Türkmenistan — Türkiýe: dost-doganlyk däplerine eýerip, parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, birnäçe döwletler, iri halkara guramalar we abraýly sebit düzümleri ýaly gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryny barha işjeňleşdirýär.
Halklaryň medeniýetiniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy müňýyllyklaryň taryhyna uzap gidýän türki dilli döwletler, ilkinji nobatda bolsa, Türkiýe bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan taraplaryň milli bähbitleri nazara alyp, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, iki ýurduň sebit hem-de ählumumy utgaşykly gatnaşyklara işjeň goşulyşmagyna ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini yzygiderli belleýärler.
Mälim bolşy ýaly, iki doganlyk ýurduň Baştutanlary şu ýylyň 26-njy fewralynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde netijeli özara hereketler bilen sazlaşykly baýlaşdyrylýar.
Biziň ýurdumyz bu gurama geçen ýylyň noýabr aýynda synçy hökmünde girip, onuň işine hem-de bu düzümiň Ýaşulular geňeşine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen bolan duşuşygy netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda geçirilen duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy.
Ikiçäk geçirilen duşuşygyň barşynda myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli sözlerini we doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk we bagtyýarlyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy mähirli mübärekläp, ony gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi.
Milli Liderimiz türk kärdeşine mähirli jogap sözlerini aýdyp, türki döwletler bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn esasda ösdürilmeginiň we berkidilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
Türki döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de munuň ýurdumyzyň türki dilli döwletler bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek we pugtalandyrmak üçin esasy şert bolup hyzmat edýändigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýokary derejeli duşuşygynda Türki geňeşi Türki Döwletleriň Guramasyna öwürmek barada taryhy karar kabul edildi. Türki döwletleriň ählisiniň goldawy bilen Türkmenistan bu gurama synçy hökmünde kabul edildi.
Milli Liderimiz bu ýagdaýy kanagatlanma bilen belläp, munuň doganlyk türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary köp ugurlar boýunça okgunly ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan bu guramanyň alyp barýan işlerine, şol sanda Ýaşulular geňeşine işjeň we netijeli gatnaşmagy maksat edinýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasyna (TÜRKPA) we Türki ýurtlaryň söwda-senagat edarasyna agza hökmünde gatnaşmaga hem gyzyklanýandygyny bellemek isleýärin. Men bu barada ýaňy-ýakynda hormatly doganym, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşligimde hem belläp geçdim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky meselä degip geçip, ýokary derejede alnyp barylýan uzak möhletleýin we strategik häsiýetli türkmen-türk hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, dost-doganlyk kadalary esasynda yzygiderli we işjeň ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hemişe özara hormat goýmak, doly düşünişmek we birek-birege ýakyndan goldaw bermek tejribesine eýerýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Häzirki wagtda köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygy, ähli ugurlarda diýen ýaly, ýokary derejede alnyp barylýar.
Türkmen tarapy sebitde we dünýäde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň has işjeňleşmegi, dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňelmegi we pugtalanmagy üçin oňaýly şertleriň bardygyna berk ynam bildirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamaga türkmen tarapynyň taýýardygyny tassyklady hem-de iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça iki doganlyk halkyň bähbidine geljekde hem ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Soňra duşuşyk giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri sebit guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň wekiliýetiniň agzalaryny mübärekläp, aýry-aýry döwletler hem-de dünýäniň we sebitiň abraýly düzümleri bilen birlikde, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Türkmenistanyň berýän ünsüniň möhümdigini aýratyn nygtady.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň halkara derejedäki möhüm başlangyçlaryny işjeň goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýylynda ýola goýlan oňyn türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň, ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem, şol sanda Türkmenistanyň synçy hökmünde giren Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde hem-de Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe üçtaraplaýyn görnüşde mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara jemgyýetçiligiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge utgaşykly çemeleşmegiň zerurdygy barada aýdyp, doganlyk halklaryň we döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn berkitmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi.
Taraplar milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň ösdürilmegine hem-de iri möçberli taslamalaryň, hususan-da, medeni-durmuş we senagat maksatly desgalary gurmak boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de sebit ähmiýetli, şol sanda energetika we ulag-kommunikasiýa pudaklarynda möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagynda türk kompaniýalarynyň goşýan uly goşandyny kanagatlanma bilen nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ata Watanlaryna gelip görendikleri üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň wekiliýetiniň saparynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň öň ýanynda bolup geçýändigine ünsi çekdi. Munuň özi uly hem-de örän möhüm taryhy waka bolup, türkmen topragynda demokratik özgertmeleriň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasyny aýratyn belledi.
Türkiýede milli Liderimiziň alyp barýan köptaraply işlerine hem-de geçirýän giň gerimli özgertmelerine ýokary baha berýärler we goldaýarlar, şol özgertmeler türkmenistanlylaryň durmuşyny düýpli özgertdi hem-de türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine we halkara derejedäki abraýynyň artmagyna kuwwatly itergi berdi.
Şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» bu maksatlara gönükdirilendir. Maksatnama häzirki ösen dünýäde, şol sanda onuň durmuşa geçirilmegine goşandyny goşmaga taýýar bolan Türkiýede ýokary baha mynasyp boldy.
Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyna ýolbaşçylyk edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplan tejribesiniň ähmiýetlidigini belläp, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Türkmenistan we Türkiýe ýaly doganlyk türki döwletleriň parahatçylygy, ählumumy abadançylygy mundan beýläk-de berkitmek boýunça ägirt uly işleri amala aşyrjakdygyna ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebitara we halkara düzümleriň çäklerinde döwletara gatnaşyklar babatda eýeleýän ornuna hem-de bar bolan mümkinçilikleri netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryna ýokary baha berildi. Munuň özi Ýewraziýa yklymynda ägirt uly giňişlikleri eýeleýän türki dilli döwletler üçin ähmiýetlidir.
Duşuşygyň ahyrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym doganlyk türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we 12-nji martda geçiriljek Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynyň başlanýandygyny aňladýan wajyp jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan Prezident saýlawlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
(TDH).