Asylly ýörelgelerden ugur alyp

Häzirki döwürde ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň üstünlikli geçirilmegi we uly rowaçlyklara beslenmegi ugrunda edilýän tagallalar ählumumy häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, düýn ýurdumyzyň metjitlerinde sadakalar berlip, agzybirlikde juma namazy okaldy. Munuň özi halkymyzyň Diýarymyzda amala aşyrylýan asylly işlere dahylly bolmak ugrundaky gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, şu günler ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde giň möçberli işler alnyp barylýar. Ähli ýerde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine mynasyp görlen dalaşgärler bilen duşuşyklar geçirilýär. Saýlawçylar ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalary bilen tanyşýarlar. Oňa ýurdumyzyň saýlawçylarynyň agzybirlikde we işjeň gatnaşmagy jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini görkezýär.
Metjitlerde berlen sadakalarda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara eýerilip, aýat-töwir okalyp, ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşleriň gazanylmagy Beýik Biribardan dileg edildi. Munuň özi jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan möhüm çäreleriň milli däp-dessurlar bilen utgaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Bereketli desterhanlaryň başyna jem bolan adamlar parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty, asudalygyň, agzybirligiň we jebisligiň berkidilmegi ugrunda zerur tagallalary edýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Metjitlerde berlen sadaka çäreleri tamamlanandan soňra ähli metjitlerde juma namazy okalyp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, bereketli türkmen topragynda abadan we bagtyýar durmuşyň höküm sürmegi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän ähli asylly başlangyçlaryň üstünliklere beslenmegi dileg edildi.
(Ýörite habarçymyz).