Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 12-nji martda Prezident saýlawlary bolar. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde 15 ýyl bäri işläp gelýändigini, şol bir wagtda beýleki birnäçe jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirýändigini belledi. Milli Liderimiz iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atandygy, özi babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigi barada hem aýtdy. Hormatly Prezidentimiz örän baý durmuş hem syýasy tejribäniň, akyl-parasadyň eýesidir. Bu uly baýlygy, hut özüniň nygtaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Başlygy hökmündäki örän jogapkärli wezipesini ýerine ýetirmekde peýdalanar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar kabul etdi. Prezident saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Saýlaw kodeksiniň degişli maddalaryna laýyklykda geçiriler. Ýurdumyzda bu babatda ýaýbaňlanan çäreler Prezident saýlawlarynyň halkara tejribeleriň iň gymmatly kadalaryny özüne siňdiren milli demokratiýanyň ýörelgelerine laýyklykda, giň bäsdeşlik esasynda geçiriljekdigine doly güwä geçýär. Ruhubelentlik, agzybirlik, abadan durmuşa söýgi, belent maksatlara ýetmegiň ýolunda hyjuwlylyk halkymyza mundan beýläk hem diňe rowaçlyk, üstünlik getirer.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi taryhy waka boldy. Onda 2021-nji ýylda alnyp barlan işler barada aýdyldy. Bu giň gerimli işleriň ähmiýetini olaryň diňe bir ýyla hyzmaty bilen däl, bütin geljek ýyllara hyzmaty bilen kesgitlemek dogrudyr. Halk Maslahatyndaky geljek 30 ýyl üçin kesgitlenen möhüm wezipeler barada hem näçe aýtsaň aýdybermeli. Ol wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerini üpjün eder.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, döwletimiziň abraýyny belende götermek boýunça bitirilen işler juda köp. Olaryň her biri taryhymyzyň sahypalaryny bezeýär. Olar barada bizem, biziň köp sanly kärdeşlerimizem kän ýazdyk, kän aýtdyk, şeýdip, döwrümiziň waspyny ýetirip gelýäris. Dünýäde-de bular barada kän aýdyldy — habar beriş serişdeleri, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, syýasatşynaslar, bilermenler... Emma aýdylanlar hemmesi däldir. Gahryman Arkadagly ýyllar türkmen döwletliliginiň, onuň dünýä uzan dostluk, hyzmatdaşlyk, ösüş ýollarynyň beýik taryhy eýýamy hökmünde ýene we ýene wasp ediler. Bu eýýamyň täsinlikleri, örän inçe we berk ýörelgeleri, adamzat ähline eçilen miweleri barada geljek heňňamlaryň dowamynda, elbetde, ýene kän aýdylar. Şeýdip bularyň ählisi, şeýle-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakalary halkymyzyň ýeneki üstünlikleriniň badalgasy bolar.
Öňde bolsa, elbetde, ýene örän mukaddes wezipeler bar. Watanymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi. Geljek 30 ýyla gönükdirilen bu maksatnamany amala aşyrmak üçin giň gerimli işleriň täze tapgyryna badalga beriljekdigi, örän ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigi düşnüklidir. Şunluk bilen, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylan giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeler dowam etdiriler. Ýurdumyz durnukly ösüşiň täze giňişliklerini eýelär.
Milli Liderimiz geljegimiziň ýaşlar bilendigini nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara belent ynamy Halk Maslahatynyň mejlisinde ýene bir gezek has aýdyň ýüze çykdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly: «Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr». Gahryman Arkadagymyz bu nesilleriň gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri dowam etdirjekdigine, beýgeltjekdigine ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin» diýdi. Dogry ýol bilen gitmekde, Watany söýmekde ýaşuly nesliň ýaş nesle ýardam bermelidigini, ýaşlarymyzyň ýaşululardan görelde almalydygyny nygtady.
Hawa, halkymyz Prezident saýlawlaryna agzybirlik bilen barýar. Şu agzybirlik, jebislik bilenem halkymyz öz mynasyp gören adamyny döwletimiziň iň ýokary we örän jogapkärli wezipesine saýlar. Şunuň bilenem halk öz durmuş ýoluny, ýagty geljegini, ajap ykbalyny saýlar.
Saýlawlarda ses bermek diýlen ýöne zat däldir. Ol uly, juda uly zatdyr. Ses bermek netijesinde, öz ynamyňy, öz ykbalyňy saýlamak bilen birlikde, elbetde, söz hem berýänsiň. Söz diýlen wadadyr. Wadada wepa gerekdir — bu borjuňdyr. Söz diýlen lebizdir, ygrardyr, messepdir, ähtdir, kasamdyr, şert etmekdir, peýmandyr. Bular mukaddeslik bilen barabardyr. Bularyň öňünde durup bilmek ynsanlyk derejäňi, mertebäňi kesgitleýändir. Diýmek, ählihalk saýlawlaryna gatnaşmak we mynasyp adama ses bermek bilen, biziň her birimiziň öňümizde örän mukaddes, örän jogapkärli iş durandyr.
