Halk häkimiýetliliginiň belent nusgasy

Halkymyzda mukaddes saýylýan birnäçe ebedi gymmatlyklar bar. Biz şol mukaddeslikleri başymyzyň täjine deňäp, olary ýüregimiziň köňül senasyna öwürdik. Durmuşymyzyň gönezligi, ýaşaýşymyzyň özeni hökmünde müdimi sarpaladyk. Biz şolaryň jandan eziz görülýänine, elmydama öňünde baş egip, dyzyňy epilýänine, ýürek gürsüldimize Watan diýýäris! Bu ömrümiziň örki bolan mukaddeslik hiç bir altyn-zere alyp bolmaýan, hiç bir zat bilen çalşylmaýan, bize ak säheriň asuda daň atmasyny, günlerimiziň parahatlyk bilen ýaşmasyny bagyş edýär. Heý, şundan uly gymmatlyk barmy?!
Belent maksatlary hemra edinip, öňe ilerleýän Watanyň durmuşyndaky wakalara ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşlynyň dahylly bolmagy, onuň ykbaly bilen bagly syýasy-jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy — ähli kişiniň deňhukukly derejesine uly orun berilmegidir. Hemmämize mälim bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Watanymyzda — Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň görkezmesi bilen, bu syýasy çäre örän guramaçylykly, toý ruhunda dabaralandy. Bu toýlara şaýat bolmak bagtyna eýe bolanlaryň hatarynda bolmagyň özi hem ýene durmuşyňa bagt gatýar. Ýatdan çykmajak pursatlary bilen aňymyza möhürlenýär.
...Öz saýlaw uçastogymyza baryp, halkymyzyň, ata Watanymyzyň geljekki ykbaly bilen bagly pursatlara sesimizi goşýan wagtymyz bir ahwal nazarymdan sypmady. Uçastoga meniň bilen deň baran bir ýaş ýigit özi baradaky resminamany uzadyp, ses berlişik býulletenini alan pursady saýlaw toparynyň agzalarynyň biri oňa:
— Inim, Prezident saýlawlaryna ilkinji gezek gatnaşýarsyň öýdýän?! — diýdi. Ol ýigit:
— Hawa — diýip, jogap berdi.
Örän demokratik, açyklyk, aýdyňlyk, erkin ýagdaýda sesimizi berip, uçastogyň toý şüweleňiniň meýdançasyna baranymyzda, ýaş ýigit bilen tanyşdyk. Onuň ady Berdi eken.
— Inim, tüweleme, ýaňy resminamaňy tabşyryp duran pursadyň eşitdim, halkymyzyň geljegi, ykbaly bilen bagly möhüm çärä birinji gezek gatnaşýan ekeniň.
— Hawa, agam, ýaňy-ýakynda on sekiz ýaşym doldy. Bu gün bolsa raýatlyk hukugymdan peýdalanyp, ses berýärin, uly wakada öz ornumyň bardygyna çäksiz buýsanýaryn.
Özara mesawy gürrüňimiziň arasynda Berdi el telefonyna dümtündi-de:
— Türkmenmetbugatdan habar geldi. «Ýaş türkmenistanlylaryň 100 müňe golaýy ilkinji gezek saýlawlara gatnaşýar». Bäh, men hem ýüz müňe golaý ses berýän ýaş saýlawçylaryň biri-dä — diýip, buýsançly ýylgyrmak bilen, ýüzüme dikanlady.
Öz ýanymdan bu görnüşi synlap, ýagşy pikirlere berildim. Watanyň geljegi, uzak menzillere uzajak ýoly bilen bagly pursatlarda hiç kimiň üzňe däldigi, onuň ykbaly bilen hemmeleriň dahyllydygy, ir döwürlerden belli bolşy ýaly, obada kethuda, geňeşdar saýlansa-da, şeýle agzybirlige eýerilip gelinýändigi, bu ýörelgäniň ädimme-ädim nesillerden nesillere geçirilendigi şu günümiz, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyndaky demokratik, dünýewi, hukuk döwletiniň mizemez ýörelgeleriniň hakykata öwrülmegi subut edýär.
Geljek şu güne bagly, şu gün bolsa milli Liderimiziň saýasynda häzirki gazanan uly ösüşlerimiziň yzygiderliligini dowam etjek döwlet Baştutanyna bagly.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — ýaşlar bilen has-da şuglaly, ýakymly we ýalkymly bolar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlara berilýän ornuň özeninde uly ynam bilen Watanymyzyň öňegidişligi bar. Döwrebap tehnologiýalaryň üsti bilen ösüşleriň täze menzilleri bar. Ýaşlaryň häzirki zaman pikirlenişi bilen sazlaşýan sanlylaşdyrylan dünýä bar.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, berlen hukuklaryndan hem-de ygtyýarlyklaryndan deň-derejede peýdalanyp, öz maksatnamasy bilen gazetdir žurnallarda, teleýaýlymlarda, internet sahypalarynda çykyş eden Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň 9-sy syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlendi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýurdumyza gelen halkara synçylar birinjiden, halkara kadalarynyň üýtgewsiz berjaý edilendigini bellediler, ikinjidenem, halkymyzyň agzybirliginiň berk pugtalanýandygynyň gözli şaýady bolup, şeýle syýasy çäreleri geçirmekde Watanymyzyň dünýä nusgalyk tejribesiniň bardygyna ýokary baha berdiler. Muny biz hut düýnüň özünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň hormatly Prezidentimize beren hasabatyndan eşitdik. Bu taryhy mejlisde ýurt Baştutany wezipesine mynasyp dalaşgäri saýlamak boýunça geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi.
Toplanan sesleriň jemleri boýunça:
Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Begenjow Perhat Guwançgulyýewiç 2,02 göterim;
Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Bekmyradow Agajan 7,22 göterim;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç 72,97 göterim;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanow Berdimämmet Hanmämmedowiç 2,22 göterim;
«Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Meredow Babamyrat Tirkeşowiç 1,08 göterim;
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Nunnaýew Hydyr Kakabaýewiç 11,09 göterim;
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Ödeşow Maksat Myradowiç 1,15 göterim;
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Öwezgeldiýew Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç 1,16 göterim;
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Saryýew Kakageldi Atajanowiç 1,09 göterim ses aldylar.
Şeýlelikde, Merkezi saýlaw toparynyň 2022-nji ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi.
«Çeşmäniň durulygy gözbaşa bagly» diýilýär. Durmuşda çykgynsyz ýagdaýlardan baş alyp çykmagyň çözgüdi, dogry ädim ätmegiň çelgisi, bagtyýarlygyň binýady hemişe-de peder ýolundan, ata öwüt-ündewinden gaýdýar. Ýönelige diýilmändir-ä «Enem-atam — şirin dilli ussadym».
Hormatly Prezidentimiziň halklaryň bähbidine ýugrulan ýol-ýörelgesi, ilkinji nobatda, Zeminiň abatlygyna, halklaryň parahatçylygyna gönükdirilýär. Pederinden gaýdýan mertlik, merdanalyk, halallyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, watansöýüjilik taglymaty bilen nusgalyk mekdep döreýär. Bu mekdebiň görüm-göreldesinden nesiller dowamat dowam bolýar. Magtymguly atamyzyň aýdyşy ýaly, mert ýigitden mert döreýär.
Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».