Watan ykbalyna dahylly bolmak bagty

Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlawlar üçin ýurdumyzyň dünýäniň 30 döwletinde ýerleşýän ilçihanalarynda we konsullyklarynda saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek, şeýle-de býulletenleriň öz wagtynda işlenilmegini we maglumatlaryň merkezi saýlaw toparyna berilmegini gazanmak babatda beren tabşyryklaryna laýyklykda, saýlaw uçastoklarynda ses berilmegini guramaçylykly geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň tamamlanmagyna örän az wagt galdy. Ýurdumyzyň saýlaw hukukly raýatlary bilen birlikde, dürli sebäplere görä daşary ýurtlarda bolýan ildeşlerimiz we dostlukly döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem öz raýatlyk borjuny berjaý edip, mynasyp dalaşgäre ses bermek mümkinçiligine eýe boldular. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşan ýaşlarymyzyň käbirleri öz ýürek buýsançlaryny milli metbugatymyzda paýlaşmak isleýändiklerini aýdyp, diplomatik wekilhanalarymyzyň üsti bilen redaksiýamyza ýüz tutdular.
— Men Koreýa Respublikasynyň Inha uniwersitetinde bilim alýaryn. Bu ýurtdaky döwletimiziň ilçihanasynda döredilen 1-nji saýlaw uçastogynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine iň mynasyp gören dalaşgärime ses berdim. Kämillik ýaşyna ýetip, ilkinji gezek şeýle möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşmak meniň üçin örän tolgundyryjy pursat boldy. Muny Türkmenistanyň raýaty hökmünde ýurdumyzyň geljekki ykbalyna uly jogapkärçilik diýip hasap edýärin.
Ýurdumyzyň çäginden örän alyslarda bolsak-da, biz hemişe döwletimiziň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň biziň üçin edýän aladalaryny her ädimde duýýarys. Meniň bilim alýan ýokary okuw mekdebim, esasan, ylmy barlaglary alyp barmaga hem-de fizika, inženerçilik ugurlaryna ýöriteleşen. Geljekde öz saýlap alan hünärimizi kämil öwrenip, ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýäris. Milli Liderimiz biz — ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge, dünýäniň iň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirmäge ähli zerur şertleri döredip berdi. Döwletimiz bize uly ynam bildirýär. Şol belent ynamy ödemek parzdyr, mukaddes borçdur. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek barada aýdanlary bolsa ýurdumyzyň diňe bir geljeginiň däl, eýsem, şu gününiň hem ýaşlara ynanylýandygyny görkezýär.
Internet ulgamy arkaly eziz Diýarymyzda bolup geçýän wakalar bilen ýakyndan tanyşýarys. Şu günki geçirilýän Prezident saýlawlary hem internet saýtlarydyr neşirleri arkaly tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirildi. Munuň özi bizde aýratyn buýsanç duýgularyny döredýär.
 Biz — ýaşlar üçin ähli mümkinçilikleri döredip, yzygiderli üns-alada bilen gurşap alýan döwlet Baştutanymyza, mähriban Watanymyza mynasyp hünärmenler bolup ýetişjekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys — diýip, Koreýa Respublikasynyň Inha uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Nyýaz Saparow ýürek buýsanjyny beýan etdi.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».