Gadymy hem müdimi Nowruz

Dünýä halklarynyň durmuşynda tebigaty janlandyrýan, ynsanlaryň ruhunda täzelenişi emele getirýän Nowruz aýratyn orny eýeleýär. Bu baýram dünýä giňişliginde, esasan-da, gadymy Gündogar ýurtlarynda uzak asyrlaryň dowamynda bellenip gelipdir.
«Nowruz» pars sözi bolup, ol «täze gün» diýmegi aňladýar. Nowruzyň gelmegi bilen älem-jahana jan girýär. Gülleriň ýakymly ysy daş-töweregi gurşap alyp, guş-gumrularyň sesi dünýäni owaza gaplaýar. Nowruz tebigatyň goýnundaky hereketiň artmagyna özboluşly itergi berýär.
Nowruz baýramy türkmenler bilen bir hatarda goňşy halklarda hem dabaraly bellenipdir. Taryhy çeşmeler bu baýramyň gözbaşyny uzak asyrlardan alyp gaýdýandygyny habar berýär.
Nowruz baradaky ilkinji maglumatlar otparazlygyň mukaddes kitaby bolan «Awestada» beýan edilýär.
Ýerem, suwam, asmanam,
Gülem, guşam, ynsanam
Beýik Günüň balasy.
Bir-biregi agyrtmaň,
Bir-biregi ynjytmaň,
Ol Nowruzdan bu Nowruza,
Eşidilmesin nalasy.
Şeýle çeşmeler ýene-de kän. Meselem, eýran-täjik edebiýatynyň beýik halypasy Abulkasym Firdöwsi özüniň «Şanama» atly eserinde bu baýramy gadymy Jemşit patyşanyň ady bilen baglanyşdyrýar. Abu Reýhan Biruny bolsa «Gadymy halklardan galan ýadygärlikler» atly eserinde: «Horasanyň ilaty Nowruzy adamlaryň döremegi bilen baglanyşdyrýar» diýip ýazýar.
Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili Rabguzy Nowruzyň gelmegi bilen howanyň maýlaýandygyny şygyr setirlerine salypdyr:
Gün hamala girende,
Geldi älem nowruzy.
Geçdi aňzak, çille, gyş,
Galmady gary, buzy.
Gadymy döwrüň maglumatlary esasynda döredilip, geçen asyryň aýaklarynda Daşkentde çap edilen «Nowruz» atly kitap Gündogar edebiýatynyň gymmatyny artdyran eserleriň biri hasaplanýar. Kitapda Muhammet Mustapanyň gyzy Bibi Patmanyň semeni bişirişi hakda gyzykly maglumatlar bar.
Nowruz baýramçylygy Beýik Seljuk döwletiniň hökümdarlarynyň dolandyran döwründe hem uludan bellenipdir. Bu döwrüň görnükli alymy, otuz ýyla golaý Alp Arslan, Mälik şa ýaly beýik soltanlaryň weziri bolup işlän Nyzamyl Mülk meşhur «Syýasatnama» eserinde bu baýramyň türki halklaryň arasynda dabaraly bellenilip geçilendigini ýazypdyr. Belli türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwanu lugat at türk» eserinde-de, XVII asyrda ýaşap geçen Abulgazy Bahadur hanyň «Türkmenleriň nesil daragty», beýik alym Alyşir Nowaýynyň «Seddi Isgender» eserlerinde hem Nowruz baýramy hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
Gündogar edebiýatynyň ýyldyzlary Abu Reýhan Biruny, Firdöwsi, Omar Haýýam, Nyzamy Genjewi, Hakany, Saady Şirazy, Nasyr Hysrow, Möwlana Jelaleddin Rumy, Hafyz miras goýan eserlerinde Nowruz baýramynyň ähmiýetini beýan edipdirler. Bu baýramyň adamzadyň durmuşyna edýän ruhy täsirini, tebigatda dirilişiň başlanmagyna itergi berşini suratlandyrypdyrlar.
Abu Reýhan Biruny: «Nowruz güni biziň zamanamyzda ýazyň başlanmagy bilen Gün Hamal — guzy ýyldyzlar toparyna golaý gelýär. Horasan şalaryna şol gün öz atly esgerlerine ýaz we tomus eşiklerini geýdirmek däp bolup galdy» diýip ýazypdyr.
Diňe bir Gündogarda däl, bütin jahanda şirin sözli şahyr, jaýdar sözli dana, astrolog, matematik, filosof hökmünde ykrar edilen Omar Haýýamyň «Nowruznama» atly eseri bellidir. Beýik şahsyýet ol eserinde çarhypelegiň aýlanyşyna, Aýyň, Günüň, ýyldyzlaryň, planetalaryň hereketine, günüň, hepdäniň, aýyň, ýylyň, pasyllaryň çalyşýan pursatlaryna, döwürleriň, eýýamlaryň, asyrlaryň emele geliş syrlaryna, ynsan ömrüniň-de edil şolar ýaly basgançak-basgançak möwritleri başdan geçirişine, «Är garrasa-da, heňňamyň garramaýandygyna» akyl ýetirip, bu ýagdaýlar hakynda öz pikirlerini beýan edipdir. Bu eserinde ol: «Kim Nowruz güni şatlansa, aýdym aýtsa, tans etse, geljek ýylky baýrama-da sag-aman barar» diýip ýazypdyr.
Saady Şirazynyň Nowruz hakynda ýazan şygry Gündogar edebiýatynda öçmejek orun alan eserleriň biridir. Bu goşgusynda şahyr tebigatyň gözelligini şeýle setirler bilen suratlandyrýar:
Üşän baglar reýhana, güle bezenýär bu gün,
Müň şükür kim, gara gyş gitdi kylyp gowga era.
Bu niçik aby-howa, uçmah deý galyp bakar,
Bu niçik toprak-zemin başdan-aýak ragna era.
Nowruz Magtymguly Pyragynyň ruhy dünýäsine aýratyn ylham beripdir. Muny beýik söz ussadynyň aşakdaky setirleri hem doly subut edýär:
Ýedi ýer bolmuş bina,
Her zat okyr bir sena,
Otlar hem diýr: «Rebbena!»
Nowruz-baran içinde.
Bu gün ýurdumyza şowhun-şagalaňly Nowruz baýramy ýetip geldi. Bu baýramyň türkmen Diýaryna gadam urmagy bilen, älem-jahan gül-gülüstanlyga bürenýär. Bagtyýarlygyň gujagynda ömür sürýän ildeşlerimiziň köňül tarlary birleşip, ruhy dünýäsi joşgunly duýgulara beslenýär.
Täjigül MYRADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.