Şu ajaýyp, nurana günlerimiz biziň guwanjymyzdyr. Geljegiň ajaýyplygy, nuranalygy üçin ses bermek, soňra-da sözümizde tapylmak biziň parzymyzdyr.
Biz az görüp peselen halk däldiris, sebäbi mydama nesibämizi görüp gelen, bagtymyzy duýup bilen halkdyrys. Haka köňli baglap, ýagşy niýet bilen öňe hereket etmegiň arzyly menzillere ýetirýändigine düşünýändiris.
Biz köp görüp eselýän halk däldiris, sebäbi bagtly günleriň nähili uly parasat, zähmet, yhlas bilen gazanylýandygyna akyl ýetirýän halkdyrys. Bagtymyza buýsanyp, has uly geljegimizi-de görüp durandyrys.
Biz ösüşleri, beýik siwilizasiýalary dünýä beren halkdyrys. Beýik Ýüpek ýoluny, dünýä uzaýan söwda ýollaryny guran halkdyrys. Bu gün ýene durmuşymyzy nusgalyk derejä göterýän, dünýä üçin ösüş hem hyzmatdaşlyk, dostluk hem abadanlyk ýollaryny gurýan halkdyrys.
Watan biziň üçin melhemdir!
Watan biziň üçin ylhamdyr!
Watan biziň Tugumyzdyr, Tugramyzdyr,
Watan biziň aýdymymyzdyr, Senamyzdyr!
Başymyzyň penasy, dilimiziň senasy, bagtymyzyň güwäsi, pähim-parasadyň uç-gyraksyz dünýäsi Gahryman Arkadagymyzyň ykbaly Watanyň, halkyň ykbalydyr. Milli Liderimiz öz pähim-parasadyny, bilim-tejribesini, päkize arzuw-maksatlaryny eziz Türkmenistanymyzyň gülläp ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, adamzadyň abadan ýaşaýşynyň hyzmatynda goýup gelýär. Ýurdumyzy taryhy özgertmeleriň, gülläp ösüşleriň, bagtly durmuşyň ýurduna öwürmek bilen, hormatly Prezidentimiz biziň her birimiziň hak Howandarymyza, ýolgörkezijimize, beýik Halypamyza öwrülendir. Ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabatdan başlap, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze, döwrebap medeniýet öýleri, sungat mekdepleri, kitaphanalar, muzeýler, beýleki medeni-durmuş maksatly binalar, senagat desgalary, ýollar... guruldy.
Halkymyzyň baý ruhy-medeni mirasyny dikeltmekde ägirt uly işler bitirildi. Şonuň netijesinde türkmen topragynyň adamzat siwilizasiýalaryny döreden toprakdygy, türkmen halkynyň örän baý taryhyň eýesidigi, halkymyzyň ruhy gazananlarynyň adamzat medeniýetiniň galkynmagyna täsir edip gelendigi, türkmen halkynyň gurujy we dörediji halkdygy baradaky hakykat dünýä has doly äşgär bolýar.
Halkymyz parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, agzybirlik taglymlaryny döredip gelen halkdyr. Halkymyzyň bu ýol-ýörelgesi onuň köpasyrlyk ruhy-medeni mirasyna siňipdir. Gahryman Arkadagymyz bu ýol-ýörelgäni döwlet syýasatynda dowam etdirip, ösdürip gelýär. Bitaraplyk syýasatymyz hem gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgämiziň bu günki täsin bir nusgasydyr. Gahryman Arkadagymyz Bitaraplygyň türkmen nusgasyny döretmek, ösdürmek bilen, ony tutuş adamzadyň abadan geljegini üpjün etmegiň täze ýoluna öwürdi.
Milli Liderimiziň zehin siňdirip döreden eserleri medeniýet, sungat adamlarynyň her biri üçin nusgalykdyr. Uly zähmeti, baý tejribesi, parlak zehini bilen hormatly Prezidentimiz halkymyz üçin döwrüň täze ruhy-medeni giňişligini, täze ruhy-medeni dünýäsini döretdi. Ol eserler halkymyzyň hiç wagt könelmejek gymmatlyklaryna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň daşyna berkden-berk jebisleşen halkymyz bu gün milli demokratiýa esaslanýan Prezident saýlawlaryna barýar. Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna, öz ýurduna söýgüsinden, yhlasyndan kemal tapan ajaýyp döwürde Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçjekdigine we ýurdumyzy ösdürmegiň täze eýýamyna halkymyzyň uly ynam bilen gadam basjakdygyna şek-şübhe bolup bilmez.
Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».