Kitap ýazmak — döwlete gulluk etmegiň aýrylmaz bölegi

Döredijilik başarnygy maňa ata-babalarymdan galan miras bolsa gerek. Men mugallymlar maşgalasynda önüp-ösdüm, atam mugallym bolmak bilen, hekaýadyr goşgy ýazypdyr, soňra kakam hem mugallym bolup işledi we hekaýalary, goşgulary ýazdy. Siziň bilşiňiz ýaly, men hem köp ýyllaryň dowamynda mugallym bolup işledim. Belkem, şol sebäplidir, döredijilikde meniň zehinim doly derejede açyldy. Döredijiligiň, esasan-da, aýdym-saz ýazmagyň ylham berýändigini aýtmak isleýärin, ol durmuş işjeňligini döretmäge ýardam edýär.
Saz, goşgy döretmek, has takygy, esasy işimden daşgary gyzyklanma bildirýän sungatymdyr, ol iş-aladadan az-owlak ünsüňi sowmaga kömek edýär.
Kitap ýazmagy bolsa esasy işimiň, döwlete we halkyma gulluk etmegiň aýrylmaz, möhüm bölegi hasaplaýaryn. Döredijiligiň bu ugruna örän jogapkärli garaýaryn, galamy ele almazdan ozal, köp sanly maglumat çeşmelerini içgin öwrenýärin, arhiw maglumatlaryny alýaryn, hünärmenler bilen maslahatlaşýaryn.
Ýazýan eserlerimiň okyjylar köpçüligine gowuşýandygyna, diňe bir Türkmenistanda däl-de, başga ýurtlarda hem aýratyn ünsli seljerilýändigine düşünýärin. Bu öz ýazýan zadyňa ýokary derejede düşünmegi, jogapkärçiligi, oýlanyşykly döretmegi, maglumatlara daýanmagy talap edýär. Döredijiligiň bu görnüşinde ýokary derejäni saklap, peýda getirjekdigime umyt edýärin.
Hormatly Prezidentimiziň TASS agentliginiň sowallaryna beren jogabyndan.