Ýüregimde ebedilik aýdym sen, Waspyň sena boldy dillere, bedew!

Bedewli menzillere nazar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli ýyllarda döreden «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary atçylyk ulgamynda hünärmenleriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy, ençeme dillere terjime edildi. Milli Liderimiziň «Gadamy batly bedew» atly kitaby 30-njy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň «Kitap sungaty» halkara bäsleşiginiň Gran-pri baýragyna mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewlerimize “Bedew”, “Rowaç” atly aýdyma öwrülen ajaýyp goşgularyny bagyşlady.
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkunyň täzelenmegi hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi eziz Watanymyzda atçylyk sungatyny ösdürmäge goşant goşan buýsançly wakalardyr.
2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary türkmen bedewleriniň at-abraýyny dünýäde dabaralandyrýar. Bu topar abraýly halkara bäsleşikleriň we sirk sungaty festiwallarynyň baýraklaryna ençeme gezek mynasyp boldy.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi.
Atşynaslaryň zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy» hem-de «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar döredildi. Olar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň atşynaslaryna dakylýar.
2013-nji ýylyň 22-nji aprelinde Köpetdag bilen Arçabil şaýollarynyň çatrygynda «Polatly aýlaw», Köpetdag şaýolunyň ugrunda «Atly aýlaw» heýkel toplumlarynyň, paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen «Bedew» dükanynyň açylmagy buýsançly wakalaryň üstüni ýetirdi.
2014-nji ýylyň 26-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz ady rowaýata öwrülen Ýanardag atly bedewiň heýkeli oturdylan binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
2016-njy ýylyň 21-nji aprelinde milli Liderimiziň gatnaşmagynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda açyk manežiň, 22-nji aprelinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginde döwrebap Aba Annaýew obasynyň açylyş dabaralary boldy.
Ahalteke bedewiniň keşbi «Aşgabat 2017-niň» nyşany hökmünde bedew batly ösüşlerimizi alamatlandyrdy. Atly sportuň, ýagny konkuryň oýunlaryň sanawyna goşulmagy we türkmen türgenleriniň bu sport görnüşinde gazanan üstünlikleri ähli ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Aziada — 2017-niň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli Türkmenistanyň ähli welaýatlary boýunça 500 günlük atly ýöriş geçirildi.
2017-nji ýylyň 27-nji aprelinde döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda atçylyk sportuny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin Halkara atçylyk sporty federasiýasynyň (FEI) Kubogy, medaly we diplomy gowşuryldy.
2017-nji ýylyň 29-njy aprelinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Halkara karantin merkezi açyldy. Bu ýerde atlary saklamak we olara netijeli ideg etmek üçin oňaýly şertler döredildi.
Aşgabat Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek, arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen we atlar ösdürilip ýetişdirilende hem-de ulanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi hem-de Ylmy-önümçilik merkezi gurulýar.
2017-nji ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ýaş taýçanak dünýä indi. Hormatly Prezidentimiz ýagşy adata we ynama eýerip, oňa Ruhubelent diýen ady dakdy. 2019-njy ýylyň ilkinji günlerinde halkymyzyň asudalygyny goraýjylar bilen duşuşygynda Gahryman Arkadagymyza täze dünýä inen altyn öwüşginli taýçanagy görkezip, oňa mynasyp at dakmagy haýyş etdiler. Milli Liderimiz bu taýçanaga wagtyň, ömrüň, nesliň, ýurduň rowaçlygyny arzuw edip, Rowaç diýip at goýdy. 2021-nji ýylda — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanan ýylynyň Nowruzynda nurana taýçanak dünýä indi. Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bilen baglylykda, oňa Aşgabat diýip at goýmagy parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekanynyň, onuň merkezi şäheriniň bedew batly ösüşleriniň, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleriň nyşany boldy.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan şu ýylyň 18-nji ýanwarynda milli Liderimiz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine barýan pursadynda täze dünýä inen taýçanak bilen didarlaşyp, oňa ýylyň şygary bilen baglylykda Zaman diýip at goýdy.
2018-nji ýylda iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metri bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi başaran Akhanyň üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Bedew ata uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimize 2014-nji ýylda «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», 2015-nji ýylda «Türkmenistanyň halk atşynasy», 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakyldy.
Her ýyl ýurdumyzda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahat, dürli baýramçylyk at çapyşyklary, konkur, marafon ýaryşlary, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara bäsleşik, ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça bäsleşik geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabryndaky degişli Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň gurluşygy alnyp barylýar.
REDAKSIÝADAN: gutarnykly bolmadyk bu maglumatlardan görnüşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, tohum arassalygyny gorap saklamakda, atşynaslar üçin döwrebap şertleri döretmekde bitirilen we bitirilýän işler iňňän köpugurlydyr, giň gerimlidir. Bularyň ählisi döwrümiziň okgunly bedew badyny alamatlandyrýar.