Saýlawçylara we halkara synçylara milli tagamlar hödürlenilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy martda welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisiniň barşynda: «Goý, Bitarap ýurdumyzda geçirilýän saýlawlary synlamaga gelen myhmanlar türkmen saçagynyň berekedini we halkymyzyň myhmansöýerligini görsünler» diýip, beren tabşyryklaryna laýyklykda, saýlaw uçastoklarynda halkara synçylara we saýlawa gelen saýlawçylara türkmen tagamlary, şirin miwelerdir şireler, melhemlik çaýlar we beýleki önümler hödürlenilýär. 
«Türkmenistan».