Ýylyň mährem zenany

Halkara zenanlar gününiň dabaralarynyň giňden ýaýbaňlandyrylan häzirki toý günleri Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda ýaşaýan Aýbölek Baýramowa ýatdan çykmajak pursady peşgeş berdi. Bu bagtyýar ene Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan guwandyryjy işleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine asylly goşant goşýan, öňdebaryjy zenanlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginde ýeňiji bolup, «Ýylyň mährem zenany» diýen ada mynasyp görüldi. Munuň özi enäniň döwletli ojagyna egsilmejek şatlyk getirdi.
Aýbölek Baýramowa il-günümize, Gahryman Arkadagymyza wepaly, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi maksat edinen, köp çagaly, bagtyýar zenanlaryň biri. Ol sekiz çaganyň — üç ogul, bäş gyz perzendiň enesi. Bu gün perzentlerine we üç agtygyna guwanyp ýaşaýan, döwlet tarapyndan köp çagaly enelere berilýän durmuş ýeňilliklerinden ruhlanan ene çaga terbiýesine uly üns bermek bilen birlikde, etrap, welaýat derejesindäki medeni-köpçülik işlerine-de işjeň gatnaşýar. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinden hem çetde durmaýar.
Bagtyýar enäniň perzentleriniň dördüsi mekdep okuwçysy. Olaryň sapaklaryna oňat bahalar bilen ýetişýändigini, mekdepde geçirilýän medeni-köpçülik işlerine, okuw dersleri boýunça bäsleşiklere işjeň gatnaşýandygyny Aýbölek gelneje uly buýsanç bilen gürrüň berýär. Ol maşgalada gadymy ruhy gymmatlyklarymyza we milli medeni mirasymyza uly üns berilýändigini, gyzlarynyň el hünärini yzygiderli öwrenýändigini, olaryň gaýma, keşde ýaly el işlerinden oňat baş çykarýandygyny aýratyn belläp geçýär. Bäherden sement zawodynda zähmet çekýän maşgalabaşy Oraznepesiň hem çaga terbiýesine, perzentlerini ilhalar adamlar edip ýetişdirmäge yhlaslydygyny bellemegimiz gerek.
«Ýylyň zenany» atly bäsleşige gatnaşmagy ýüregine düwen Aýbölek Baýramowa onuň etrap, welaýat tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip, «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça tapawutlanmagy başardy. Bäsleşigiň bahar paslynyň ilkinji günlerinde paýtagtymyzda geçirilen jemleýji tapgyry onuň üçin uly synaga öwrüldi. Jemleýji bäsleşige ykjam taýýarlyk bilen gelen ene onuň ähli şertlerini talabalaýyk ýerine ýetirmegi başardy. Diýarymyzyň ähli sebitlerinden, şeýle-de paýtagtymyzdan gatnaşan zenanlaryň arasynda agzalan ugur boýunça üstün çykyp, «Ýylyň mährem zenany» diýen ada mynasyp bolmagy ýeňiji zenany geljekki üstünliklere ruhlandyrdy.
— Ynsan durmuşynda ýatdan çykmajak wakalar, şatlykly pursatlar bolýar. 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda «Ene mähri» diýen ada mynasyp bolmagym meniň durmuşymda şeýle wakalaryň birine öwrülipdi. Şondan bäri ep-esli wagt geçen hem bolsa, bu wakanyň täsirinden henizem çykamok. Ynha, bu gün bolsa «Ýylyň mährem zenany» adyna mynasyp boldum. Bu at nesil terbiýesine jogapkärçiligimi has-da artdyrýar. Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza alkyşymyzyň çägi ýokdur — diýip, Aýbölek Baýramowa aýdýar.
Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.