Ýaş türkmenistanlylaryň 100 müňe golaýy ilkinji gezek saýlawlara gatnaşýar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda 18 ýaşyny dolduryp, saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň ýurdumyz boýunça jemi 98 müň 940-dan gowragy hasaba alyndy.
Watanymyzyň geljegi bolan gujurly ýaşlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özleriniň ilkinji syýasy ädimlerini ädip, iň mynasyp dalaşgär üçin öz seslerini bermäge mümkinçilik aldylar. Saýlaw uçastoklarynda olara höweslendiriji sowgatlaryň gowşurylmagy bolsa ýurdumyzda ýaş nesle aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
«Türkmenistan».