Agramyna altyn berlen, Halal, türkmen alabaýy

Türkmen alabaýy we täze taryhy döwür: seneler, wakalar
Alabaý 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi nyşany hökmünde saýlanyp alyndy.
Hormatly Prezidentimiz köpasyrlyk türkmen-rus hoşniýetli dostlugynyň nyşany hökmünde 2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Soçi şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda rus kärdeşi Wladimir Putine Wepaly atly alabaýy, 2019-njy ýylyň maý aýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň şol wagtky Premýer-ministri Dmitriý Medwedewe alabaý güjügini, şeýle-de 2021-nji ýylyň maý aýynda ýurdumyza sapar bilen gelen RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Akdost atly türkmen alabaýyny sowgat berdi.
2018-nji ýylyň bosagasynda paýtagtymyzda türkmen alabaýynyň — Wepalynyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.
2019-njy ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby neşir edildi. Şol kitapda dörediji Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly goşgusy hem ýerleşdirildi.
2019-njy ýylyň sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy açyldy.
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk bölüminiň weterinar lukmançylygy kafedrasynda täze kinologiýa hünäri açyldy.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnaly hem döredildi.
2020-nji ýylda ýurdumyzyň itşynaslarynyň adyndan çäksiz hoşallygyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyza türkmen alabaýynyň saýlama tohumyndan bolan güjüjek sowgat berildi. Türkmen alabaýynyň gaýduwsyzlygynyň, edermenliginiň hem-de eýesine wepalylygynyň belent nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyz belent joşgunly, şahyrana duýgulary bilen:
Pälwansyň sen, alabaýym,
Edermensiň sen, alabaýym,
Gerek bolsa gerçeksiň sen, alabaýym,
Türkmen milletiniň buýsanjysyň sen, alabaýym! —
diýen dürdäne setirlerini bagyşlap, oňa Pälwan diýip at goýdy.
Milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy belleniler.
Türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmek hem-de halypalyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşýan itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy”, “Türkmenistanyň halk itşynasy” diýen hormatly atlar döredildi.
Şeýle-de alabaý itleriniň halkara gözellik bäsleşigi geçirilip, onuň netijesi boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen medal gowşurylýar.
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny üýtgedip guramak meselesi hem girizildi.
2020-nji ýylda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çägindäki tegelek görnüşli ýol çatrygynda “Türkmen alabaýy” atly heýkeliň açylyş dabarasy boldy. Alabaýyň şekiliniň beýikligi 6 metre barabardyr. Ol beýikligi 9 metre barabar bolan postamentde ornaşdyryldy. Şeýlelikde, diametri 36 metre barabar bolan meýdançada ýerleşen 15 metrlik heýkel ähli tarapdan we alyslardan oňat görünýär.
2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi, Ahal welaýatynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň, şeýle-de weterinar gullugyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin ýöriteleşdirilen toplumyň, Ahal welaýat Karantin merkeziniň ulanmaga berilmegi, Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda türkmen alabaý itleriniň merkezleriniň binalarynyň gurulmagy halkymyzyň milli baýlygy bolan alabaýlar baradaky yzygiderli aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalarynyň şu ýylyň ilkinji günlerinde dünýä inen alabaýa at dakyp bermek baradaky haýyşlaryny kabul edip, ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy.
«TÜRKMENISTAN».