Saýlaw uçastoklarynyň ýanynda göçme söwda nokatlary işleýär

Şu gün — saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynyň ýanynda göçme nokatlaryň işi ýola goýlup, halkara synçylara we saýlawa gelen saýlawçylara dürli-dümen tagamlar, şirin miwelerdir şireler we beýleki önümler hödürlenilýär.
10-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlar gününde ýerli harytlaryň söwdasyny guramak barada tabşyryklary berip: «Goý, Bitarap ýurdumyzda geçirilýän saýlawlary synlamaga gelen myhmanlar türkmen saçagynyň berekedini we halkymyzyň myhmansöýerligini görsünler» diýip nygtady.
«Türkmenistan».