Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy

Aşgabat, 2-nji mart (TDH). Şu gün Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan görkezilen resminamalara seredip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dokuz dalaşgäri bellige aldy. Olar:
Serdar Berdimuhamedow — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary (Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan hödürlenen);
Agajan Bekmyradow — Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary (Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan hödürlenen);
Perhat Begenjow — Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory (Lebap welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen);
Berdimämmet Gurbanow — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty (Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen);
Maksatmyrat Öwezgeldiýew — Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy (Ahal welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen);
Kakageldi Saryýew — Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory (Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen);
Babamyrat Meredow — “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan hödürlenen);
Hydyr Nunnaýew — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty (Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen);
Maksat Ödeşow — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy (Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen).
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler erkin we deňhukukly esasda hödürlenildi, hödürlemek hem-de bellige almak işi bolsa, milli kanunçylygyň talaplaryny berjaý etmek bilen, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirildi.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, möhletinden öň ses bermek, ilkinji nobatda, käbir sebäplere görä, 12-nji martda öz saýlaw uçastogyna gelip bilmejek raýatlar üçin guralýar. Sagat 8-den 18-e çenli ses bermek bolar.
Umuman, saýlaw möwsüminiň barşy barada aýtmak bilen, uçastok saýlaw toparlarynyň gyzgalaňly işini bellemek gerek. Bu toparlara zähmetkeşler toparlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň has mynasyp wekilleri girdi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlaw möwsüminiň hemme tapgyrlary hereket edýän milli kanunçylyga hem-de umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda öz wagtynda guraldy.
Ýurdumyzyň 2577 saýlaw uçastogynyň hemmesi doly taýýar. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 41-si saýlawçylara garaşýar.
Häzirki wagtda saýlawlaryň geçirilişine syn etmegi milli synçylardan başga-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan daşary ýurtly synçylar hem amala aşyrýar. Şu gün olar Aşgabat şäheriniň saýlaw uçastoklarynyň birnäçesine baryp görüp, saýlaw toparlarynyň işi, tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, toparlaryň usulyýet we düşündiriş berýän edebiýatlar bilen üpjün edilişi, saýlawçylaryň sanawynyň alnyp barlyşy bilen tanyşdylar hem-de möhletinden öň ses bermegiň barşyna syn etdiler. Olaryň hemmesine paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň saýlaw uçastoklaryna saýlawlaryň öň ýanynda, şeýle hem saýlaw gününde baryp görmäge mümkinçilik döredilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde. Häzirki wagtda her dalaşgäriň terjimehaly we maksatnamalaýyn çykyşy çap edilýär. Şeýle hem olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen duşuşyklaryň çäklerinde ýa-da saýlaw uçastoklarynda tanşyp bolýar. Ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere deň ýaýlym wagty berildi.
Şeýlelikde, şu gün badalga alan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek tapgyry bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýerlerde geçirmäge taýýarlygy tassyklaýar. Bu waka Türkmenistanyň täze taryhyna ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň maksatlaryna ygrarlydygynyň täze subutnamasy hökmünde girer.