Türkmen döwletiniň Baştutanynyň wezipesine dalaşgärler Prezident saýlawlaryna gatnaşdylar

Aşgabat, 12-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Prezident saýlawlary geçirildi, oňa iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň hemmesi gatnaşdylar. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň we gadymdan gelýän hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkitmegiň ýolunda täze, uly ädim boldy.
Aýdyňlyk hem-de açyklyk ýagdaýynda geçirilen şu günki saýlawlar halkymyzyň mizemez agzybirligini we jebisligini, türkmenistanlylaryň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň ykbaly üçin ýokary jogapkärçilige düşünýändigini doly görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler, däbe görä, şu gün ir sagat 7-de tutuş ýurdumyz boýunça bir wagtda açylan hem-de baýramçylyk ruhuna beslenen saýlaw uçastoklaryna ilkinjileriň hatarynda geldiler. Ýurdumyzda hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda döredilen ähli saýlaw uçastoklarynda Prezident saýlawlary Döwlet baýdagyny ýokary galdyrmak, Döwlet senasyny ýerine ýetirmek dabarasy bilen başlandy.
Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler şu saýlaw möwsüminde bäsdeşleriň hemmesiniň mynasyp we hormatly adamlardygyny belläp, olaryň umumy maksada gulluk edýändiklerini, ýagny Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli özgertmelere saldamly goşant goşmak isleýändiklerini aýtdylar hem-de ildeşlerimiziň öz erk-isleglerini beýan edip, bu çynlakaý, jogapkärli meselede dogry we oýlanyşykly çözgüt kabul etjekdiklerine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler — Perhat Begenjow Türkmenabat şäheriniň 50-nji saýlaw uçastogynda (Lebap welaýat kitaphanasy), Agajan Bekmyradow Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 6-njy saýlaw uçastogynda (Mollanepes adyndaky geňeşligiň medeniýet öýi), Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 48-nji saýlaw uçastogynda (Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdep), Berdimämmet Gurbanow Balkan welaýatynyň Awaza etrabynyň 2-nji saýlaw uçastogynda (ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdep), Babamyrat Meredow Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 79-njy saýlaw uçastogynda (43-nji orta mekdep), Hydyr Nunnaýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 63-nji saýlaw uçastogynda (88-nji orta mekdep), Maksat Ödeşow Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň 3-nji saýlaw uçastogynda (1-nji sport mekdebi), Maksatmyrat Öwezgeldiýew Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 9-njy saýlaw uçastogynda (23-nji orta mekdep), Kakageldi Saryýew Mary şäheriniň 36-njy saýlaw uçastogynda (8-nji sport mekdebi) ata Watanymyzyň öňündäki raýatlyk borjuny berjaý etdiler.
Dokuz dalaşgäriň bellige alynmagy we gatnaşmagy bu saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda geçirilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, dalaşgärleriň ählisine wagyz işlerini geçirmek, saýlawçylar bilen duşuşmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.
Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bolmak bilen, döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleriň dowam etdiriljekdigini nygtady. Telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berler, durmuş ugurly syýasat mundan beýläk-de halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga gönükdiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdan hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamlaryny, bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmekden ybaratdyr.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermek, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek esasy ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow ähli ulgamlarda, hususan-da, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda geçirilýän özgertmeler, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de onuň halkara abraýyny belende götermäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga aýratyn üns berjekdigini aýtdy.
Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredow döwlet tarapyndan giň şertleriň döredilmegi arkaly, ekologik taýdan arassa hem-de ýokary hilli önümleri öndürmäge ukyply kiçi we orta telekeçiligiň kuwwatyny netijeli herekete getirmegi, bazar ykdysadyýetini kämilleşdirmegi saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary hökmünde belledi.
Durmuşyň ähli ulgamlaryna ylmy-tehniki täzeçillikleri giňden ornaşdyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, oba hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyny dowam etdirmek Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Nunnaýewiň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň baş ugurlarydyr.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy, dalaşgär Maksat Ödeşow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda welaýatlary çalt depginlerde senagatlaşdyrmak, halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, innowasiýalar esasynda önümçilik mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça işleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy, dalaşgär Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda adamlar baradaky alada ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi hem-de senagatyň ähli pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen ugry dowam etdirmek boýunça çäreler bellenildi.
Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory, dalaşgär Kakageldi Saryýew saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda senagaty ösdürmegi, ähli içerki serişdelerden netijeli peýdalanmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegini, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk, durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri dowam etdirmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreler hakyky demokratik esaslarda, erkin, açyk ýagdaýda geçirildi. Munuň özi iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen saýlawçylary tanyşdyrmaga, olaryň ýeke-täk dogry çözgüdi kabul etmekleri üçin şol maksatnamalary çekişme arkaly ara alyp maslahatlaşmaga we baha bermäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gözegçiligi milli synçylardan başga-da, halkara synçylar hem amala aşyrdylar. Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynda dünýä döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem boldular. Munuň özi ata Watanymyzyň halkara giňişlikde barha artýan abraýynyň subutnamasy bolup, dünýä bileleşiginiň türkmen döwletiniň durmuşyndaky bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.
Şeýlelikde, 12-nji martda türkmenistanlylaryň millionlarçasy özlerine mahsus bolan ruhubelentlik we raýat işjeňligi bilen saýlaw uçastoklaryna baryp, öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler.
Döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň barha dabaralanýandygyny, halkymyzyň döredijiligiň hem-de ösüşiň belent sepgitlerine tarap okgunly hereketini ynamly dowam edýändigini aýdyň tassyklady.