Biz mynasyp geljegimizi saýlaýarys

Şu gün — 12-nji martda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň möhüm wakasy — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu möhüm we taryhy waka taýýarlykly, ýokary guramaçylykly geldi. Saýlaw gününden iki gün öňinçä, ýagny 10-njy martda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri-de gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli beýleki birnäçe meseleler bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi baradaky hasabatlar diňlenildi.
Şöhratly taryhymyzda halk gahrymany Göroglynyň atasy, pähim-parasatly türkmen gojasy Jygalybegiň öz agtygyna öwüt berip aýdan: «Il-halkyň bir iş tutsa,//Sen ondan galyjy bolma!» diýen dana sözlerini durmuş ýörelgesine öwren watandaşlarymyz ýurduň, halkyň geljekki ykbalyna dahylly her bir işe edil bir adam ýaly bolup, örän işjeň ýagdaýda, agzybirlik hem jebislik bilen gatnaşýarlar. Muny Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň taryhynda ozal bolup geçen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäreler hem kemsiz subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisindäki çykyşynda aýdanlary, Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermek, olary möhüm jogapkärli wezipelere çekmek babatdaky başlangyjy esasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi hem halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, halk demokratiýasynyň dabaralanýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşyndaky bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň halk häkimiýetlilik ýörelgesine laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine turuwbaşdan uly ähmiýet berdi hem-de şu babatda alnyp barylýan işleri yzygiderli üns merkezinde saklady.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň yglan etmeginde, 14-nji fewralda başlanan saýlaw möwsüminde geçirilen ähli çärelere ýokary guramaçylyk, işjeňlik häsiýeti mahsus boldy. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary-da işjeň ýagdaýda geçirildi. 11-nji martda, has takygy, ýarygije wagyz ediş tapgyry tamamlandy. Şu gün bolsa ir sagat 7-den agşam sagat 19-a çenli saýlawçylar degişli saýlaw uçastoklaryna baryp, iň ýokary döwlet wezipesine — Türkmenistanyň Prezidentligine mynasyp dalaşgäre ses bermäge gatnaşarlar.
Uzak wagtlyk iş saparlaryna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlara, şeýle-de gaýry dürli sebäplere görä, saýlawlar güni, ýagny 12-nji martda saýlaw uçastogyna baryp bilmejek raýatlara möhletinden öň ses bermek hukugy berildi. Bu kadalar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde göz öňünde tutulandyr.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlarynda milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine, ozaly bilen, nebitgaz we energetika toplumlaryny döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny üpjün etmäge ýardam berýän çärelere aýratyn üns berdiler.
Geljekde hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümlerini kemala getirmegiň hasabyna gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň hemişe üns merkezinde bolar. Şeýle hem ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berler.
Dalaşgärler saýlawçylar bilen gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda ýygnananlaryň sowallaryna jogap berdiler. Sowallaryň köpüsi ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan çalt depginlerde ösdürilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna degişli boldy. Dalaşgärleriň nygtaýşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ýurdumyzyň sebitleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny we geografik taýdan amatly ýerleşişini netijeli peýdalanmak, senagat pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylar. Munuň özi ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça möhüm işleriň garaşýandygyny aňladýar.
Saýlawlaryň adalatly geçmegine milli synçylar, şeýle hem GDA-dan, ŞHG-den, Türki Döwletleriň Guramasyndan we beýlekilerden bolan synçylar topary gözegçilik ederler. Olaryň ählisine, saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, gönüden-göni ses berilýän günde hem paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň saýlaw uçastoklaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi.
Türkmen jemgyýetiniň durmuşynda gadymy demokratik däpleriň hem-de halkara hukuk kadalarynyň has-da pugtalandyrylmagynda möhüm şert hökmünde giň bäsdeşlik bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň wajyp ýörelgesine öwrüldi.
Halkyň durmuşynyň möhüm meseleleriniň çözülmegine raýat jemgyýetiniň hemme edaralarynyň iş ýüzünde gatnaşmagy üpjün edilýär. Hemme dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşmak, saýlawyň öň ýanyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda we mejlislerde, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýeri gelende aýtsak, ses bermäge hukugy bolan her bir raýatyň saýlaw gününde özüniň jemgyýeti we döwleti dolandyrmak işine gatnaşmaga konstitusion hukugyny berjaý edip bilmegi, munuň kanuny taýdan kepillendirilýändigi babatda düşündiriş işleri geçirildi. Saýlaw uçastoklarynyň ählisi degişli tehnikalar, saýlawlar boýunça maglumat — gollanma serişdeleri, zerur neşir önümleri bilen üpjün edildi.
Milli synçylar Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, Kärdeşler arkalaşyklary, Zenanlar birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, şeýle hem dalaşgärler tarapyndan hödürlenen raýatlardyr. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasy bolup durýar.
Ruhy-medeni däplerine, asyrlarboýy toplan pähim-paýhasyna, milli garaýşyna bil baglamak bilen, türkmen halkyna milli gymmatlyklary häzirki zaman ösüşiniň aýratynlygy bilen utgaşdyrmak başartdy. Kanunçylygy pugtalandyrmaga, döwleti we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen möhüm resminamalaryň arasynda Prezident saýlawlary bilen bagly kanunlaryň aýratyn orun tutmagy raýatlaryň öz saýlan Prezidenti arkaly häzirki we geljekki ykballaryny erkin kesgitlemäge mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar.
Ozalky Prezident saýlawlary ýaly, bu gezekki saýlawlar hem demokratik, hakyky bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçiriler, ýurdumyzyň depginli ösüş ýolunda täze, nobatdaky möhüm ädim bolar. Açyk we erkin saýlawlar — munuň özi demokratik ýörelgelere ygrarlylykdyr. Halkymyzyň milli demokratik ýörelgeleriniň dabaralanmagydyr.
Bu gün — Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň durmuşynda taryhy gün. Bu gün ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Döredilen saýlaw uçastoklarynyň ählisi-de, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, aýdym-sazly dabaralara beslenip, olarda agzybir watandaşlarymyz ýurduň, halkyň ykbalyna dahylly möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä uly ruhubelentlik ýagdaýynda gatnaşar. Bu günki saýlawlaryň netijesi, halkyň sesi milli demokratiýanyň dabaralanýandygynyň, pähim-parasatly ata-babalarymyzdan gelýän döwletlilik ýörelgelerimiziň dowamat-dowamdygynyň, döwlet berkararlygymyzyň mizemezdiginiň ýene bir aýdyň mysaly bolar. Watanperwer, merdana hem zähmetsöýer halkymyzyň ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam goýup, beýik geljegine sary aýdyň ýoldan ugur alandygy äşgär bolar. Şu günki taryhy waka — Prezident saýlawlary bolsa Türkmenistanyň beýik geljeginiň badalgasydyr. Çünki biz mynasyp geljegimizi saýlaýarys!
«TÜRKMENISTAN».