşulularyň ak pata bermegi, ak ýol arzuwlamagyň nyşany hökmünde eneleriň ak keçe ýazyp, duz-çörekli, ýagşy dilegler etmegi ata-babalarymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň dowam edýändiginiň nyşany boldy. Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň münbere baryp, sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, Watana we halka dabaraly kasam etmegi aýratyn ýatda galyjy boldy. Sebäbi diňe mukaddes zatlara kasam edilýär. Onsoňam, kasam türkmen üçin lebiz, ygrar diýen mukaddes duýgular bilen deň derejededir. Şonuň üçin kasam içen kasama wepalydyr, lebzine ygrarlydyr. Watana, halka kasam etmek bolsa mukaddesligiň goragyna edilen ähtdir. Şol pursatlarda gadymy danalaryň biriniň: «Çyn perzent ata-enesini begendirer, il-günüň alkyşyny alar, iline howandar bolar» diýen parasatly jümlesi hakyda doldy.
Elbetde, pederlerimiziň aýdyşy ýaly, «Alkyş bilen är gögär». Alkyş-dileg, hoş niýet ýagşa ýalkaw, müşgile galkan bolup, her dem-her dem ruhy belende göterýär, beýik işlere iterýär. Hut şonuň üçin-de, halk döwlet Baştutany, döwlet Baştutany halky bilen bir bolup, atalaryň altyn ýolundan ýöräp, Watanyň, milletiň mertebesini belende göterýär:
«Bu ýurt biziň Watanymyzdyr!
Bu ýer biziň mähriban topragymyzdyr!
Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!
Ýaşasyn türkmen halky!
Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!».
Artykguly HOJABERDIÝEW,
«Nesil».