Prezident saýlawlary aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşýar

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary öz joşgunly çykyşlary bilen şu gün — 12-nji martda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny hem hoş owazlara beslediler. Saýlaw uçastoklarynda döredijilik toparlarynyň ir säherde başlanan belent heňli aýdym-sazlary bu möhüm çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Ähli halkymyz bilen birlikde, medeniýet we sungat işgärleri hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda mynasyp dalaşgäre öz seslerini berdiler. Agzybirlikde we demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşyp, adamlara ruhy lezzet paýlamak has ýakymly duýgulary döredýär. «Altyn menzil» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa biziň bilen ýürek buýsanjyny paýlaşyp, şeýle diýdi:
— Halkymyzyň durmuşynda ykbal çözüji günleriň birinde — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilýän gününde mynasyp dalaşgäre öz sesimizi berdik. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi bilen paýtagtymyzdaky Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde döredilen saýlaw uçastogyna iň ýokary döwlet wezipesine mynasyp dalaşgäre ses bermäge gelmegi bolsa biziň üçin örän tolgundyryjy pursatlaryň birine öwrüldi. Biz şonda «Arkadagym bar», «Türkmenistan Watanym» atly aýdymlary ýerine ýetirdik.
Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýew hem ählihalk saýlaw gününde mynasyp dalaşgäre ses berendigini, Watanymyzyň gülläp ösüşlerine, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerine buýsanjyny «Türkmenistan» atly aýdymyň üsti bilen joşgunly beýan edendigini gürrüň berdi.
Saýlawlar gününde hoş owazly aýdym-sazlar Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döredilen saýlaw uçastoklarynda-da belentden ýaňlandy. Balkan welaýatyndan Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewa hem möhüm syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilýän gününde watançylyk ruhly aýdymlary ýerine ýetirip, saýlawçylara ruhy lezzet paýlandyklaryny buýsanç bilen nygtady.
(Ýörite habarçymyz).